Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

KOWID19 babatynda Merkezi Aziýa döwletleriniň azyk gytçylyk howpsuzlygy.

KOWID19 babatynda Merkezi Aziýa döwletleriniň azyk gytçylyk howpsuzlygy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleri bilen COVID-19 babatynda azyk ýetmezçilik howpynyň döremegi barada maslahat geçirdi.

30-njy iýunda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýkl Pompeo Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleri bilen pandemiýanyň güýjemegi zerarly, sebitleýin azyk howpsuzlygyny üpjün etmek meselesini ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada TASS ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat gullugyna salgylanýar.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri bilen bilelikde C5 + 1 formatda ýokary derejeli wirtual gepleşiklere gatnaşdy.

Pompeo, ABŞ-nyň Owganystandaky parahatçylygy, sebitleýin gatnaşyklary we söwdany ösdürmek ýaly umumy howpsuzlyk bähbitleri üçin bu diplomatik platforma amatlydygyny tassyklady. Pompeo, şeýle hem ABŞ-nyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we territorial bitewiligini goldaýandygyny mälim etdi. Pandemiýa wagtynda sebitleýin azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ABŞ-nyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ykdysady durnuklylygy we aragatnaşygy gurmak ugrundaky edýän tagallalaryny belläp geçdi.

Bu aralykda, Türkmen Daşary işler ministrligi "ara alyp maslahatlaşmagyň esasy temasy Owganystandaky ýagdaýy çözmek we dürli pudaklarda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin bilelikdäki mehanizmleri ösdürmek bolup durýar " diýip Türkmenistanyň daşary işleri ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň pozisiýasynyOwganystan meselesinde beýan etdi .

"Duşuşygyň dowamynda taraplar saglygy goraýyş, energiýa, ulag, daşky gurşawy goramak pudagyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek barada pikir alyşdylar" -diýip ýurduň daşary gatnaşyklar gullugy belleýär.

www.tass.ru

Iň soňky habarlar

Azatlyk Radiosy   „Azatlygyň öňki habarçysy Allaşow Daşoguzda tussag edildi“
Azatlyk Radiosy „Azatlygyň öňki habarçysy Allaşow Daşoguzda tussag edildi“
Параллельная конференция гражданского общества ОБСЕ 2023 г. в Северной Македонии, г. Скопье
Параллельная конференция гражданского общества ОБСЕ 2023 г. в Северной Македонии, г. Скопье
Azatlyk Radiosy   „Belli hukuk goraýjy Täjigül Begmedowa Türkiýeden deport edildi“
Azatlyk Radiosy „Belli hukuk goraýjy Täjigül Begmedowa Türkiýeden deport edildi“
YNSAN HAKLARYNY GORAÝJY TÄJIGÜL BEGMEDOWA TÜRKIÝEDEN DEPORT EDILDI. OŇA 5 ÝYL TÜRKIÝÄ GIRIŞI GADAGAN.
YNSAN HAKLARYNY GORAÝJY TÄJIGÜL BEGMEDOWA TÜRKIÝEDEN DEPORT EDILDI. OŇA 5 ÝYL TÜRKIÝÄ GIRIŞI...
Türkmenistanyň gümrükhanasy nämä "rugsat" berýär?/На что дает "добро" туркменская таможня.
Türkmenistanyň gümrükhanasy nämä "rugsat" berýär?/На что дает "добро" туркменская таможня.