Türkmenistanyň häkimiýetleri soňky birnäçe ýylyň dowamynda döwlet we ýerli dolandyryş edaralarynda ýokary bilimli hem-de hünärli işgärleriň ýetmezçiliginiň bardygyny ykrar etmekden ýüz öwürýärler. Bu meseläni düýpli we ulgamlaýyn çözmegiň deregine, olar boş iş orunlaryna ýokary bilimi bolmadyk, hünär derejesi pes ýa-da ýolbaşçylyk we dolandyryş işlerini ýerine ýetirmäge düýbünden ukypsyz adamlary belleýärler.
Ýerlerden gelip gowuşýan maglumatlara görä, hünär derejesi pes bolan, bu işgärler özleriniň gös-göni wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirip bilmeýärler we kabul edýän kararlary üçin hiç hili jogapkärçilik çekmeýärler. Netijede, olaryň işi ilatyň gerdeninde agyr ýüke öwrülýär. Ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, ýerli wezipeli adamlar indi raýatlara islendik meseläniň diňe parahorçylyk we bikanun tölegler arkaly çözülýändigini aç-açan aýdyp başlapdyrlar.
Ykdysady kynçylyklar eýýäm raýatlaryň gerdenine agyr ýük bolup düşýär. Emma Türkmenistanyň welaýatlarynda we oba ýerlerinde ýaşaýan adamlar mundan-da güýçli basyşlara sezewar bolýarlar. Ýerli ýolbaşçylar we häkimiýet wekilleri raýatlary kemsidýärler, olaryň mertebesini peseldýärler we iş otaglarynda aç-açan: «Pul bermeseň, meseläň çözülmez» diýip aýdýarlar. Şondan soň bolsa kömek sorap gelen adamlary hiç hili netije gazandyrmazdan gapydan kowup çykarýarlar.
Şeýle eden-etdiligiň aýdyň mysallarynyň biri hökmünde Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Nurulla Açylow adyndaky geňeşligini görkezmek bolar.
Ýerli ýaşaýjylaryň habar bermegine görä, geňeşligiň ýolbaşçysy Şemşat Egemberdiýewa we onuň ýolbaşçylygynda işleýän zenan kätibi raýatlardan yzygiderli pul talap edýärler.
Zerur resminamalary bermek, wagtlaýyn ýaşaýan ýeri boýunça hasapdan çykarmak we gaýtadan ýaşaýyş ýeri boýunça bellige almak üçin, hatda ýüz tutýan adam şol geňeşligiň ýerli ýaşaýjysy bolan ýagdaýynda-da, 800 manatdan 1500 manada çenli pul talap edilýär.
Ýerli ýaşaýjylaryň nygtamagyna görä, talap edilýän pul möçberi ýolbaşça gowşurylan badyna, ähli zerur resminamalar hiç hili päsgelçiliksiz resmileşdirilýär.
Şeýle kemsidiji we parahorçylyga esaslanýan ulgam bilen, esasan hem, harby gullugyny tamamlap öýlerine dolanýan ýa-da Aşgabatdaky ýokary okuw mekdeplerini gutaryp dogduk obalaryna gaýdyp gelýän ýaşlar ýüzbe-ýüz bolýarlar. Olara kömek bermegiň deregine, emeli usulda döredilen býurokratik päsgelçilikleri we parahorçylyk talaplaryny ýeňip geçmek üçin aýlap, käte bolsa ýyllap garaşmaga mejbur edýärler.
Ýene-de şol etrabyň «Hajyýew» we «Amyderýa» daýhan birleşikleriniň ýaşaýjylary hem şuňa meňzeş gödek hukuk bozulmalarynyň we çydap bolmajak ýaşaýyş şertleriniň bardygyny tassyklaýarlar. Olaryň aýtmagyna görä, bu ýagdaýlary köpçülige mälim etmekden başga alaçlary galmandyr.
Öz meseleleriniň adalatly çözülmegini talap edýän raýatlar, ýerli hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryndan hiç hili kömek alyp bilmeýärler. Gaýtam, olar haýbat atmalara, psihologik basyşlara we gorkuzmalara sezewar bolýarlar.
Şikaýat bilen ýüz tutýan adamlara arza ýazmaga ýa-da wezipeli adamlaryň bikanun hereketlerinden şikaýat etmäge edilen synanyşygyň, hut özleriniň garşysyna jenaýat işini gozgamak üçin esas hökmünde ulanljakdyklaryny aç-açan aýdýarlar.
Başgaça aýdylanda, ýerli häkimiýet wekilleri öz şahsy bähbitlerini gorap, biri-birleriniň bikanun hereketleriniň üstüni basyrýarlar we birek-biregi jogapkärçilikden goraýarlar.
Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Gaznasy