Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Internetiň duşmanlary: senzura we tor gözegçiligi üçin jogapkär edaralar.

Internetiň duşmanlary: senzura we tor gözegçiligi üçin jogapkär edaralar.

Internet senzurasyna garşy halkara gününi bellemek üçin “Serhetsiz habarçylar” internet duşmanlary hasabatynyň 2014-nji ýyldaky görnüşini neşir edýär. SH hünärmenleri we Täze metbugat býurosy tarapyndan geçirilen gözleglere esaslanan bu resminama, käbir ýurtlarda onlaýn repressiýalary amala aşyrýan we täze tehniki usullary ulanyp maglumat azatlygyna hüjüm edýän edaralaryň syrlaryny açýar.

Bu hasabat, territorial bitewiligi goramak we maglumat aktýorlaryna senzura we olara hemişe gözegçilik etmek bilen baglanyşykly asyl ygtyýarlyklaryndan ýokary bolan guramalara ünsi çekýär. Şeýle guramalara Pakistan telekommunikasiýa gullugy (Pakistan), FSB (Russiýa), Amal-seljeriş merkezi (Belarus), Maglumat we aragatnaşyk ministrligi (Wýetnam) we Hytaý Döwlet internet maglumat gullugy girýär.

"Serhetsiz habarçylar" tarapyndan "Internetiň duşmany" diýlip bellenen otuz üç guramanyň üçüsi demokratiýa diýilýän ýurtlarda işleýär. Ikinjiler, söz azatlygyny we päsgelçiliksiz maglumat akymyny goraýandyklaryny öňe sürýärler. Şol sebäpden, NSA-nyň (Milli howpsuzlyk gullugy) ABŞ-da, GCHQ (Hökümet aragatnaşyk merkezi) Beýik Britaniýa we Hindistanda Telematikany ösdürmek merkezi Hytaýdan, Russiýadan, Eýrandan ýa-da Bahreýndäki kärdeşlerine göriplik üçin sebäp bermeýär.

Hususy kompaniýalaryň kömegi bolmazdan onlaýn maglumata gözegçilik etmek mümkin bolmazdy. "Internetiň duşmanlary" hasabatyň öňki neşirinde “Serhetsiz habarçylar” ummasyz puluň deregine awtoritar rejimlere öz hyzmatlaryny hödürleýän korrumpirlenen firmalara ünsi çekdiler. 2014-nji ýylda bu gurama awtoritar rejimlere gözegçilik we senzura ýöriteleşen kompaniýalary hödürleýän “gözegçilik dilerlerini”, salonlary we forumlary paş etdi. Iň meşhur we howplylaryň arasynda: ISS World, Milipol we Jenaýatçylyga garşy tehnologiýa bar.

Bu gazaply amaly duruzmak üçin täsir etmek ýeterlik däl: çäre görülmeli. Şol sebäpden, “Serhetsiz habarçylar” hökümetler we halkara guramalar üçin birnäçe ýyl bäri gözegçilik edilýän howpsuzlyk pudagynda eden-etdiligi we paranoýany duruzmak üçin birnäçe teklip taýýarlady.

Köplenç kölegelerde bolup geçýän “Internetiň duşmanlarynyň” işleri köpçülige aýan bolmaly we ýazgarylmaly, giň adamlaryň topary üçin elýeterli bolmaly. Gözegçilik tehnologiýalarynyň eksportyny düzgünleşdirýän halkara guramalaryň (BMG, ÝB) we şertnamalaryň bu meselelere ünsi jemläp, bu amallary çalt bes etjek kanunlar döredip bilmegi üçin zerurdyr. “Serhetsiz habarçylar” dünýädäki internet ulanyjylaryny bu başlangyja goşulmaga çagyrýar.

Hereket ediň! Sosial ulgamda bu guramalara jogapkär prezidentlerden we hökümet baştutanlaryndan jogap talap ediň, Twitter awataryňyzy ýa-da Facebookdaky suratyňyzy SH-yň "Onlaýn senzura garşy" nyşany bilen üýtgediň, sesiňizi eşitdirmek üçin şu gün SH-yň açýan Thunderclap sahypamyza ýazylyň, Internet köpçülige peýdaly-diýen sesiňizi eşitdiriň. Biz "Internetiň duşmanlaryna" ony şahsy maksatlara ýetmek üçin ýarag hökmünde ulanmaga ýol bermeris!

http://12mars.rsf.org/2014-en/

Iň soňky habarlar

Azatlyk Radiosy:  Türkmenistanda 'gülençi' diýlip, türmä düşenleriň birnäçesiniň ykbaly belli boldy
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda 'gülençi' diýlip, türmä düşenleriň birnäçesiniň ykbaly belli boldy
Azatlyk Radiosy: Gazak azyjysy Muhtar Magauin ABŞ-da jaýlandy
Azatlyk Radiosy: Gazak azyjysy Muhtar Magauin ABŞ-da jaýlandy
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara borçnamalaryny bozýar
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara...