Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Türkiýedäki deportasiýa merkezlerinde türkmen aýal-gyzlaryň aýylganç ýagdaýy.

Türkiýedäki deportasiýa merkezlerinde türkmen aýal-gyzlaryň aýylganç ýagdaýy.

Soňky aýlarda THF Türkiýeden gelen migrant aýallardan onlarça ýüzlenme aldy. Bu ýüzlenmeler, Türkiýäniň deportasiýa merkezlerinde saklanýan türkmen aýal-gyzlarynyň agyr ýagdaýyny görkezýär, bu aladalary döredýär we Ankaranyň halkara adam hukuklary borçlaryny ýerine ýetirmändigine şaýatlyk edýär.

Olaryň birnäçesiniň hekaýalaryny size ýetirýäris. Aýallar Türkiýäniň we Türkmenistanyň häkimiýetlerine ýüz tutmak üçin synanyşýarlar, ýöne bu şowsuz bolýar. Howpsuzlyk sebäpli ýagdaý barada bize habar beren aýallaryň şahsy maglumatlary (talyplaryň biriniň adyny hasaba almazdan) çap edilmeýär.

Türkmenistandan gelen talyp: “Men-Salita, Türkmenistanyň Lebap welaýatyndan. Men 19 ýaşymda. Geçen ýyl Türkiýä okamaga geldim. Meniň okaýan uniwersitetim Zonguldak şäherinde - Stambuldan 7 sagatlyk uzaklykda ýerleşýär. Men dynç alyş wagtynda Stambula geldim. 2024-nji ýylyň 16-njy iýulynda resminamalary ýanym bilen alman dükana çykdym. Birden meni polisiýa saklady. Resminamalarymy görkezmegimi talap etdiler. Men talyp diýdim, ýanymda resminamalarym ýok, ýöne menin bilen geliň, öýe iki minutlyk pyýada - size görkezeýin. Ýa-da ulgamdaky maglumatlarymy barlaň.Olar hiç zat diýmän, meni ulaga mündürip, Stambulyň Çatalja etrabyndaky deportasiýa merkezine äkitdiler.

Merkeze gelenimizde, olara telefonda talyplyk şahadatnamamy görkezdim. Diýýärin: Öýümde hiç kim ýok, men ýeke ýaşaýaryn, açarlarym ýanymda, pasportymy we zatlarymy getirjek adam ýok. Meniň bilen geliň ýa-da gitmäge wagt beriň ... Ýöne hiç kim meni diňlänok, ne müdür, ne işgärler, hiç kim ... Men eýýäm bärde üç hepde bäri galýaryn. Men talyp, ýaşamak üçin talyp rugsadym bar, bikanun migrant däl. Müdüre ýüzlendim, ol maňa: “Eý, türkmen! Kellämi agyrtma. Ýogsam, seni Erzuruma ibererin (uzak welaýatda deportasiýa merkezi)” diýip, jogap berdi. Ine, ol maňa 6 aý tussaglykda saklamak bilen haýbat atdy. Näme üçin? Olar meni ýaşamak üçin ygtyýarnamam gutarýança bilgeşleýin sakladylar, soň bolsa bikanun migrant boldum. Bolýar, indi ... Eýýäm iki hepde bäri deportasiýa edilmegini soraýaryn... Ýene-de ret edýärler.”

Antalýadaky deportasiýa merkezinden getirilen başga bir türkmen aýal:

“Şeýle hem, gyz talyplary bu ýere (Çatalja) getirýärler. Talyp rugsady bar bolsa-da, bu ýerde saklanýarlar. Bu ýerde özbekler hem bar, kömek soraýarlar. Bu ýerde 800-den gowrak aýal bar, käbirleri has köp boldugyny aýdýarlar. Hroniki keselim bar, ýöne olar muny göz öňünde tutmaýarlar. Goşmaça resminamamda bu barada aýdylmadygyny aýtdylar. "

Aýallaryň Arnautda we Çataljada tussag edilmegiň şertleri baradaky hekaýalaryndan:

“Gaty gynandym, bärde (Türkiýedäki deportasiýa merkezlerinde) adamlary urup öldürýärler. Bizi bu ýere getirilmezden ozal Arnautda bolduk ... Polisiýa bizi daşarda saklady, ... bize seredýärdiler, eger kimdir birini... halamaýan bolsalar... ýenjýärdiler. Bu asla adaty zat däl.

Bir garry türkmen aýalynyň nädip ýenjilendigini öz gözlerim bilen gördüm. Biz hatara düzüldik ... Biziň zatlarymyz ýygnananda ... iki polisiýa zenany ol aýala bu goşlaryň hemmesini götermelidigini aýtdy. Ol gryžasynyň bardygyny, agyr agram göterip bilmejekdigini sypaýylyk bilen jogap berdi ... Birden polisiýa işgärleriniň biri ony aýaklary bilen depip başlady... Oňa: bize nädip beýle jogap berip bilersiň, buýurýan zadymyzy nädip etmeýärsiň?, häzir seni öldürerin we hiç kim maňa hiç zat diýip bilmez, sebäbi sen bikanun migrant. Ony kän depdiler. Men muny öz gözlerim bilen gördüm.”

