Geçen hepde Şanlyurfadaky deportasiýa merkezinden boşadylan bir türkmen migranty bize ýüzlendi. Türkmenistanyň raýaty bu ýerde 4 aý bäri tutulandygyny we 4 aý içinde 9 gezek keselhana düşendigini aýtdy. Deportasiya merkezinde ýagdaýy ýaramazlaşansoň keselhana alnyp gidilendigini we keselhananyň beren onurgasynda gryža sebäpli operasiýa edilmeli diýlen kepilnama esasynda boşadyldylandygyny aýtdy.
200-e golaý türkmen Sanlyurfadaky deportasiýa merkezinden boşadylmagyna garaşýar, köpüsi deportasiýa kararyna garşy kazyýete ýüz tutdy. Olar dürli sebäplere görä Türkmenistana dolanmak islemeýärler. Esasy zat, syýahatçylyk wizasyny we ýaşamak üçin rugsat alyp bilmezlikleridir. Olaryň köpüsi Türkiýede işläp, çagalarynyň bilim almagy üçin pul tygşytlamaga umyt bagladylar, beýlekiler jaý satyn almak ýa-da gurulýan jaýlaryny tamamlamak umydyndadylar. Türkmenistanyň raýatlygyndan ýüz öwürmek we Türkiýede baky galmak üçin mümkinçilik gözleýänler hem bar. Olaryň hersinde dürli şikaýatlar bar. Mysal üçin, bu merkezdäki iýmit erbet, arassaçylyk şertleri pes, ýatýan ýerimizde dürli mör-möjekler bar. Öýlerine jaň etmek üçin 5 minut berýärler, ýöne nobat hemişe gelenok. Mundan başga-da, tussag edilenler ýenjilýärler "-diýdi.
Migrant, boşadylandan soň galan watandaşlarynyň sesiniň eşidiljekdigine we “olara kömek eliniň beriljekdigine” umyt edýändigini aýtdy. "Kömek soramak üçin konsullyga jaň etdim, ýöne konsullyk işgärleri Türkmenistana gaýdyp gitmegimizi aýdyp telefony öçürdiler".
Türkmenistana meýletin gaýdyp gitmek isleýändiklerini mälim eden tussag edilen türkmenlere, deportasiýa merkezi uçar petegini satyn alýar we ugradýarlar.
Başga bir maglumata görä, 9-njy iýuldan 13-nji iýul aralygynda Malatýadaky türk deportasiýa merkezinde saklanýan türkmen migrantlary açlyk yglan edip, konsullygyň kömegine garaşdylar-diýip, çärä gatnaşyjylardan birini aýtdy.
"Biz açlyk yglan etdik we edaranyň ýolbaşçysyndan konsulymyzy çagyrmagy talap etdik" -diýip ýaş ýigit gürrüň berdi. Bizi birnäçe aýlap sakladylar. Takmynan 8-10 aý, hatda bir ýyl oturanlar hem bar. Bu wagt biz işlemeýäris, maşgalalarymyza maddy kömek ibermeýäris. Sentýabr aýy gelýär, çagalar mekdebe taýyn bolmaly. Biz buny nädip ederis eger biz zyndanda bolsak?"
Bu ýagdaýda merkeziň administrasiýasy migrantlara öz watanyna deportasiýa edilmegine meýletin razylyk hatyny ýazsalar, türk häkimiýetleriniň özleri üçin uçar peteklerini satyn alyp, öýlerine iberjekdiklerini düşündirdi. Hatda maşgala agzalaryna-da Türkiýede bolsa, kömek etmek teklip edildi.
Häzirki wagtda 40 türkmen migranty Malatýanyň deportasiýa merkezinde saklanýar. Olaryň köpüsi, türk häkimiýetleriniň soňky döwürde reýdleri güýçlendiren resminamalary nädogry / möhleti geçen adamlar.
Şeýle migrantlary Türkmenistana gaýtarmak üçin merkeziň başlygy iki aýyň içinde türkmen konsullygyndan şahadatnama almaga kömek etjekdigini aýtdy. Şeýle-de bolsa, çeşmäniň habaryna görä açlyk yglan eden migrantlar deportasiýa edilmäge razy bolmadylar we türkmen konsulyna Türkiýedäki konsullyk edaralaryndan resminamalary almaga kömek bermeklerini haýyş etdiler.
"13-nji iýulda merkezi žandarmanyň wekili bizi ýakyn wagtda boşatmagy wada berdi, şonuň üçin şol gün açlygy bes etdik" -diýip hukuk goraýjylara çeşme gürrüň berdi.
Malatýadaky Deportasiýa merkeziniň ýolbaşçylygy bilen ýagdaýy anyklamak synanyşygy hiç hili netije bermedi.
Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.