Türkmenistanly Zülfiýa Kajyr we gyzy bir ýyla golaý wagtdan soň Türkmenistany terk etdiler. Zenan çagasy bilen bilelikde Türkiýä gaýdyp bildi. Zulfiýanyň adamsy Ahmed Sefa Kajyr aýaly we çagasy bilen howa menzilinde duşuşýan pursadyny 15-nji iýulda TikTok-da paýlaşdy.
Pasportyny täzelemek üçin oz çagasy bilen Türkmenistana baran zenan bir ýyllap ýurtdan çykarylmandy.
Birnäçe ýyllap Stambulda ýaşaýan Zulfiýa Kajyr 2024-nji ýylyň iýul aýynda watanyna - Türkmenistana pasportyny çalyşmak üçin barypdy. Dokumenti taýýar bolansoň Stambula uçmakçy bolan zenana Aşgabadyň halkara aeroportunda sebäbi düşündirilmezden ýurtdan çykmaga rugsat berilmändi. Zulfiýa migrasiýa gullugyna ýüz tutanda oňa Türkmenistandan çykyp bilmejekdigi aýdylyp, bu ýerde hem sebäbi düşündirilmändir.
Geçen aýda Zülfiýa Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowdan kömek sorap internet arkaly ýüzlendi.
Öz wideo ýüzlenmesinde zenan autizm we içegesindäki hassalykdan ejir çekýän alty ýaşly gyzy bilen Aşgabatda galýandygyny, keselbent çaganyň ýörite iýmite we dowamly lukmançylyk gözegçiligine mätäçdigini aýdypdy. Şeýle-de, ol ýurduň dürli edaralaryna eden ýüzlenmeleriniň netije bermändigini gürrüň beripdi.
Zenanyň adamsy Ahmet Sefa Kajyr Türkiýäniň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrlikleri we Türkmenistanyň Ankaradaky hem-de Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanalary bilen habarlaşandygyny, ýöne netije gazanyp bilmändigini gürrüň berdi.
"Biz sud işini açdyk, Türkiýäniň Daşary işler ministrligi bilen birlikde ähli häkimiýetler bilen habarlaşdym. Biz umytsyz ýagdaýa düşýäris. Gyzym bilen hiç hili mesele ýok, olar ony goýberýärler, ol türk raýaty, ýöne men bu ýerde çaga bilen ýeke özüm näme ederin? Ony ejesinden nädip aýryp bilerler?" diýip, Zulfiýanyň adamsy aýdýar.
Azatlyk Radiosy Zulfiýa Kajyryň işi bilen baglanyşykly Türkmenistanyň migrasiýa gullugy bilen habarlaşdy. Telefonda gürleşen migrasiýa resmisi düşündiriş bermekden ýüz öwürdi we zenanyň özüniň jaň etmelidigini aýtdy.
Türkmen häkimiýetleri köp ýyl bäri raýatlarynyň ýurtdan çykmagyny çäklendirýärler. Ozalky ýyllarda ýurtdan çykmagy gadagan edilenleriň sanawynda oppozisiýa garaýyşlaryny öňe süren, häkimiýetleri tankytlan raýatlar we olaryň garyndaşlary bardy, soňky ençeme ýyl bäri ýurtdan çykamakda kynçylyk çekýänleriň arasynda daşary ýurtlarda ýaşaýan, zähmet çekýän ýa-da okaýan raýatlar köp.
Şu ýylyň başyndan bäri Internetde ýurtdan çykarylmaýan raýatlara kömek sorap, Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna ýüz tutýanlaryň çykyşlary köpeldi.
Ýanwardan bäri birnäçe türk raýaty Rejep Taýyp Erdogana we Serdar Berdimuhamedowa wideo arkaly ýüzlenip, Türkmenistanyň raýatlary bolan we ýurduna pasportyny çalyşmak üçin baran aýallaryny çykarmagy haýyş etdi.
Türk raýatlaryna durmuşa çykan türkmen zenanlaryna Türkmenistandan çykmaga rugsat berlip, olaryň köpçülikleýin ýurtdan çykyp başlandygy Azatlyk Radiosyna apreliň başynda mälim boldy. Şonda Türkmenistanyň migrasiýa gullugyndaky çeşme ýurtdan gitmegi gadagan edilen raýatlaryň sanawynda 150 töweregi aýalyň bardygyny we olaryň 60-synyň eýýäm Türkiýä uçup bilendigini habar beripdi.
Azatlyk Radiosy Türkiýäniň raýatlary bilen durmuş guran we pasportyny çalyşmak üçin Türkmenistana barandan soň ýurtdan çykyp bilmedik türkmenistanly zenanlaryň ençemesiniň ykbaly barada habar beripdi.
Olaryň biri Dilfuza Arslan 6-njy iýunda Türkiýä baryp öz maşgalasyna gowuşdy. Bu barada zenanyň adamsy Rüstem Arslan Azatlyk Radiosyna şol gün habar berdi. Şonda Dilfuza Arslan ýene bir zenan Maýsa Özkanyň maý aýynda Türkiýä çykyp bilendigini habar berdi.
Bu iki zenanyň ýoldaşlary türkmen we türk prezidentlerine öz meselesini eşitdirmek üçin ýanwar aýynda Azatlyk Radiosyna ýüz tutupdy.