“Eger biz nägilelik bildirsek, telefon etmek hukugymyzy ýatyrýarlar we ... bizi günortanlyk naharyna goýbermeýärler, diňe adamlary masgaralaýarlar. Hiç ýerde beýle zat ýok ... Çataljada bizden hemme zatlarymyz alyndy. Ýanymyz bilen hiç zat alyp bilmeýäris ... iň bärkisi dezodorant hem. Olar diňe bizi kemsidýärler. Biziň birimiz ölmänkäk bize kömek ediň. Bu ýerde bir gyzyň ýürek kemçiligi bar, tas ölýärdi, zordan dem alyp bilýär. Olar bolsa diňe oturyp, seredýärler ... Men özüm üç gezek hassahana bardym, sagdyn diýýärler, soň bolsa dermanlaryň sanawyny ýazyp berýärler!"

“... Her gün diýen ýaly psihologiki basyş astynda, adaty psihika bilen bu ýerden gitmek mümkinçiligi gaty az, bir göwreli özbek aýal öldi. Bejergi şu: diňe Aferin (parasetamolyň analogy) berýärler, diňe bu derman ähli keseller üçin ulanylýar.”

Merkezi Aziýadan başga bir gyz Çatalja deportasiýa merkezinde saklamagyň şertleri barada gürrüň berdi

“Kimdir biri bärik gelsin, kimdir biri (ýokardan gözegçi). Siliwridäki deport merkezinde ... gyzlar öz ýagdaýlaryny şikaýat etdiler, özlerine nähili (erbet) garalýandyklaryny... hemmesi ... boşadyldy.

... Bize hem kömek gerek. Polda, hajathanalaryň golaýynda ýerlerde ýatýarys, dem almak üçin howa ýok, ýatmaga ýer ýok, ýer ýeterlik däl ... Bir düşekde 3 adam nobat bilen uklaýar. Haýsy ýurtda beyle zatlara rugsat berilýär? Gyzgyn suw ýok, kofemizi sowuk suw bilen garyşdyrýarys! Suw ýeterlik däl: ýarym sagat şol ýerde duranymyzdan soň we diňe bir kürşge su alyp bolýar. Bir blokda şeýle şertlerde 200-300 adam bar.

Bize kömek ediň, bir zatlar ediň. Biz ... nägilelik bildirmekden gorkýarys. Jeza kameralary bar, ol ýerde elleri gandalda oturýarlar, adamy şol ýere iberýärler izolýasiýa edýärler we bir hepde aç saklaýarlar. We ... ol ýerde urýarlar. Ol gaty aýylganç ýer. Hukuklarymyzy gorasak, bizi jezalandyrýarlar, berk jezalandyrýarlar, ugradýarlar,ýeke adamlyk kamera ugradýarlar. Buňa erkeklerin hem güýji ýetmez... Bir jeset ol ýerden, gözümiziň öňünde çykaryldy.

Üç hepdäniň içinde bu ýerde iki aýalyň jesedini gördüm. Bir halta saldylar, boldy, zibil salan ýaly. Buny ... men düşündirip hem bilemok ... bize kömek ediň. Men ... meni hem şol ýere ibererler öýdüp gaty gorkýaryn ... Bu ýerden diri çykjagymy ýa çykmajagymy bilemok. Eger maňa bir zat bolsa, meniň egindeşlerimi halas ediň. Meniň sesim eşidilsin, sizden haýyş edýärin. Bu ýer türmeden has erbet ýer. Biz kime ýüz tutmalydygymyzy hem bilemzok ...” (aglaýar).

Bu neşir Türkiýedäki degişli guramalaryň ünsüni özüne çekip, sanalan meseleleri düzetmek üçin çäre görer diýip umyt edýäris. Türkmen konsullyk işgärleriniň, deportasiýa merkezlerindäki watandaşlarymyzyň siziň kömegiňize garaşýandyklaryna ünsi çekmek isleýäris.

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.

Iň soňky habarlar

Azatlyk Radiosy:  Türkmenistanda 'gülençi' diýlip, türmä düşenleriň birnäçesiniň ykbaly belli boldy
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda 'gülençi' diýlip, türmä düşenleriň birnäçesiniň ykbaly belli boldy
Azatlyk Radiosy: Gazak azyjysy Muhtar Magauin ABŞ-da jaýlandy
Azatlyk Radiosy: Gazak azyjysy Muhtar Magauin ABŞ-da jaýlandy
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara borçnamalaryny bozýar
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara...