Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Türkmen oppozisiýasy ÝHHG-a gatnaşýan ýurtlaryň ýolbaşçylaryna ýüz tutdy.

 Türkmen oppozisiýasy ÝHHG-a gatnaşýan ýurtlaryň ýolbaşçylaryna ýüz tutdy.

20-nji sentýabrda Warşawada, Demokratik Guramalar we Adam Hukuklary Býurosy (ÝHHG / DGAHB) tarapyndan her ýyl geçirilýän Adam ölçegleri ýygnagynyň çäginde “Adam hukuklary baradaky halkara şertnamalar we olaryň ähmiýeti” atly ýygnak geçirildi.

Duşuşykda oppozisiýanyň Respublika partiýasynyň (RPT) başlygy Nurmuhammmet Hanamow Ýewropa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň ýolbaşçylaryna ýüzlendi.

N.Hanamow öz çykyşynda BMG-nyň agzasy we ÝHHG-a agza döwlet bolmak bilen Türkmenistanyň birnäçe halkara ülňülerini, şol sanda adam hukuklary bilen baglanyşykly borçlaryny ýerine ýetirmeýändigini aýtdy.

“Söz azatlygy, din, metbugat, ýygnak, işlemek hukugy, şahsy durmuşa goşulmazlyk, erkin hereket etmek, esassyz tussag edilmekden we mejbury ýitirim bolmakdan goramak we Adamzadyň alhliumumy Jarnamasynda göz öňünde tutulan başga-da birnäçe hukuklar we raýat hukuklary baradaky halkara konwensiýasy we syýasy hukuklar bozulýar”-diýip ol belledi.

Döwlet agdarylyşygy synanyşygynda we 2002-nji ýylyň 25-nji noýabrynda prezident Nyýazowyň janyna kast etmekde we hökümete garşy aýyplananlara görülýän rehimsiz çäreler uly alada döredýär-diýip, RPT-iň ýolbaşçysy aýratyn belledi. 13 ýyldan gowrak wagt bäri bu adamlar daşarky dünýäden üzňe saklanýar. Türkmenistanyň häkimiýetleri nirededigini gizleýärler we garyndaşlarynyň we adam hukuklary guramalarynyň wekilleriniň haýyşlaryna jogap bermeýärler we Halkara Gyzyl Haç komitetiniň işgärlerine tussag ýerlerine gözegçilik etmek mümkinçiligini bermeýärler.

Halkara guramalary tarapyndan türkmen tussaglarynyň ýagdaýy bilen baglanyşykly birnäçe kararyň kabul edilmegine, şeýle hem ÝHHG-nyň “Moskwa mehanizminiň” Türkmenistana ulanylmagyna garamazdan, bu çäreleriň hemmesini Türkmenistanyň häkimiýetleri we prezident Berdimuhammedow äsgermezlik edýär diýdi N. Hanamow.

RPT-nyň başlygy çykyşynyň ahyrynda Ýewropa Bileleşiginiň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýolbaşçylaryny öz döwletleriniň ygtyýarlyklaryndan peýdalanmaga çagyrdy we türkmen häkimiýetlerinden halkara synçylara, lukmanlara we aklawçylara tussag ýerlerine rugsat berilmegini, gynamalary we beýleki rehimsiz, adamkärçiliksiz ýa-da mertebäni kemsidýän çemeleşmäni ýa-da jezany ulanmagyny bes etmegini, tussaglaryň tussag edilmeginiň şertlerini gowulandyrmagyny we garyndaşlary bilen aragatnaşyk saklamak hukugyny üpjün etmegini talap edýär. Şeýle hem, ýüzlenmäniň beýanynyň ÝHHG-a gatnaşýan ýurtlaryň wekiliýetleriniň ýolbaşçylaryna iberiljekdigini aýtdy.

Iň soňky habarlar

Azatlyk Radiosy:  Türkmenistanda 'gülençi' diýlip, türmä düşenleriň birnäçesiniň ykbaly belli boldy
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda 'gülençi' diýlip, türmä düşenleriň birnäçesiniň ykbaly belli boldy
Azatlyk Radiosy: Gazak azyjysy Muhtar Magauin ABŞ-da jaýlandy
Azatlyk Radiosy: Gazak azyjysy Muhtar Magauin ABŞ-da jaýlandy
"Вон отсюда, не умрешь!"/Sýurpriz - deportasiýa; türkmen zananlar...
"Вон отсюда, не умрешь!"/Sýurpriz - deportasiýa; türkmen zananlar...
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции