Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

ADAM HUKUKLARYNYŇ ÄHLUMUMY JARNAMASY

ADAM HUKUKLARYNYŇ ÄHLUMUMY JARNAMASY

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1948-nji ýylyň 10-njy dekabryndaky 217 А (III) rezolýusiýasy

bilen kabul edildi we ykrar edildi

Giriş

Ynsan maşgalasynyň ähli agzalaryna mahsus mertebäniň hem-de deň we aýrylmaz hukuklarynyň ykrar edilmegi azatlygyň, adalatlylygyň we ählumumy parahatçylygyň esasy bolup durýanlygyny nazara alyp; we

adam hukuklarynyň äsgerilmezliginiň we ýigrenilmeginiň adamzat wyždanyny dergazap edýän wagşyçylykly hereketlere eltendigini we adamlaryň söz we ynam azatlygyna eýe boljak hem-de gorkudan we mätäçlikden azat boljak dünýäsiniň döredilmegi adamlaryň belent yhlasy hökmünde jar edilenligini nazara alyp; we

adamyň soňky serişdesi hökmünde zuluma we süteme garşy aýaga galmaga mejbur bolmazlygyny üpjün etmek maksady bilen, adam hukuklarynyň kanunyň häkimiýeti bilen goralmagynyň zerurlygyny nazara alyp, we

halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň ösmegine ýardam etmegiň zerurlygyny nazara alyp; we

Birleşen Milletleriň halklarynyň Tertipnamada adamyň esasy hukuklaryna, ynsan şahsyýetiniň mertebesine we gymmatlygyna hem-de erkekleriň we aýallaryň deňhukuklylygyna öz ynamyny tassyklanlygyny we azatlygyň has köp bolmagynda durmuş ösüşinde ilerlemä hem-de ýaşaýyş şertleriniň gowulanmagyna ýardam etmäge karar edenligini nazara alyp; we

agza döwletleriň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda adam hukuklarynyň we esasy azatlyklarynyň ählumumy hormatlanylmagyna we berjaý edilmegine ýardam bermäge borçlananlygyny nazara alyp; we

şu hukuklaryň we azatlyklaryň häsiýetine ählumumy düşünmekligiň şu borçnamany ýerine ýetirmek üçin ägirt uly ähmiýete eýedigini nazara alyp,

Baş Assambleýa

Adam hukuklary hakyndaky şu ählumumy Jarnamany ýerine ýetirmegi ähli halklaryň we ähli döwletleriň hyjuwynda bolan wezipe hökmünde yglan edýär, şunda her bir adam we jemgyýetiň her bir agzasy şu Jarnamany hemişe göz öňünde tutmak bilen, aň-bilim bermek we bilimi ösdürmek ýoly bilen şol hukuklaryň we azatlyklaryň hormatlanylmagyna ýardam etmäge çalyşmaly hem-de milli we halkara öňdebaryjy çäreler arkaly olaryň Guramanyň agza döwletleriniň arasynda bolşy ýaly, öz hukuk ygtyýarlarynyň çäklerindäki ýerlerdäki halklaryň arasynda hem ählumumy we netijeli ykrar edilmegini we amala aşyrylmagyny üpjün etmeli.

1-nji madda

Ähli adamlar mertebesi we hukuklary babatynda azat we deň bolup dogulýar. Olara aň we wyždan berlen we olar bir-biri babatynda doganlyk ruhunda hereket etmeli.

2-nji madda

Her bir adam şu Jarnama bilen yglan edilen ähli hukuklara we ähli azatlyklara rasasy, teniniň reňkine, jynsy, diline, dini, syýasy ýa beýleki ynam-ygtykatlaryna, milleti ýa-da sosial gelip çykyşyna, emläk, asyl babatdaky we beýleki ýagdaýlaryna garamazdan eýe bolmaly.

Mundan başga, adamyň degişli bolan ýurdunyň ýa-da sebitiniň garaşsyzdygyna, howandarlykdadygyna, öz-özüňi dolandyr- maýandygyna ýa bolmasa öz özygtyýarlylygynda başgaça bir görnüşde çäklendirilendigine garamazdan, ýurduň ýa sebitiň syýasy, hukuk ýa bolmasa halkara derejesine esaslanylyp, hiç hili tapawutlandyrmaly däldir.

3-nji madda

Her bir adamyň ýaşamaga, azatlyga we şahsy eldegrilmesizlige hukugy bar.

