Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Türkmenistanyň hökümetiniň dykgatyna DSG guramasyndan teklipler.

Türkmenistanyň hökümetiniň dykgatyna DSG guramasyndan teklipler.

DSG: Türkmenistanyň hökümetine ýurtda koronowirus hassalygy bar ýaly özlerini alyp barmalydyr diýip Dünýä saglyk guramasynyň ekspertleri 15-nji iýulda bellediler.

6 - njy iýulda žurnalistler üçin öz işleriniň netijeleri hakynda ýörite brifing geçirdiler. Ýörite missiýanyň baştutany Katrin Smolwud türkmen hökümetiniň koronawirusyň Türkmenistana aralaşmažlygy üçin edýän tagallaryny DSG goldaýandygyny aýan etdi. Şeýle hem türkmen hökümetine ilata haýal etmän koronawirusyň häsiýetleri we onuň öňüni almak babatynda edilmeli çäreleriň aýratynlyklary barada, epidemologik ýagdaýy, alynmaly sanjymlar barada habar berilmeli diýdi.

Ýurdyň içinde KOWID-19 hassalygy tapyldymy diýlen soraga jogap berilmedi.

DSG - nyň uzak wagtlap Türkmenistana gelip bilmändigini, logistik sebäpler bilen bagly diýip gürrüň berdiler. Emma türkmen hökümetiniň tagallasy netijesinde iş saparymyz amala aşdy diýip belledi.( Biraz wagtdan soňra žurnalistleriň soraglaryna jogap berýän mahaly, howwa ýollarynyň ýapylyp, döwletara problemalaryň ýüze çykandygyny anyklanda, Dünýä saglyk guramasynyň gelmegine Türkmenistanyň hökümetiniň hiç hili goşandynyň ýokdugy ýüze çykdy.

DSG-nyň işgärleri Türkmenistanda iş sapary mahalynda hassahanalary, laboratoriýalary, şeýle hem serhet ýaka etraplary baryp gördüler.

Olar Türkmenistanyň saglygy goraýyş işgärleri bilen ýokanç hassalygyň aralaşmagynyň öňüni almak we oňa garşy durmak çäreleriň üstünde ykjam işlediler.

Öz gezeginde Türkmenistanyň hökümeti howpuň derejesine goz ýetirip, ýurduň içine aralaşmazlygy üçin uly depginde çäreleriň geçirýändigini belledi. Etrap we welaýatlaryň arasyndaky awtobus we demirýol otlusy arkaly gatnawyň togtadylandygy, örtük (maska) dakmak we köpçülikleýin ýerlerde araçäk saklamak barada kanun girizilendigini aýtdy. Türkmenistanyň hökümeti koronawirus we onuň öňüni almak babatynda ýörite ştab döretdi.

DSG-nyň iş saparynyyň netijesi : türkmen hökümeti eýýäm koronawirus eýýäm ýurda aralaşan ýaly depginde iş alyp barmalydyr. Öýken keseli bilen dümewlän hassalary tapyp, olary beýleki adamlardan izolýasida saklap, kimler bilen ýakyn aragatnaşykda bolan adamlardan hem degişli analizleri almalydyrlar. Ýörite iş saparyň ekspertleri habar beriş serişdelerinde soňky wagtlarda pnewmaniýa hassalygyna duçar bolanlaryň sanynyň köpelendigi barada aýdylýandygyny bilýäler. " Biziň baryp gören hasssahanalarymyzda öýken keseli bilen kesellän hassa ýokdy " - Smolwud biraz wagtdan gürrüňdeşlikde belläp geçýär. Iş saparyň ekspertleri öz belliklerinde : Türkmenistanyň saglygy goraýyş işgärleri koronowirus hassalygyna garşy talabalaýyk iş alyp baryp biler - diýip belledi. Iş saparyň ekspertleri çykyşyny gutaran soň, şol ýere jemlenen žurnalistler birnäçe sorag berdiler. " Hakykatdan hem tozan arkaly koronawirus adamlara ýokuşyp bilermi" diýen soraga Smolwud anyk jogap bermedi. Onuň sözlerine eýersek, hassalyk howa arkaly, mysal üçin adam üsgürende ýapyk otagda başga adama geçip biljegini aýtdy. Doly öwrenilmedik hassalyk başga ýollar bilen hem ýaýrap biler. Soňky wagtlarda pnewmaniýa keseli bilen keselleýän adamlaryň sanynyň artmagy, döwlet tarapyndan DSG guramasyna berlen maglumata esaslanyp aýdýarys diýdi. Ýatladýas. BMG -nyň Türkmenistandaky baş wekili Ýelena Panowa türkmen hökümetiniň berýän maglumatlaryna esaslanýandygyny iki gezek belläp geçdi.

