Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Azatlyk Radiosy “Crude Accountability”: Täze hasabat Türkmenistanyň garaňky türme ulgamynyň elhençliklerini paş edýär

Azatlyk Radiosy  “Crude Accountability”: Täze hasabat Türkmenistanyň garaňky türme ulgamynyň elhençliklerini paş edýär

“Crude Accountability” – daşky gurşaw we adam hukuklary topary, täze hasabat bilen, Türkmenistanyň zabun türme ulgamyndaky garaňky giňeltmelere we hukuk kemsitmelerine ünsi çekýär.

Hasabat emeli hemra arkaly düşürilen suratlar bilen Türkmenistanyň bellentgi iki türmesiniň – Türkmenbaşy şäherinden 15 kilometr töweregi gündogarda ýerleşýän “Akdaş” türmesiniň, hem-de paýtagt Aşgabatdan 50 kilometr töweregi demirgazykda, Garagum çölünde ýerleşýän “Owadandepe” türmesiniň – giňeýşini seljerýär.

Şeýle-de, hasabat öňki tussaglaryň beren maglumatlary esasynda Türkmenistanyň jeza çärelerini ýerine ýetiriji edaralarynda giň ýaýran hukuk kemsitmelerine, şol sanda gynamalara, üzňelige we zor bilen ýitirim etmelere ünsi çekýär.

Hasabata görä, emeli hemra suratlary binalaryň giňeldilýändigini subut edýär; türme şertleri adamkärçiliksiz we zabun bolmagynda galýar; gynamalar, urup-ýençmeler, ýeterliksiz arassaçylyk-gigiýena şertleri we beýleki ýaramaz şertler dowam etdirilýär.

“Türkmenistanyň öz halkara borçnamalaryny – isle Birleşen Milletler Guramasynda, isle Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynda (ÝHHG), ýa-da halkara konwensiýalarda öz üstüne alan borçnamalaryny – ýerine ýetirmeýändigi onuň türme ulgamyna tussaglara çemeleşmeler we türme gurluşyklary jähetden seredilende açyk-aýdyň äşgär bolýar” diýip, “Crude Accountability” toparynyň ýerine ýetiriji müdiri Keýt Watters aýdýar.

Täze hasabatyň awtorlarynyň biri bolan Watterse görä, Türkmenistanda adam hukuklarynyň gödek bozulmagy we olara göz ýumulmagy ýurduň çäginden daşardaky giňişlige-de öz täsirini ýetirýär.

“Türkmenistanyň dowamly jezasyz goýulmagy beýleki awtoritar hökümetleriň öz awtoritar tejribelerini giňeltmeklerine mümkinçilik berýän giňişlik döredýär. Biz tutuş Ýewraziýada adam hukuklarynyň bozulýandygyna şaýat bolýarys, türkmen režiminiň wagşyçylyk tärlerinden beýleki ýerlerde hem peýdalanylýandygyny görýäris” diýip, “Crude Accountability” toparynyň web sahypasy Wattersiň sözlerini getirýär.

Türkmenistanyň jeza çärelerini ýerine ýetiriji edaralarynyň binalarynyň giňeldilýän bolmak ähtimallygy baradaky hasabat, mundan ozal Türkmenistanyň dünýäde we sebitde iň köp türme ilaty bolan ýurtlaryň hatarynda galýandygy barada berlen halkara hasabatlara laýyk gelýär.

“World Prison Brief” neşirine görä, Türkmenistanda 35 müňden gowrak adam bendilikde saklanýar. 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda çap edilen soňky hasabatda Türkmenistan türme ilatynyň sany boýunça dünýäde ABŞ-dan we Ruandadan soň, üçünji orunda geldi. Bu ýurtda her 100 müň adamdan 576 adam türmede saklanýar.

“Crude Accountability” guramasynyň soňky hasabatyna laýyklykda, 2010-njy ýylda “Akdaş” türmesinde 1732 sany tussagyň saklanylýandygy çaklanýardy.

"Owadandepe” türmesiniň iki koloniýasynda 2007-nji ýylda 1000 töweregi bendiniň saklanylýandygy, 2008-nji ýylda bu türmede gurlan wagtlaýyn üçünji koloniýada bolsa ýene 400 tussagyň saklanylýandygy çaklanylýardy.

“Akdaşda” hukuk goraýjy edaralaryň, şol sanda Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň azatlykdan mahrum edilen öňki işgärleri saklanýar. “Owadandepe” türmesi özüniň zor bilen ýitirim edilen syýasy tussaglary bilen bellentgi boldy.

Täze hasabata görä, “Akdaş” türmesiniň ilaty hususan-da 2004-2021-nji ýyllar aralygynda artypdyr. Emeli hemra suratlary degişli döwürde türme binalarynyň giňeldilendigini görkezýär. 2015-nji ýylda düşürilen emele hemra suratlary bu türmä ýanaşyk täze türme binasynyň, “Täze Akdaşyň” gurluşyk işleriniň ep-esli ilerledilendigini görkezýär. Ýöne hasabata görä, “Köne Akdaş” 2022-nji ýylyň ortalaryna çenli heniz hem ulanyşda galypdyr.

Azatlyk Radiosy öňki tussaglara salgylanyp, Türkmenistanyň ýaramaz türme şertleri barada habar berip gelýär.

Synçylar türkmen režiminiň türmelerden adamlary gorkuda saklamak, olary sem etmek üçin peýdalanýandygyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy

Iň soňky habarlar

Туркменистан - запрет на выезд/Türkmenistan - syýahat gadagançylygy
Туркменистан - запрет на выезд/Türkmenistan - syýahat gadagançylygy
Azatlyk Radiosy:Türkmen aktiwistiniň gyzy Aşgabadyň aeroportynda uçara goýberilmedi
Azatlyk Radiosy:Türkmen aktiwistiniň gyzy Aşgabadyň aeroportynda uçara goýberilmedi
Ýene-de hereket azatlygynyň çäklendirilmegi. Garyndaşlyga esaslanýan jezanyň türkmen görnüşi.
Ýene-de hereket azatlygynyň çäklendirilmegi. Garyndaşlyga esaslanýan jezanyň türkmen görnüşi.
Azatlyk Radiosy:Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirýär
Azatlyk Radiosy:Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana...
Syýasy tussag Jumasapar Dädebaýewiň saglyk ýagdaýy baradaky gapma-garşy maglumatlar
Syýasy tussag Jumasapar Dädebaýewiň saglyk ýagdaýy baradaky gapma-garşy maglumatlar