Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Türkmenleriň awtotitar režimi zerarly horluk çekýändigi barada ýenede bir şaýatyň beren gürrüňi.

Türkmenleriň awtotitar režimi zerarly horluk çekýändigi barada ýenede bir şaýatyň beren gürrüňi.

Men Ahmet Rahmanow. Siziň bilen Türkmenistanly raýatlaryň daşary ýurtlarda türkmen hökümetiniň awtoritar režimi zerarly horluk çekýändigi baradaky pikirlerimi paýlaşmak isleýärin.

Häzirki wagtda men Türkiýe döwletinde ýaşaýan. Meniň zagran pasportymyň möhletli 2022-nji ýylyň dekabr aýynyň 31 - ne çenli uzaldylandygyny tassyklaýan möhür we QR kod bardy. 8-nji oktýabrda Türk hökümetinden ýaşamak üçin rugsatnama almak maksady bilen gerek bolan resminamalary Antaliýa şäheriniň migrasiýa bölümine tabşyrdym. Resminama kabul edilen ýerde maňa 2-3 günüň içinde jaň etjekdiklerine söz berdiler. Emma aradan 10 gün geçse-de jaň eden bolmady . 18-nji oktýabrda takmynan 11-ler töweregi meniň özüm Antaliýa şäheriniň migrasiýa bölümine gitdim. Meniň meseläm boýunça işiň dowamlylygy 15-20 minutdan ybarat bolsa-da, her hili bahanalar bilen 2 sagat güýmediler . Eger meniň tabşyran resminamalaryma red gelen ýagdaýynda hem 10 günüň içinde Türkiýe döwletiniň çäginden çykmalydygymy duýdurmalydyr. Ýagny 2 sagatlap saklamaklary mümkin däldi. Görüp otursam migrasiýa bölüminiň işgäri polisiýa habar berip, bilgeşleýin meniň resminamalarym meşgullanan bolup wagty çekýär eken.

Polisiýa işgärleri gelip, meni we bir sany Gyrgyzystanly zenan maşgalany alyp gitdiler . Beýle iş olaryň tejribelerinde ilkinji gezek bolmaga çemeli. Sebäbi tiz tizden bir ýerlere jaň edip, indiki etmeli işleri hakda görkezme alyp durýadylar.

Ilki bilen meni medisina barlagyna alyp gitdiler. Ten şikes barlagyndan geçirip, hiç hili urgy yzlarynyň ýada beýleki şikesleriň ýokdugyna göz ýetirip , polisiýa bölümine alyp gitdiler.

Ol ýerde menden wiza kadalarynyň şertlerini näme sebäpden bozanlygym hakda dil haty aldylar. Bu bolup geçýän hadysada, türkmen konsullygynyň möhleti dolan pasportymy täzelemek üçin hiç zat etmeýändigini düşündirdim. Diňe bir maňa däl, ähli Türkmenistanly raýatlara täzelenmeýär.

Türkmenistana gidip täzelemäne hem mümkinçilik ýokdy . Sebäbi pandemiýanyň güýjemegi netijesinde halkara uçuşlar ýapylyp, ýurdyň içinde karantin yglan edilipdi.

Polisiýa işgärleri meniň gürrüňimi eşidip haýran galdylar . Sebäbi beýleki ösen döwletlerde beýle kynçylyklaryň ýokdugyny gaty gowy bilýärdiler.

Agşam ara ýene bir gezek medisina barlagyndan geçirip, PSR test we barmak yzlarymy alandan soň, Antaliýa şäheriniň çetinde ýerleşýän deportasiýa merkezine alyp gitdiler . Meni ýerleşdiren otagy, Türkiýede okaýan talyplaryň umumy ýaşaýyş jaýyna meňzeşdi. Uly penjreli we daşy germewlidi . Her otagda köne motrasdyr ýassykly 3 sanydan 2 gatly krowat bardy . Senegal döwletiniň raýaty bilen bir otagda galdyrdylar. Ilkinji gije gaty sowuk boldy. Biz ýapynar ýaly ýorgan ýada odeal sorasakda bermediler. Şeýle hem aýalymyň yzymdan getiren azyk önümleri we ýyly eşiklerimi bermediler. Sebäbini soranymda maňa 2 hepdelik karantin yglan edendiklerini aýtdylar. Karantiniň dowamynda hiç kim bilen görüşmek , daşa çykmak we hossarlaryňdan zat almaklyk gadagandygyny düşündirdiler. Men hatda jaň etmek mümkinçiliginden mahrum edildim. Gezelenç her gün 15-20 minut aralygynda koridorda geçirilýärdi . Arassa howa çykaranokdylar .Siziň ünsüňizi bir zada çekmek isleýän. Polisiýa bölüminde tutulanlaryň ählisini getirdiler. Jemi 4 adam bolduk. Men we beýlekileriň biri Gyrgyzystanly, biri Özbegistanly, biride Senegal döwletinden. Olaryň üçüsi hem nelegal ýagdaýda ýaşapdyrlar. Bu güne çenli bir gezegem ýaşaýyş rugsatnamasyny almak üçin resminama tabşyrmandyrlar. Emma men olara seredende 2016 - njy ýyldan 2020 ýyla çenli kanuny ýagdaýda ýaşadym ahyryn. Türkiýe hökümetiniň kanunlaryna boýun egip , ýaşaýyş rugsatnamasy we zähmet wizasy bilen ýaşaýşym.

