Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Ankara kazyýeti Abdulla Oru¬sowa halkara gorag berilmezlik baradaky karary tassyk etdi.

Ankara kazyýeti Abdulla Oru¬sowa halkara gorag berilmezlik baradaky karary tassyk etdi.

2025/1990 sanly iş boýunça 23 oktýabrda (Ankara, Türkiýe) geçirilen Administratiw kazyýet diňlenşigi, Abdulla Oru­sowa halkara gorag berilmezligi baradaky karary tassyklady. Bu karar gutarnykly bolup, şikaýat etmäge degişli däldir.

я

ь

г

Kazyýet düzümi — A. Sahatowyň işi boýunça çykaran kararda bolşy ýaly — «Türkiýe “geografiki çäklendirme” girizendir we diňe Ýewropa ýurtlaryndan gelen adamlary bosgun hökmünde ykrar edýär. Türkmenistandan gelen ýüz tutujylar, şol sanda dawaçy ýaly, bosgun derejesini alyp bilmeýär. Olara diňe şertli bosgunçylyk ýa-da goşmaça gorag berlip bilner» diýip belläp geçdi.

Kazyýetiň maglumatyna görä, Migrasiýa gullugynyň baha bermegine salgylanyp: «Dawaçy halkara gorag standartlaryna laýyk gelmeýär, sebäbi onuň beýanlary ýeterlik derejede ynandyryjy däldir.» Kazyýet şeýle hem nygtaýar: «Dawaçynyň howp-hatar barada eden beýanlary diňe onuň şahsy aýdýanlaryna esaslanýar.»

Kazyýet, halkara goragynyň daşary ýurtlylaryň ykdysady sebäpler boýunça ýurtda galmagyna; olaryň hukuk ýagdaýyny üýtgetmegine; ýa-da migrasiýa düzgünlerini bozup geçmegine mümkinçilik berýän mehanizm däldigini aýratyn belläp: «Halkara goragy kanunda göz öňünde tutulmadyk sebäpler boýunça ýurtda galmagyň serişdesi hökmünde garalyp bilinmez» diýip karara geldi.

Karara kazyýetiň başlygy we iki agzasy gol çekdi. Şonuň bilen birlikde kazy agzalarynyň biri — Gülhan Arslan Güngör — aýratyn pikirini beýan edip: «Migrasiýa gullugynyň kararynyň kanuny däldigine ynanýaryn; … dawaça howp abanýar; … oňa gorag berilmeli; … ret kararyna razy däl» diýip ýazdy.

Adam hukuklary Türkmen Helsinki Gaznasy.