Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Açlyk sebäpli jana kast etmek.

Açlyk sebäpli jana kast etmek.

Maşgalasyny eklemäge ýagdaýy bolmadyk bir adam Türkmenistanda öz janyna kast etdi.

4-nji iýulda Lebap daýhan birleşiginiň Bereketli obasynda üç çaganyň kakasy bolan 36 ýaşly bir adam öz janyna kast etdi. “Hronika Turkmenistana” habarçylarynyň habar bermegine görä, janyna kast etmeginiň sebäbi işsizligi we maşgalasyny ekläp bilmezligi sebäpli bolupdyr. Bu waka bolmazdan takmynan iki aý ozal şol obada başgada bir adam edil şeýle sebäplere görä bir ýaş ýigit hem özüni asdy. Geçen ýyl 29-njy ýerli mekdebi gutaran okuwçy hem öz janyna kast etdi.

Janyna kast etmek köplenç Saýat etrabynyň beýleki obalarynda we tutuş Lebap welaýatynyň çäklerinde ýygy-ýygydan bolup durýar. Döwlet tarapyndan gözegçilik edilýän bugdaý we pagta öndürmek bilen meşgullanýan obada ýaşaýan maşgalalaryna girdeji getirmeýär. Baglarynda ösdürilip ýetişdirilýän zatlar diňe satmak üçin däl-de, hatda özleri iýmäne hem doly ýeterlik däl. Häkimiýetler ýaşaýjylaryň problemalaryna üns bermeýärler. Oba kethudalary, aksakallar soňky döwürde janyna kast edýänleriň sanynyň artýanlygy barada alada bildirmeýärler. Jaý gurmak üçin ýer uçastoklary uzak wagtlap berilmedi, şonuň üçin birnäçe garyndaş maşgalasy bir öýde ýaşamaga mejbur bolýarlar. Bu dawa-jenjellere we maşgala agzalalygynyň döremegine köplenç sebäp bolýar. Her kim kyn durmuşyň şertleri bilen, geljegiň ýoklugy sebäpli, daşary ýurda çykmak mümkinçiligiň gaty kyn bolmagy we gytçylygyň ýetirýän ezýetine her kim çydap bilmez. 10-njy iýulda türkmen nýus habarçylary umytsyzlykdan ýoluň ortasynda oturan bir aýalyň wakasyny gürrüň berdi. Ol işsizlikden, ýaşamak üçin jaýynyň we puluň ýoklugyndan naýynjar ýagdaýda zeýrendi.

Aýal bir çagasyny ýitirendigini, indi bolsa ikinji çagasyny hem ýitirmek howpunyň bardygyny aýtdy. Şu wagt çagam dümewläp ýatyr, gyzgyny galdy, gusýar. Derman satyn almak üçin pul ýok. Özünede , adamsynada, işlemäne iş ýok.

Хроника Туркменистана

Iň soňky habarlar

«Хроника Туркменистана»:“Ачилова: остался ли хоть один аксакал, способный выйти вперед?“
«Хроника Туркменистана»:“Ачилова: остался ли хоть один аксакал, способный выйти вперед?“
Ölüm bilen gutaran wakadan  1,5 ýyl soň, ýaş gyzyň maşgalasy türkmen Ombudsmeninden jogap aldy.
Ölüm bilen gutaran wakadan 1,5 ýyl soň, ýaş gyzyň maşgalasy türkmen Ombudsmeninden jogap aldy.
С. Нуримбетова продолжит учебу в Турции/Aktiwistiň gyzy Türkmenistandan çykyp bildi.
С. Нуримбетова продолжит учебу в Турции/Aktiwistiň gyzy Türkmenistandan çykyp bildi.
Azatlyk Radiosy: Türkmen aktiwistiniň gyzy Sadokat Nurimbetowa Türkmenistandan çykmaga rugsat berildi – THF
Azatlyk Radiosy: Türkmen aktiwistiniň gyzy Sadokat Nurimbetowa Türkmenistandan çykmaga rugsat...
Aktiwist Hamida Babajanowanyň gyzyna Stambulda okamak üçin Türkmenistandan gitmäge rugsat berildi.
Aktiwist Hamida Babajanowanyň gyzyna Stambulda okamak üçin Türkmenistandan gitmäge rugsat berildi.