2020 nji ýylyň 28-nji iýunynda Amerikanyň birleşen ştatlarynda ýaşaýan Türkmenistanyň watandaşlary Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň wezipeden gitmegini talap edip, protest aksiýasyny geçirdiler. Protesti gurnaýjylaryň biri bolan Nagima Muzapberowa özüniň feýsbuk sahypasynda habar bermegine görä, Amerikanyň birleşen ştatlarynyň çäginde ýerleşen türkmen ilçihanasynyň öňünde aktiwistler jemlenen dessine, ilçihana işgärleri ýerli polisiýa gullugyna jaň edip, " bu geçirilýän çäre bikanun, hiç hili resmi rugsatsyz edilýär " - diýip maglumat berýärler.
Aksiýanyň başlanan wagty geçiriljek çäräniň kanuna laýyk bolmagy sebäpli, ýerli polisiýa gullugy çäräniň parahatçylykly geçmegi üçin taýýar durdylar. Plisiýa gullugynyň işgärleri ilçihana binasynyň içine girip, niýetlenen çäräniň kanuna laýykdygyny tassyklaýan resminamany görkezdiler. Ilçihananyň işgärleri bolup geçýän hadysa öz äpişgelerinden syn etdiler. Protest edýän topar türkmen ilçihanasyndan Ak tama çenli ýöriş etdiler. Ýörşiň asuda ýagdaýda amala aşmagy üçin, ýerli polisiýa gullugy howpsuzlygy üpjün edip, protest edýänleriň geçjek ýollarynda wagtlaýynça awtoulag hereketlerini togtatdylar.
Muzapberowa ozal habar berişi ýaly, bu geçirilen protest ýörişi ýörite Gurbanguly Berdimuhamedowyň 29 -njy iýunda 63 ýaşynyň dolmagy netijesinde ýörite gurnaldy.