4-nji madda

Hiç kim gulçulykda ýa-da tabynlykda saklanylmaly däldir, gulçulyk we gul söwdasy olaryň ähli görnüşlerinde gadagan edilýär.

5-nji madda

Hiç kim gynamalara ýa-da rehimsiz, adamkärçiliksiz ýa-da mertebesini kemsidýän garaýşa we jeza sezewar edilmeli däldir.

6-njy madda

Her adamyň nirede bolýandygyna garamazdan, özüniň hukuk ukybynyň ykrar edilmegine hukugy bar.

7-nji madda

Ähli adamlar kanunyň öňünde deňdir we olaryň hiç hili tapawutsyz, kanunyň deň goragyna hukugy bar. Ähli adamlaryň şu Jarnamany bozýan haýsydyr bir kemsitmeden we şeýle kemsitmä haýsydyr bir öjükdirmeden deň goraga hukugy bar.

8-nji madda

Her bir adamyň özüne konstitusiýa ýa-da kanun tarapyndan berlen esasy hukuklary bozulan halatynda ygtyýarly milli kazyýetler tarapyndan öz hukuklarynyň netijeli dikeldilmegine hukugy bar.

9-njy madda

Hiç kim esassyz tussag edilmäge, saklanmaga ýa-da kowlup çykarylmaga sezewar edilip bilinmez.

10-njy madda

Her bir adamyň öz hukuklaryny we borçlaryny kesgitlemek üçin we özüne bildirilýän jenaýat aýyplanmagyň esaslydygyny anyklamak üçin öz işine adalatlylygyň ähli talaplaryny berjaý etmek bilen garaşsyz we tarapgöýsiz kazyýetiň doly deňlik esasynda aýan garalmagyna hukugy bar.

11-nji madda

1. Jenaýat etmekde aýyplanylýan her bir adamyň onuň günäkärligi oňa goranmagyň ähli mümkinçilikleri üpjün edilip geçirilýän açyk kazyýet seljerişi arkaly kanun bilen bellenilen tertipde anyklanylýança günäkär däl diýlip hasap edilmäge hukugy bar.

2. Hiç kime edilen wagtynda milli kanunlar ýa-da halkara hukugy boýunça jenaýat bolup durmaýan nähilidir bir etmiş ýa-da hereketsizlik edenligi esasynda jenaýat üçin ýa-da hereketsizlik üçin iş kesilip bilinmez. Şeýle hem jenaýat edilen wagtda ulanylmagy mümkin bolan jezadan has agyr jeza berlip bilinmez.

12-nji madda

Hiç kim öz şahsy we maşgala durmuşyna esassyz gatyşylmagyna, öz ýaşaýyş jaýynyň eldegrilmesizligine, öz hat- habarlarynyň syryna ýa-da öz namysyna we abraýyna esassyz hyýanat edilmegine sezewar edilip bilinmez. Her bir adamyň şeýle gatyşylmakdan ýa-da şeýle hyýanatlyklardan kanunyň goramagyna hukugy bar.

13-nji madda

1. Her bir adamyň her bir döwletiň çäklerinde erkin hereket etmäge we ýaşaýan ýerini saýlamaga hukugy bar.

2. Her bir adamyň islendik ýurdunda, şol sanda öz ýurdundan gitmäge we öz ýurduna gaýdyp gelmäge hukugy bar.

14-nji madda

1. Her bir adamyň yzarlamalardan beýleki ýurtlarda gaçybatalga gözlemäge we şol gaçybatalgadan peýdalanmaga hukugy bar.

2. Bu hukuk hakykatda syýasy bolmadyk jenaýat ýa bolmasa Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine ters gelýän etmişleri edendigi esasynda yzarlanylan halatda peýdalanylyp bilinmez.

15-nji madda

1.Her bir adamyň raýatlyga hukugy bar.

2. Hiç bir adam öz raýatlygyndan ýa-da öz raýatlygyny üýtgetmek hukugyndan esassyz mahrum edilip bilinmez.

16-njy madda

1. Kämillik ýaşyna ýeten erkekleriň we aýallaryň rasa, millet ýa din tapawudy boýunça hiç hili çäklendirmesiz nikalaşmaga we maşgala gurmaga hukugy bar. Olar nika baglaşylýan wagtynda, nikada durýan wagtynda we onuň bozulýan wagtynda deň hukuklardan peýdalanýarlar.

