Demokratiýa görkezijisi: Türkmenistan ýene-de awtoritar döwlet hökmünde yglan edildi.
Iňlisleriň “The Economist” žurnalyny neşir edýän “The Economist Group”-yň bilermenleri tarapyndan düzülen deslapky Demokratiýa indeksi 2017 çap edildi.
Häzirki gözleg söz azatlygynyň berjaý edilmegine aýratyn üns berýär. Demokratiýa indeksi düzülip başlanyndan (2006) bäri 2017-nji ýylda esasy azatlyklaryň biri bolan metbugat azatlygynyň iň pes derejä ýetendigi bellendi we “söz azatlygyna çäklendirmeler ösen ýurtlarda-da giňden ýaýrady”. Bu görnüşde Türkmenistan iň erbedi diýlip ykrar edildi.
Reýting düzülende demokratiýanyň derejesi bäş görnüşe görä seljerilýär:
- saýlaw ulgamy we plýuralizm;
- hökümetiň işi;
- raýatlaryň syýasata gatnaşmagy;
- syýasy medeniýet;
- raýat azatlyklary.
10 ballyk sütünde baha berlen netijä görä dünýäniň 167 ýurdy dört topara bölünýär:
1) doly hukukly demokratiýalar;
2) "kemçilikleri bolan" demokratiýalar;
3) "gibrid" rejimler;
4) awtoritar rejimler;
Türkmenistan adatça awtoritar rejimler görnüşüne girýär (162-nji ýer). Mundan başga-da, SSSR-iň öňki respublikalarynyň arasynda Russiýa (135-nji ýer), Belarus (138-nji ýer), Azerbaýjan (148-nji ýer), Gazagystan (141-nji ýer), Özbegistan (158-nji) we Täjigistan (159-njy ýeri) alýar.
Reýtingde ilkinji bäşlige Norwegiýa, Islandiýa, Şwesiýa, Täze Zelandiýa we Daniýa girdi. Çad, Siriýa we Demirgazyk Koreýa 2017-nji ýyldaky demokratiýa indeksini jemledi.