Bu zatlara seretmezden beýleki üçüsini ertesi gün boşatdylar. 2 günden soňra meni Stambul şäheriniň Tuzla diýen ýerinde ýerleşýän deportasiýa merkezine ugratdylar.

Meni ýene-de bir sany Türkmenistanyň raýaty bilen Stambula getirdiler. Gyzyklanyp görsem ony 6 aý mundan ozal tutan ekenler. 6 aýyň içinde 3 sany deportasiýa merkezinde bolup gören . Tuzlada, Bursada we Antaliýada.

7 sany žandarma işgäriniň goldawy bilen, mikro awtobusda, we aýratyn bir sany ýeňil awto ulagyň ýoldaşlygynda Tuzla getirdiler. Ýeňil awtoulagda takmynan 2 ýada 3 adam bardy. Biz 10 sagat töweregi ýolda bolduk. Şol wagtyň dowamynda 1 gezek pomidorly ,peýnirli sendwiç berdiler iýmäne. Bizi alyp barýan konwoýlar özlerini salyhatly alyp bardylar . Elimize gandal dakmadylar we " ýolda hokga çykarmaň " - diýip haýyş etdiler.

Daňdan sagat bäşler töweregi Tuzla deportasiýa merkezine getirdiler we daşarda sakladylar. Ýuka geýinendigimiz sebäpli biz gaty üşedik. "" Bizi içeri alyň. Biz üşeýäris" - diýen sözlerimiz hiç kimi gyzyklandyrmady.

Tertibe laýyklykda resminamalar doldurylyp, barmak yzlary alynandan soň bizi otaga ýerleşdirdiler. Otag diýenim aslynda demir konteýnerden ýasalyp biri biriniň üstünde goýulýan iki gatly wagonlardy . 2 -nji gata çykmak üçin ýörite basgançak ýasalan.

Bu konteýnerler ýörite ýaşaýyş şertleri üçin enjamlaşdyrylan. Içinde üçden dörtden 2 gatly krowatlar, bir çetinde duş, tuwalet, ortada elýuwar gurnalan . Daşarda futbol oýnamak üçin ýörite meýdança, dükan we 4 sany telefon awtomaty bar . Telefon awtomatyndan peýdalanmak üçin ýörite kartlar şol ýerdäki dükanda satylýar. Dükanyň söwda şertleri nagt we bank kartlaryndan hem hasaplaşýardy.

Tertip düzgüne žandarma gullugy seredýärdi. Olar ýokary tonlarda gürleşýäler . Hatda žandarma işgärleriniň güýç ulanandygy hakdaky gürrüňi eşitdik. Aýtmaklaryna görä Türkmenistanly raýatlar bilen bolan . Sebäbi türkmen tussaglar geljekgi ykbalynyň belli bolmaýanlygy üçin psihiki tarapdan gaharly adama öwrülýärdiler. Iň esasy zat gaýgysy olaryň azatlyga çykmagydy. Olaryň peýdasyna ýada garşysyna ediljek işlerden bihabarsyzlygy , olary hasam gaharlandyrýardy.

Deportasiýa merkezinde oturan Türkmenistanlylaryň aglaba bölegi düzüw, kanunalaýyk resminamalarynyň ýoklugy sebäpli, zagran pasportlarynyň möhleti gutaranlygy sebäpli otyrdylar . Başda belleýşim ýaly möhleti dolan zagran pasportlary çalyşmak mümkin däldi . Diňe galp ýol bilen konsullyk işgärine ýada ortada duran adama 3000 - 3500 amerikan dollaryny para berip Türkmenistana gidip şol ýerde zagran pasportlary täzeläp bolýardy . Köpler üçin bu kesgitlenen baha elýeterli däl elbetde. Ýagdaýy agyrlaşdyrýan ýene-de bir zady belläp geçsek , ol hem Türkmenistanda galan hojalygy eklemek türke gaýdan adamyň boýnunda bolup durýar . Eger işini ýada işlemek mümkinçiligini ýitirse , elbetde munuň täsiri Türkmenistanda galan hojalygyna ýetýär. Gün güzeran görmegi agyrlaşýar. Deportasiýa merkezine tussag edilen adamlaryň köpüsi Türkiýede ýaşap oturan kireýine tutma jaýyndan we işinden mahrum bolýar. Köp adamlaryň şahsy goşlary köçä zyňylan. Sebäbi yzynda eýeçilik eder ýaly tanyşlary bolmanlygy üçin.

Men bilen bir otagda oturan bir ýigit yzynda galan göwreli aýalyny we ýaş çagasyny gaýgy edýärdi. Görüp otursam onuň maşgalasy Stambul şäheriniň bidüzgünçilikde meşhur bolan raýonlarynyň birinde ýaşaýar eken.