2. Nika diňe nikalaşýan taraplaryň ikisiniň-de erkin we doly razylygy bar mahaly baglaşylyp bilner.

3. Maşgala jemgyýetiň tebigy we esasy düzüm birligi bolup, jemgyýet we döwlet tarapyndan goralmagyna hukugy bar.

17-nji madda

1. Her bir adamyň ýekelikde bolşy ýaly, beýlekiler bilen bilelikde hem emläge eýelik etmäge hukugy bar.

2. Hiç kim öz emläginden esassyz mahrum edilmeli däl.

18-nji madda

Her bir adamyň pikir, wyždan we din azatlygyna hukugy bar; bu hukuk öz diniňi ýa-da ynam-ygtykatlary üýtgetmek azatlygyny we öz diniňe ýa ynam-ygtykatlaryňa ýekelikde bolşy ýaly, beýlekiler bilen bilelikde-de tälimde, ybadatda dini we dessur tertiplerini jemagat bolup ýa hususy tertipde ýerine ýetirmek arkaly uýmaklygy öz içine alýar.

19-njy madda

Her bir adamyň ynam-ygtykatlarynyň azatlygyna we olary erkin beýan etmekligine hukugy bar; bu hukuk öz ynam- ygtykatlaryna bökdençsiz eýermek azatlygyny we maglumatlary we pikirleri islendik serişdeler arkaly we döwlet serhetlerine garamazdan gözlemek, almak we ýaýratmak azatlygyny öz içine alýar.

20-nji madda

1. Her bir adamyň parahat ýygnaklara we birleşmelere gatnaşmaga hukugy bar.

2. Hiç kim nähilidir bir birleşmä girmäge mejbur edilip bilinmez.

21-nji madda

1. Her bir adamyň öz ýurduny dolandyrmaga gönüden-göni ýa bolmasa erkin saýlanan wekilleriň üsti bilen gatnaşmaga hukugy bar.

2. Her bir adamyň öz ýurdunda döwlet gullugynyň elýeterliligine hukugy bar.

3. Halkyň erk-islegi hökümetiň häkimiýetiniň esasy bolmaly; şol erk-isleg döwürleýin we galplaşdyrylmadyk saýlawlarda öz beýanyny tapmaly, olar ählumumy we deň saýlaw hukugynyň bolmagynda, gizlin ses bermek arkaly ýa bolmasa ses bermegiň azatlygyny üpjün edýän beýleki deň görnüşler arkaly geçirilmeli.

22-nji madda

Her bir adamyň jemgyýetiň agzasy hökmünde durmuş üpjünçiligine we ykdysady, durmuş we medeni ugurlarda milli tagallalar we halkara hyzmatdaşlygy arkaly we her bir döwletiň gurluşyna we serişdelerine laýyklykda öz mertebesiniň saklanylmagy üçin hem-de öz şahsyýetiniň erkin ösmegi üçin zerur hukuklarynyň amala aşyrylmagyna hukugy bar.

23-nji madda

1. Her bir adamyň zähmete, işi erkin saýlap almaga, adalatly we amatly zähmet şertlerine we işsizlikden goralmaga hukugy bardyr.

2. Her bir adamyň haýsydyr bir kemsitmesiz, deň zähmet üçin deň tölege hukugy bar.

3. Her bir işleýäniň onuň özi we onuň maşgalasy üçin adama mynasyp güzerany üpjün edýän we zerur mahaly durmuş üpjünçiliginiň beýleki serişdeleri bilen üsti ýetirilýän adalatly we kanagatlanarly tölege hukugy bar.

4. Her bir adamyň öz bähbitlerini goramak üçin kärdeşler arkalaşyklaryny döretmäge we kärdeşler arkalaşyklaryna girmäge hukugy bar.

24-nji madda

1. Her bir adamyň dynç almaga we iş-aladalardan boş bolmaga, şol sanda iş wagtynyň paýhasa laýyk çäklendirilmegine we hak tölenilýän döwürleýin rugsada hukugy bar.

25-nji madda

1. Her bir adamyň özüniň we maşgalasynyň saglygyny we hal- ýagdaýyny saklamak üçin zerur bolan ýaşaýyş derejesine, şol sanda iýmite, egin-eşige, ýaşaýyş ýerine, saglygy goraýyş idegine hukugy, işsizlik, kesel, maýyplyk, dul galmak, garramak halatda ýa-da güzeran çeşmesini özüne bagly bolmadyk ýagdaýlar sebäpli ýitirmegiň beýleki halatlarynda üpjünçilige hukugy bar.

