Şu gün irden sagat 7-de Türkiýanyň Sinop şäherinde 1986-njy ýylda doglan türkmen blogçysy Alişer Sahatow tussag edildi. Aýalynyň aýtmagyna görä, irden raýat eşikli birnäçe adam A.Sahatowyň ýaşaýan ýeriniň salgysyna gelip, ony "Sinop çevik kuvvet şube müdürlügü" polisiýa merkezine äkidipdir.
2022-nji ýyldan bäri Alişer Sahatow türkmen rejiminiň işjeň garşydaşyna öwrüldi. Onuň 5 müňe golaý abonenti bolan “Erkin Garaýyş” atly YouTube kanaly, 2024-nji ýyldan başlap türkmen raýatlary tarapyndan işjeň yzarlanýardy we ol gepleşiklerinde türkmen jemgyýetiniň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşýardy.
Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.