Halkara saglyk hünärmenleri türkmen hökümetini ilata lukmançylyk kömegini gowulandyrmaga çagyrdy.
Londonyň arassaçylyk we tropiki lukmançylyk mekdebiniň hünärmenleriniň hasabatynda soňky ýyllarda Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynyň ep-esli gowşandygy aýdylýar. Bu ýurtda ortaça ömrüň dowamlylygy Merkezi Aziýada we Ýewropada iň pes.
Şeýle hem inçekeseliň ýokary derejesini görkezýär. Mundan başga-da, türkmen häkimiýetleri ýurtda immunitet ýetmezçiligi wirusy bilen ýokaşma ýagdaýynyň ýokdugyny öňe sürseler-de, resmi däl çeşmeler müňlerçe AIW ýokaşandygyny habar berýär.
Prezident Saparmyrat Nyýazow, Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda ýerleşýän klinikalardan başga ähli hassahanalary ýapmagy buýurdy. Medisina uniwersitetleriniň hemmesi diýen ýaly işini bes etdi, netijede ýurtda täze lukmanlary we şepagat uýalaryny taýýarlamak düýpgöter bes edildi. Mundan başga-da, prezident mugt lukmançylyk kömegini ýatyrdy we bir günüň içinde 15 müň lukmany azaltdy we olaryň ýerine harby gullukçylar çagyryldy.
Hasabatyň awtorlaryndan Bernd Reçel: "Adamlaryň ne diagnoz, ne-de bejergi mümkinçiligi ýok. Döwlet syýasaty diňe ýagdaýy erbetleşdirýär" -diýdi. Onuň sözlerine görä, Türkmenistanda keseliň öňüni almak boýunça resmi maksatnama ýok. Hökümet ýaşlaryň janyna kast etmek we jelepçilik derejesine gaty uly täsir edýän neşe serişdeleriniň köpelmegine göz ýumýar.
Alymlaryň pikiriçe, ilatyň lukmançylyk kömegini almak üçin halkara jemgyýetçiligi derrew Türkmenistan hökümetine täsir etmelidir.
Boris Niwkin.
"Lukmançylyk gazet"