Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Türkmenistanda internete gözegçi esgerler.

Türkmenistanda internete gözegçi esgerler.

Türkmenistanda döwlet tarapyndan dolandyrylýan täze internet kafeleriniň döredilmegi ilki merhum prezident Saparmyrat Nyýazowyň repressiw syýasatlaryndan daşlaşmakda möhüm ädim hökmünde garşylandy. Internet kafesiniň resmi açylyşyndan üç hepde geçmänkä olaryň işi eýýäm durnuksyz birikmeler sebäpli pes işleýän boldy, ýokary nyrhlar we iň esasy gynandyrýan zat bolsa - girelgedäki gözegçi esgerler.

Paýtagt Aşgabatdaky gyzgalaňly Gülüstan bazaryndan köçäniň aňyrsynda ýerleşýän bir türkmen internet kafesi, ulanyjylara daşarky dünýä bilen erkin, senzurasyz aragatnaşygy wada berýär.

Emma hakykat birneme başgaça bolup çykýar. Kafeniň içinde iki sany türkmen otagdaky sekiz kompýuteriň biriniň gök ekranyna ejiz seredýärler, kassir bolsa ertir baglanyşyk bolarmy ýa-da bolmazmy diýen sorag bilen gyzyklanýar.

Türkmenistanyň ýaşaýjylary bu kafeniň bardygyny az bilýärler, hatda hyzmatlaryndan peýdalanyp biljekdigine ynanýanlaram az. Interneti ulanmagyň sagatlyk nyrhy 50000 manat bolup, resmi walýuta hümmetinde 10 ABŞ dollardan az ýa-da gara bazar hümmetinde takmynan 2,50 dollar.

Ýakynda ýerleşýän bazardan gelenleriň biri bize: "Golaýda internet kafesiniň bardygyny bilýärin, ýöne özüm görmedim" -diýdi. Golaýdaky poçta bölüminde işleýänleriň biri, dört ýyldyzly myhmanhanalaryň birinde öz bagtymyzy synap görmegi maslahat berdi - Türkmenistanyň raýatlary üçin az peýdaly maslahat, sebäbi diňe daşary ýurtly myhmanlar üçin niýetlenen enjamlary diňe myhmanhana myhmanlary ulanyp biler.

Türkmenistanyň täze prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow, ýokary hilli internete girmek meselesini saýlaw kampaniýasynda ileri tutdy. 19-njy fewralda onuň prezidentlige başlanyndan birnäçe günüň içinde Aşgabatda iki sany täze internet kafesi açyldy. Häkimiýetler ýene 15 internet kafesini açmagy, şeýle hem ýurtdaky her mekdebe internete girizmegi wada berdi.

Maksat, izolirlenen, gaza baý Merkezi Aziýa döwletini döwrebaplaşdyrmakdy. Emma hakykatda, döwrebaplaşdyrmak islegi häkimiýetleriň maglumat akymlaryna gözegçiligi jemlemek baradaky berk islegi bilen göreşmeli bolar.

Türkmenistanyň tor gurmak we ýurtda internetiň ulanylyşyna gözegçilik etmek üçin hytaý hünärmenlerini çekmegi meýilleşdirýändigini aýdýarlar. Bu ädim Türkmenistanyň ýaşaýjylaryny pornografiki we humar oýunlaryndan goramak islegi bilen baglanyşyklydyr. Bu, şeýle hem, türkmen syýasy emigrantlarynyň, adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň we türkmen rejimini tankytlaýan habar beriş serişdeleriniň web sahypalaryna girmegi petiklemek üçin bilkastlaýyn edilen iş bolup biler. (Häzirki wagtda Türkmenistandaky myhmanhanalarda ÝewraziýaNet.org web sahypasyna girmek ýapyk.)

Nýu-Ýorkda ýerleşýän Açyk jemgyýet institutynyň Türkmenistan taslamasynyň müdiri Erika Deýli, internete girmegiň tehniki we howpsuzlyk taraplary täze hökümetiň wada berlen bilim we jemgyýetçilik özgertmelerini durmuşa geçirmek baradaky borçnamasynyň çäresi bolar diýdi. (ÝewraziýaNet ýaly, Türkmenistan Taslamasy Açyk Jemgyýet Institutynyň howandarlygynda işleýär.)

Deýli: “Soňky döwürde Prezident Berdymuhammedowdan köp höweslendiriji ritorika we teswir eşitdik, ýöne bu esasan ykdysadyýet, sosial özgertmeler hakda bolsa gaty az.... Internet hökümetiň näderejede ileri gitmäge taýýardygyny görkezýän synag bolar” - diýdi.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň dünýädäki adam hukuklary tejribesi baradaky 2007-nji ýyldaky hasabatyna görä, Türkmenistanyň ýeke-täk internet üpjünçisi bolan döwlet eýeçiligindäki “Turkmentelecom” 2002-nji ýyldan bäri Aşgabatda ýekeje täze abonentini hasaba almady.

2002-nji ýyldan bäri ýurtda kabel telewideniýesi gadagan edildi. Türkmenistanyň ýaşaýjylary daşarky dünýädäki wakalar barada maglumat çeşmesi hökmünde hemra teleýaýlymyna ulanýarlar, ýöne antennalaryň bahasynyň gaty ýokary bolmagy, olaryň Aşgabadyň daşynda ýaýramagyny çäklendirýär. Galan teklipleriň arasynda döwlet telewideniýesi we radio kanallary we gazetler agdyklyk edýär. Käbir halkara radio gepleşiklerini gysga tolkun ýa-da hemra arkaly hem alyp bolýar diýilýär. Türkmenistanda az derejede internet ulanylyşy baradaky statistika şübheli. ABŞ-nyň Merkezi aňtaw gullugynyň Bütindünýä faktlar kitabyna görä, 2005-nji ýylda takmynan 36 müň adam ýa-da ýurduň ilatynyň bary-ýogy 0,7 göterimi internete girip bilýärdi.

"Käbir adamlar internete hemişe girip bilýärler, ýöne munuň diňe daşary ýurt kompaniýalarynyň işgärleri bolandygy sebäpli bolýar" -diýip, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy aýtdy. "Emma şonda-da ony hakyky şahsy ýa-da "nädogry" maksatlar üçin ulanmarsyňyz sebäbi, internete gözegçilik edilýändigini" aýtdy.

Internet kafesiniň girelgesinde duran esgerler, diňe häzirki ýagdaýy belläp geçýär. Açyk jemgyýet institutynyň Türkmenistan taslamasynyň müdiri Deýli: "Hökümetiň habary halka aýdyňlaşdyrylýar: adamlaryň internet ulanmagyny islemeýär" -diýdi.

ÝewraziýaNet.

Iň soňky habarlar

Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara borçnamalaryny bozýar
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara...
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi
Türkmenler üçin kapas.
Türkmenler üçin kapas.
Решение суда г. Карши в отношении Жумасапара Дадебаева/Jumasapar Dädebaýew barada täze maglumat
Решение суда г. Карши в отношении Жумасапара Дадебаева/Jumasapar Dädebaýew barada täze maglumat
 Karşi şäher kazyýetiniň syýasy tussag Jumasapar Dädebaýew baradaky karary
Karşi şäher kazyýetiniň syýasy tussag Jumasapar Dädebaýew baradaky karary