Häkimiýetler köçelerde geçiriljek protestlerden howatyr edýärler.
2020-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda agşam sagatlary, Balkanabat polisiýasy bölüminiň işgärleri Nebit ministrligine degişli bolan Nebitdagnebit bölüminiň ýuristi 48 ýaşly Pygamberdi Allaberdiýewi tussag etdi. Ilki bilen ýurist garagollukda aýyplandy. Şeýle-de bolsa, agşam tussag edilmegiň Milli Howpsuzlyk Ministrliginiň görkezmesi bilen edilendigi mälim edildi, tussagyň protest hereketiniň aktiwistleri bilen arabaglanyşygy bar diýlip güman edilýär.
Balkanabatdan bize ugradylan habarlara görä, şenbe güni agşam sagat 7 töweregi, Allaberdiýew we bir dosty 211-nji kwartalda ýerleşen bir dükandan çykyp barýarka, näbelli bir ýigit birden olaryň ýanyna gelip, dawa-jenjel döretmäge synanyşypdyr. Hapa käýinçli dawa başlady, soň ýaňky ýigit Allaberdiýewiň ýakasyndan tutdy. Derrew polisiýa topary wakanyň ýerine geldi. Hüjüm eden ýigit dawanyň başlaýjysy Allaberdiýewi görkezdi we soňra wakanyň bolan ýerini terk etdi. Allaberdiýew polisiýa bölümine äkidildi, 20 minutdan soň “wakadan ejir çeken ýigit” gips edilen eli bilen geldi. Polisiýa tarapynadan tussag edilen Allaberdiýew prowokator bilen söweşiň ýokdugyny aýtdy we dawanyň netijesinde alnan şikesleri tassyklaýan lukmançylyk resminamalaryny görkezilmegini haýyş etdi. Emma, onuň haýyşy ret edildi.
Tizara, Aşgabatdan M|HM gullugynyň işgärleri polisiýa bölümine gelip, Allaberdiýewi daşary ýurtlardaky protest hereketiniň aktiwistleri bilen arabaglanyşykda aýyplady. Tutulan bu aýyplamalary ret etdi. Sorag etmek prosesi adwokat gatnaşmazdan geçirildi. Garyndaşlarynyň suw, iýmit, derman we esasy zerur zatlary geçirmek synanyşygy berk gadaganlyk sebäpli amala aşmady.
Bir şaýat ýekşenbe güni agşam Allaberdiýewiň öýüniň polisiýa tarapyndan gabalanandygyny habar berdi.
Düýn, ýerli hukuk goraýjy edaranyň içinde işleýän çeşmämiziň habar bermegine görä, Allaberdiýewiň tussag edilmeginiň esasy sebäbi Aşgabatda ýerleşýän MHM gullugynyň buýrugy bilen ýerine ýetirilip, garagollyk işiniň “terrorçylyk ýagdaýyna” öwrülendigini habar berdi. Şol çeşmä görä, Allaberdiýewiň duşenbe güni paýtagta äkidilmegi meýilleşdirilýär. Allaberdiýewiň tussag edilmegi, türkmen häkimiýetleriniň nägilelik duýgusynyň mundan beýläk ýaýramagynyň öňüni almak we togtatmak üçin alnyp barylýan iş kampaniýasynyň bir bölegidir.
Aşgabat şäherinde, 25-nji sentýabrda wideo arkaly geçiriljek halk maslahatynyň bosagasynda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň konstitutsiýasyna üýtgeşmeler girizmek maksadynyň barlygyndan howatyrlanyp, internet we telefon aragatnaşyklaryny gözegçilik etmek aladalary hasda güýçlendurildi . Daşary ýurtda ýerleşýän oppozisiýaçylar hem öz gezeginde ýurtda parahatçylykly demonstrasiýalary geçirmek meýilnamalaryny yglan edýärler (“ak köýnekleriň toparlaýyn gezelençleri we ş.m.”). 2006-njy ýylyň raýat aktiwisti Ogulsapar Muradowanyň türkmen režimini tankyt edeni üçin türmede gynamalardan soň ölen güni bolmagy sebäpli, şol gün saýlandy. Habar berişlerine görä, häkimiýetler ösýän ýagdaýdan aladalanýarlar. Geçen hepde polisiýa paýtagtyň polisiýa bölümlerine beýleki etraplardan goldaw üçin kömekçi işgärlerugradylandugy barada habarlar gelip gowuşdy.
Türkmen Helsinki gaznasy, Täjigül Begmedowa.
Ynsan haklary merkezi, Witaliý Ponomorýow.