2. Enelik we bäbeklik aýratyn howandarlyga we kömege hukuk berýär. Nikada ýa-da nikadan daşary doglan ähli çagalar birmeňzeş durmuş goragyndan peýdalanmaly.

26-njy madda

1. Her bir adamyň bilime hukugy bar. Bilim iň bolmanda başlangyç we umumy bilim babatda mugt bolmaly. Başlangyç bilim hökmany bolmaly. Tehniki we hünär bilimi umumylykda elýeter bolmaly we ýokary bilim her bir adamyň ukyplary esasynda hemmeler üçin deň derejede elýeter bolmaly.

2. Bilim adamyň şahsyýetiniň doly ösmegine we adamyň hukuklaryna we esasy azatlyklaryna hormatyň artmagyna gönükdirilen bolmaly. Bilim ähli halklaryň, rasa we dini toparlaryň arasynda özara düşünişmäge, geçirimlilige we dostluga ýardam etmeli we Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylygy goldamak baradaky işine ýardam bermeli.

3. Ata-eneleriň öz kiçi ýaşly çagalary üçin bilimiň görnüşini saýlap almakda artykmaç hukugy bar.

27-nji madda

1. Her bir adamyň jemgyýetiň medeni durmuşyna erkin gatnaşmaga, sungatyň eşretlerini görmäge, ylmy ösüşe erkin gatnaşmaga we onuň eşretlerinden peýdalanmaga hukugy bar.

2. Her bir adamyň özi döredijisi bolan ylmy, edebi ýa-da çeperçilik eserleriniň netijesi bolup durýan öz ahlak we maddy bähbitleriniň goralmagyna hukugy bar.

28-nji madda

Her bir adamyň şu Jarnamada beýan edilen hukuklar we azatlyklar doly amala aşyrylyp bilner ýaly durmuş we halkara tertibine hukugy bar.

29-njy madda

1. Her bir adamyň jemgyýetiň öňünde borçlary bar, onuň şahsyýetiniň erkin we doly ösmegi diňe şol jemgyýetde mümkin.

2. Öz hukuklaryny we azatlyklaryny amala aşyran mahaly her bir adam kanun arkaly diňe beýlekileriň hukuklarynyň we azatlyklarynyň geregiçe ykrar edilmegini we hormatlanylmagyny hem-de demokratik jemgyýetde ahlagyň, jemgyýetçilik tertibiniň we umumy abadançylygyň adalatly talaplarynyň kanagatlandyryl- magyny üpjün etmek maksady bilen bellenilen çäklendirmelere sezewar edilmeli.

3. Bu hukuklaryň we azatlyklaryň amala aşyrylmagy hiç bir halatda Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine ters gelmeli däl.

30-njy madda

Şu Jarnamada hiç bir zat haýsydyr bir döwlete, adamlaryň toparyna ýa-da aýry-aýry adamlara şu Jarnamada beýan edilen hukuklary we azatlyklary ýok etmäge gönükdirilen iş bilen meşgullanmaga ýa-da hereketleri amala aşyrmaga hukugyň berilmegi hökmünde düşündirilmeli däl.

Iň soňky habarlar

«Хроника Туркменистана»:“Ачилова: остался ли хоть один аксакал, способный выйти вперед?“
«Хроника Туркменистана»:“Ачилова: остался ли хоть один аксакал, способный выйти вперед?“
Ölüm bilen gutaran wakadan  1,5 ýyl soň, ýaş gyzyň maşgalasy türkmen Ombudsmeninden jogap aldy.
Ölüm bilen gutaran wakadan 1,5 ýyl soň, ýaş gyzyň maşgalasy türkmen Ombudsmeninden jogap aldy.
С. Нуримбетова продолжит учебу в Турции/Aktiwistiň gyzy Türkmenistandan çykyp bildi.
С. Нуримбетова продолжит учебу в Турции/Aktiwistiň gyzy Türkmenistandan çykyp bildi.
Azatlyk Radiosy: Türkmen aktiwistiniň gyzy Sadokat Nurimbetowa Türkmenistandan çykmaga rugsat berildi – THF
Azatlyk Radiosy: Türkmen aktiwistiniň gyzy Sadokat Nurimbetowa Türkmenistandan çykmaga rugsat...
Aktiwist Hamida Babajanowanyň gyzyna Stambulda okamak üçin Türkmenistandan gitmäge rugsat berildi.
Aktiwist Hamida Babajanowanyň gyzyna Stambulda okamak üçin Türkmenistandan gitmäge rugsat berildi.