Tussaglary saklaýyş şertleri şeýledi: günüň dowamynda gezelenç wagty 1 sagatdan geçenokdy . Ýagny her nahardan soň 20 minut çäklendirilen. Haçanda biziň sport meýdançamyzda haýsydyr bir çäre geçirilende, gezelenç wagtymyz has gysgaldylýardy. Esasan hem owganlary, eýranlylary, päkistanlylary, siriýalylary we yrakly tussaglary ugratmaly bolanda sport meýdançamyzda hatara goýýardylar. Ol milletleriň tussag meselesindäki soraglar Türkmenistanlara seredende gaty çalt çözülýärdi . Türkmen raýatlarynyň tussag we deportasiýa soraglarynyň bolmalysyndan has uzaga çekmegi, içinde oturan adamlary has hem gaharlandyrýardy . Merkeziň işgärler toplumy biziň ýagdaýymyza düşünýärdiler . Men deportasiýa merkezine gelen günüm 22-nji oktýabrda türkmenleriň meselesine çynlakaý serediljegini eşitdim. Hemmämiz sabyrsyzlyk bilen garaşýadyk. Emma 21 nji oktýabrda deportasiýa merkeziniň işgäri meseläni çözüp bolmaýandygyny mälim etdi. Bu habar türkmenistanlylarda has beter närazyçylyk we gaharjaňlyk duýgularyny oýandyrdy . Edil şol gün gezelençde türkmenler açlyk yglan etmeli diýen karara geldik. Şeýlelikde 22-nji oktýabr güni ähli türkmenler nahardan ýüz öwürdiler. Öz gezeginde merkeziň adminstrasiýasy şeýle duýduryş yglan etdi. " Eger yglan eden açlygyňyzy bes etmeseňiz gezelenje çykarmarys" - diýdi . Biziň bölümimizde gozgalaň turdy. Güýçli gykylyk möwj alyp , penjiräň daşyndaky germewler döwülip başlady. Bu ýagdaý uzaga çekdi . Adminstrasiýa gezelenç hakda eden gadagançylygyny aýyrdy. Muňa seretmezden gozgalaň köşeşmedi . Ondan soň deportasiýa merkeziniň ýolbaşçylary tussaglaryň içindäki wekiller bilen gürleşmäne razy boldular . 7 sany wekil çykdy . Gürrüňdeşlik deportasiýa merkeziniň dolandyryş bölüminde geçdi. Iň ýokary wezipeli başlyk 30-njy oktýabra çenli meseläni çözjekdigine we hut özi işiň gidişine gözegçilik etjekdigine söz berdi.

1 - nji noýabrda Mesele çözüldi. Ähli Türkmenistanlylar azatlyga goýberildi. Sebäbi Türkmenistana ýollar ýapykdy.

Şeýle bolsada , Türkmenistanlylaryň kanuny ýagdaýda Türkiýe döwletinde galmak hakda, ýüze çykýan soraglar entägem açyk ýagdaýda galýar .

Birinjiden: ýollar entägem ýapyk.

Ikinjiden; Türkmenistanyň ilçihanalary we konsullyklary raýatlary täze pasportlar bilen üpjin edenok we etmek islänok. Paspordyň möhletini uzaltmak üçin goýulýan möhürler meseläniň çözgüdi däldir. Soňky berilen 10 ýyllyk möhletli pasportlar güýjini ýitirmedik resminama hökmünde kabul edilenok. Edil şu sebäplere görä Türkmenistanlylaryň aglaba bölegi kanuny ýagdaýda işe girmek, medisina hyzmatlaryndan peýdalanmak mümkinçiliklerden mahrumdyrlar. Resmi Aşgabat daşary ýurtlarda galan öz watandaşlary üçin , keseki ýurtda ýaşaýyş şertlerini ýeňilleşdirmek üçin hiç zat edenok.

Ynsan hukuklary barada Türkmen Helsinki Fondy.

Iň soňky habarlar

Туркменистан - запрет на выезд/Türkmenistan - syýahat gadagançylygy
Туркменистан - запрет на выезд/Türkmenistan - syýahat gadagançylygy
Azatlyk Radiosy:Türkmen aktiwistiniň gyzy Aşgabadyň aeroportynda uçara goýberilmedi
Azatlyk Radiosy:Türkmen aktiwistiniň gyzy Aşgabadyň aeroportynda uçara goýberilmedi
Ýene-de hereket azatlygynyň çäklendirilmegi. Garyndaşlyga esaslanýan jezanyň türkmen görnüşi.
Ýene-de hereket azatlygynyň çäklendirilmegi. Garyndaşlyga esaslanýan jezanyň türkmen görnüşi.
Azatlyk Radiosy:Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirýär
Azatlyk Radiosy:Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana...
Syýasy tussag Jumasapar Dädebaýewiň saglyk ýagdaýy baradaky gapma-garşy maglumatlar
Syýasy tussag Jumasapar Dädebaýewiň saglyk ýagdaýy baradaky gapma-garşy maglumatlar