Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

ÝHHG-nyň häzirki başlygy Türkmenistandaky ýagdaýa tankydy baha berýär.

ÝHHG-nyň häzirki başlygy Türkmenistandaky ýagdaýa tankydy baha berýär.

Belgiýanyň Daşary işler ministrliginiň Brýusselde ýaýradan metbugat beýanatyna görä, ÝHHG-nyň häzirki başlygy Belgiýanyň Daşary işler ministri Karel de Gýuht, umuman alanyňda, Türkmenistandaky ýagdaýa tankydy baha berýär.

Aýratynam, 29-njy martda Aşgabat şäherine eden sapary wagtynda de Gýuht Türkmenistanyň prezidentini we hökümetini respublikada "syýasy özgertmeler we demokratiýalaşdyrma" geçirmäge çagyrdy diýilýär.

ÝHHG-nyň häzirki başlygy, türkmen häkimiýetleriniň wekillerine Aşgabadyň halkara borçnamalaryna laýyklykda ýerli häkimiýetlere şu ýylyň iýul aýynda Türkmenistanda geçiriljek "erkin we açyk" saýlawlaryň geçirilmegini üpjün etmegiň zerurdygyny aýtdy.

De Gýuht: "ÝHHG-nyň Demokratik guramalar we adam hukuklary býurosy bu meselede kömek bermäge taýýar" -diýdi.

Şeýle hem, halkara guramalarynyň wekillerine türkmen türmelerindäki tussaglara giriş mümkinçiligini bermelidigini aýtdy.

De Gýuht türkmen deputatlaryny şu ýylyň iýul aýynda ÝHHG-nyň parlament Assambleýasynyň mejlislerine gatnaşmaga çagyrdy.

Aleksandr Şişlo.

“RIA habarlary”

Iň soňky habarlar

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanly bloger Umida Bekjanowa Türkiýeden deportasiýa edilmek howpy abanýar
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanly bloger Umida Bekjanowa Türkiýeden deportasiýa edilmek howpy abanýar
Azatlyk Radiosy:  Türkmenistanda 'gülençi' diýlip, türmä düşenleriň birnäçesiniň ykbaly belli boldy
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda 'gülençi' diýlip, türmä düşenleriň birnäçesiniň ykbaly belli boldy
Azatlyk Radiosy: Gazak azyjysy Muhtar Magauin ABŞ-da jaýlandy
Azatlyk Radiosy: Gazak azyjysy Muhtar Magauin ABŞ-da jaýlandy
"Вон отсюда, не умрешь!"/Sýurpriz - deportasiýa; türkmen zananlar...
"Вон отсюда, не умрешь!"/Sýurpriz - deportasiýa; türkmen zananlar...
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.