2023-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň 73 ýaşly raýaty Ýakutjan Babajanowanyň zyýaratçylar topary bilen kiçi Umra Haja gitmek üçin Türkmenistandan çykmagyna rugsat berilmändigini habar berdik.
Soňra türkmen häkimiýetleri ony 23-nji aprelde ibermegi wada berdiler.
“Syýahatçylyk gullugynyň wekilleri ejemi 22-nji aprelde taýyn bolmaga çagyrdylar. Görnüşi ýaly, gitmäge rugsat almak üçin iki gezek migrasiýa gullugyna ýüz tutdular. Emma ikinji gezek: "Eger-de siz onuň soragy bilen ýene bir gezek gelseňiz, sizi ýok ederis" diýdiler diýip,Babajanowanyň gyzy Hamida adam hukuklaryny goraýjylara gürrüň berdi.
Syýahatçylyk gullugy Hamidanyň ejesine Aşgabat şäherine syýahat üçin sarp edilen mukdarda puly, myhmanhana çykdajylary we ş.m. tutup, sarp edilen puluň bir bölegini gaýtaryp berdi.
Ýatladýarys, Hamida ozal gorkularyny dile getiripdi, ençeme ýyl bäri dürli internet platformalarynda ilkinji prezident S.Nyýazowyň rejimini we Berdimuhammedow rejimi barada öz pikiri bilen çykyş edýändigi we tankydy bellikleri sebäpli ejesine hereket azatlygy berilmeýär.
Türkmenistan garyndaşlyk esasynda raýatlary yzarlamak tejribesini dowam etdirýär. Häkimiýetlerden tapawutly pikir aýtmaga batyrgaý bolan raýatlaryň garyndaşlarynyň yzarlanmagy S.Nyýazow tarapyndan giňden amala aşyrylýardy, G.Berdimuhammedow hem dowam etdirýär
Görşümiz ýaly häzirki prezident Serdar Berdimuhammedow hem bu ýoldan gaýtmajak ýaly.
Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.