Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

ÝHHG-nyň synçylary Türkmenistanda geçiriljek prezident saýlawlaryna gitmeýärler.

ÝHHG-nyň synçylary Türkmenistanda geçiriljek prezident saýlawlaryna gitmeýärler.

ÝHHG düýn 12-nji fewralda geçiriljek prezident saýlawlaryna synçy ibermejekdigini aýtdy.

2011-nji ýylyň dekabrynda ÝHHG-nyň wekilleri ýurtda saýlawlara nähili taýýarlyk görülýändigini we saýlawlara gatnaşsalar synçylaryň nähili mümkinçilikleriniň boljakdygyny görmek üçin Türkmenistana geldi. Gurama öz beýanatynda saýlawlara synçylaryň gatnaşmagynyň häzirki wagtda düýpli üýtgeşiklik döretmejekdigini aýtdy.

Şeýle-de bolsa, beýannamada türkmen häkimiýetleriniň gepleşikleri dowam etdirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini göz öňünde tutup, saýlawlaryň kanuny we administratiw taraplaryny has giňişleýin öwrenmek we käbir sebitlere baryp görmek üçin ýurda baha beriş missiýasynyň iberiljekdigi aýdylýar. ÝHHG Türkmenistanda saýlawlaryň demokratik geçirilmegi barada teklipler bermek isleýändigini mälim etdi. Ondan öň ÝHHG hiç wagt Türkmenistanda geçiriljek parlament we prezident saýlawlaryna synçy ibermedi.

http://rus.azattyq.org/content/news/24443574.html

Iň soňky habarlar

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanly bloger Umida Bekjanowa Türkiýeden deportasiýa edilmek howpy abanýar
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanly bloger Umida Bekjanowa Türkiýeden deportasiýa edilmek howpy abanýar
Azatlyk Radiosy:  Türkmenistanda 'gülençi' diýlip, türmä düşenleriň birnäçesiniň ykbaly belli boldy
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda 'gülençi' diýlip, türmä düşenleriň birnäçesiniň ykbaly belli boldy
Azatlyk Radiosy: Gazak azyjysy Muhtar Magauin ABŞ-da jaýlandy
Azatlyk Radiosy: Gazak azyjysy Muhtar Magauin ABŞ-da jaýlandy
"Вон отсюда, не умрешь!"/Sýurpriz - deportasiýa; türkmen zananlar...
"Вон отсюда, не умрешь!"/Sýurpriz - deportasiýa; türkmen zananlar...
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.