Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Türkmenistandaky syýasy tussaglaryň garyndaşlary bilen gatnaşyk çäklendirilýär.

Türkmenistandaky syýasy tussaglaryň garyndaşlary bilen gatnaşyk çäklendirilýär.

Yurduň gündogarynda süzgüç lagerini döretmek boýunça işler alnyp barylýar

Bize gowšan maglumatlara görä, Türkmenistanda syýasy tussaglaryň garyndaşla ry COVID-19 pandemiýasy bilen baglanyşykly karantin çärelerine salgylanyp, türkmen türmelerine saparlara, hat alyşmalara we posylka gečirmelere girizilen çäklendirmelerden zeýrenýärler. Bu čäklendirmeler bir ýyl čemesi mundan öň girizilipdi. Emma, syýasy tussaglara alternatiw aragatnaşyk mümkinçilikleri berilmeýär (mysal üçin, garyndaşlary bilen telefon arkaly geplešmek mümkinçiligi ýok)

Şeýlelikde, galp jenaýat işinde aýyplanyp, 6 ýyl azatlykdan mahrum edilen yurist Pigambergeldi Allaberdiýewiň maşgala agzalaryna 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda tussag edilenden soň ondan habar almak, onuň bilen dušušmak, in bolmanda,

telefon arkaly geplešmek mumkinčilikleri berilmedi. Olar resmi taýdan yuriste diňe bir-iki posylkany ibermegi bašardylar. Šeýlede olar Allaberdiýewiň özüne garšy höküme şikaýat edip bilendigini ýa-da bilmändigini entek anyklap bilmeýärler.

2020-nji ýylyň noýabr aýynda jenaýat işi kesilen yuristiň öňki hukuk goraýjy isgarlerine niýetlenen günbatar Türkmenistandaky “Akdaş“ koloniýasynda saklanýandygy mälim boldy. Onyň saglyk ýagdaýynyň has peselendigi, aýaklarynyňjuda agyrýandygy, lukmançylyk kömegini wagtynda alyp bilmeyändigi we koloniýanyň administrasiýasynyň Pigambergeldi Allaberdiýewe zerur dermanlaryň geçirilmegine rugsat bermeýändigi barada hem maglumatlar gowušýar.

2020-nji ýylyň güýzünde Baýramalydaky koloniýadan bir topar dini tussagyň karantin çäreleri bahanasy bilen meşhur „Owadandepe“ türmesine geçirilendigi hem habar berildi. Türme tussaglygyna höküm edilenleriň biriniň garyndaşlary Baýramalyda soňky duşuşygy diňe 2020-nji ýylyň başynda alyp boljakdygyny, şondan soň diňe posylka gečirmäge rugsat berilendigini aýtdy. Ogly 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda Owadandepe türmesine geçirilenden soň, oňa türmäniň administrasiýasy karantin sebäpli islendik pul geçirmegiň gadagan dilendigini habar beripdir.

Yurduň gündogarynda süzgüç lagerini döretmek boýunça işler alnyp barylýar.

Dürli çeşmelerden gowušýan maglumatlara görä, Lebap welaýatynda daşary ýurtlardan, ilkinji nobatda, Türkiýeden yzyna gaýdyp gelýän Türkmenistanyň raýatlary üçin karantin we süzgüç lagerini döretmek boýunça işler dowam etdirilýär. Ýerli çeşmelere görä, lageriň maksady diňe COVID-19 pandemiýasy bilen baglanyşykly karantin çäreleri däl-de, eýsem, raýatlaryň Türkiýede yzygiderli gečirilýän protest hereketleri bilen baglanyşyklary baradaolary süzgüčden gečirmek bolup durýar. Esasanam, elektron maglumat göterijileri barlamak göz öňünde tutulýar. Bu maksat bilen Türkmenistan Ysraýyldan telefonlary, planşetleri we noutbuklary açmak üçin ýörite enjamlary we programma üpjünçiligini satyn aldy.

Bu lageriň öz išlerine 2021-nji ýylyň baharynda başlamagyna garašylýar.

Ynsan hukuklary barada Türkmen Helsinki Fondy.

Iň soňky habarlar

 Daşary çykmak gorkusy we 'meýletin' deportasiýa. Türkiýedäki türkmen migrantlaryna basyş güýçlenýär
Daşary çykmak gorkusy we 'meýletin' deportasiýa. Türkiýedäki türkmen migrantlaryna basyş güýçlenýär
Geçmişe edilýän gözegçilik şu günüň we geljegiň ogurlanmagyny 'nazarlaýar'
Geçmişe edilýän gözegçilik şu günüň we geljegiň ogurlanmagyny 'nazarlaýar'
Türkmenistan: Türmede oturan öňki aklawçy Pygamberdi Allaberdýewiň hukuklaryny dikeltmek.
Türkmenistan: Türmede oturan öňki aklawçy Pygamberdi Allaberdýewiň hukuklaryny dikeltmek.
M.Baýmyradowyň Türkiýeden Türkmenistana bikanun deportasiýa edilmeginiň jikme-jiklikleri mälim boldy.
M.Baýmyradowyň Türkiýeden Türkmenistana bikanun deportasiýa edilmeginiň jikme-jiklikleri mälim...
Garaşsyzlyk güni ýa-da nepotizmiň ösmeligi/Очередной День Независимости туркмеского непотизма.
Garaşsyzlyk güni ýa-da nepotizmiň ösmeligi/Очередной День Независимости туркмеского непотизма.