- Biz türkmen hökümetiniň we DSG guramasynyň berýän maglumatlary esasynda iş alyp barýarys. Bu ýerde mesele ynanmazlykda däl. Işiň alnyp baryş ugry şeýle - diýip aprel aýynda we iş sapary bilen DSG guramasynyň Türkmenistana barmazynyň öňisyrasynda iýun aýynda hem aýtdy. " Nähili aç-açanlyk bilen türkmen hökümeti işleşdi ? " - diýen soraga Katrin Smolwud biz baryp görjek ýerlermizi öňünden habar berdik - diýdi. Zyýarat meýilnamasy iki taraplaýyn ylalaşykly bolmagy netijesinde, bizi gyzyklandyrýan ýerlerimizi baryp görüp bildik. Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyna degişli bolan hünärmenler bilen açyk gürleşip bildik. Talap edýän maglumatlarymyz birnäçe günüň için taýýarlanylyp, bize gowşuryldy.

Smolwudyň aýtmagyna görä, 3-4 sany Aşgabat şäherinde ýerleşýän we etraplardaky ýokanç keseller we köp ugurly hassahanalara barlan. Biziň baryp gören hasssahanalarymyzda KOWID-19 hasalygyn garşy göreşmek ukybyň ýokarydygyna göz ýetirdik. Şertler talabalaýyk bolmak bilen, raspiratorly hassalary görmedik- diýip iş saparyň ýolbaşçysy sözüniň üstüni ýetirdi. Näçe adamyň testden geçenligi we bir näçe adama çenli testden geçýändigini we döwlet tarapynda koronawirus babatynda alnyp barylýan işler barada näme üçin hasabat berilmeýär ? - diýlen soraga:

- Sizi gyzyklandyrýan soraglary biz öz hasabatymyzda çap ederis - diýip jogap berdi.

- Biz ýokary derejeli hünärmenler bilen, häzirki döwüriň tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan laboratoriýada iş alyp bardyk. Test tabşyrylýan merkezde 60 müňden gowrak testiň netijeleri bilen tanyşdyk - diýdi. Öz gezeginde Türkmenistanyň sanitar - epidemologik gullugynyň başlygy Gurbangül Öwlýakulowa ähli maglumatlar DSG - na berildi diýdi.

- Daşary ýurtlardan Türkmenistanyň çägine girýänleriň ählisi test tabşyrýar. Testler bilen üpjin etmek Rossiýa goldady. Ýeterlik derejede ätiýaçlykda testler bar we ýenede üsti doldurylar - diýip Smolwud sözüni jemledi.

Хроника Туркменистана.

Iň soňky habarlar

«Хроника Туркменистана»:“Ачилова: остался ли хоть один аксакал, способный выйти вперед?“
«Хроника Туркменистана»:“Ачилова: остался ли хоть один аксакал, способный выйти вперед?“
Ölüm bilen gutaran wakadan  1,5 ýyl soň, ýaş gyzyň maşgalasy türkmen Ombudsmeninden jogap aldy.
Ölüm bilen gutaran wakadan 1,5 ýyl soň, ýaş gyzyň maşgalasy türkmen Ombudsmeninden jogap aldy.
С. Нуримбетова продолжит учебу в Турции/Aktiwistiň gyzy Türkmenistandan çykyp bildi.
С. Нуримбетова продолжит учебу в Турции/Aktiwistiň gyzy Türkmenistandan çykyp bildi.
Azatlyk Radiosy: Türkmen aktiwistiniň gyzy Sadokat Nurimbetowa Türkmenistandan çykmaga rugsat berildi – THF
Azatlyk Radiosy: Türkmen aktiwistiniň gyzy Sadokat Nurimbetowa Türkmenistandan çykmaga rugsat...
Aktiwist Hamida Babajanowanyň gyzyna Stambulda okamak üçin Türkmenistandan gitmäge rugsat berildi.
Aktiwist Hamida Babajanowanyň gyzyna Stambulda okamak üçin Türkmenistandan gitmäge rugsat berildi.