Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Stambuldaky Türkmen konsullygy Şamil Kurbandurdyýewiň pasportynynyň möhletini uzaltdy.

Stambuldaky Türkmen konsullygy Şamil Kurbandurdyýewiň pasportynynyň möhletini uzaltdy.

22-nji oktýabrda Kurbandurdyýew maşgalasynyň salgysyna içinde Şamil Kurbandurdyýewe degişli pasporty bolan bir bukja geldi.

Ýakynda ýigit pasportyny täzelemekde kynçylyk çekýärdi. Stambuldaky türkmen konsullygyna 18 sapar gitmesi netije bermedi. Mundan başga-da, kakasy Rozymyrad Kurbandurdyýew internet platformasy arkaly Şamile pasportynyň möhletini uzaltmak haýyşy bilen türkmen häkimiýetlerine ýüz tutdy. Soňky synanyşygy, beýleki aktiwistler we ýerli aklawçy bilen bilelikde konsullygyň çäginde näbelli maskaly adamlar tarapyndan zorluk bilen garşylandy. Bu waka 16-njy awgustda bolup geçdi.

Ondan soň, habar berşimiz ýaly, 15-nji oktýabrda pyçakly iki adam welosipedli işe barýan 28 ýaşly Şamile hüjüm etdi. Iki hadysada-da aktiwistler Türkiýäniň prokuraturasyna ýüz tutdular.

Poçta bilen alnan pasport 3-nji oktýabrda möhürlenip, resminamanyň güýji 2024-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaldyldy.

Bu, türkmenleriň konsullygy tarapyndan ýüz tutýan adamyň pasportyny poçta bilen iberilen bize mälim bolan ilkinji waka. Adatça, türkmen migrantlary Türkiýäniň beýleki şäherlerinde ýaşaýan hem bolsalar konsullyga gelmäge mejbur bolýarlar.

Hünärmenler uzak wagtlap türkmen diplomatlarynyň täzelenmek üçin pasportlary asla kabul etmeýändiklerini, soň bolsa güýjüni 2 ýa-da 6 aý uzaldyp başlandyklaryny bellediler. Konsullyk işgärleri bilen baglanyşykly araçylaryň “pasport” meselesinde “ellerini gyzdyrýandyklary” birnäçe gezek habar berildi. Indi, şeýle hereketleri gaýta-gaýta tankyt edenden soň, resmiler pasportlaryň möhletininiň 2024-nji ýylyň ahyryna çenli hereket edýändigini barada bellik goýmaga başladylar.

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.

Iň soňky habarlar

«Хроника Туркменистана»:“Ачилова: остался ли хоть один аксакал, способный выйти вперед?“
«Хроника Туркменистана»:“Ачилова: остался ли хоть один аксакал, способный выйти вперед?“
Ölüm bilen gutaran wakadan  1,5 ýyl soň, ýaş gyzyň maşgalasy türkmen Ombudsmeninden jogap aldy.
Ölüm bilen gutaran wakadan 1,5 ýyl soň, ýaş gyzyň maşgalasy türkmen Ombudsmeninden jogap aldy.
С. Нуримбетова продолжит учебу в Турции/Aktiwistiň gyzy Türkmenistandan çykyp bildi.
С. Нуримбетова продолжит учебу в Турции/Aktiwistiň gyzy Türkmenistandan çykyp bildi.
Azatlyk Radiosy: Türkmen aktiwistiniň gyzy Sadokat Nurimbetowa Türkmenistandan çykmaga rugsat berildi – THF
Azatlyk Radiosy: Türkmen aktiwistiniň gyzy Sadokat Nurimbetowa Türkmenistandan çykmaga rugsat...
Aktiwist Hamida Babajanowanyň gyzyna Stambulda okamak üçin Türkmenistandan gitmäge rugsat berildi.
Aktiwist Hamida Babajanowanyň gyzyna Stambulda okamak üçin Türkmenistandan gitmäge rugsat berildi.