Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

BMG Türkmenistany adam hukuklaryny bozmakda aýyplaýar.

BMG  Türkmenistany adam hukuklaryny bozmakda aýyplaýar.

BMG-nyň günbatar wekiliýetleri Türkmenistany adam hukuklaryny bozmakda aýyplaýarlar

22-nji martda Günbatar döwletleri gynamalar we ýurtda söz azatlygynyň çäklendirilmegi bilen baglanyşykly Türkmenistanyň häkimiýetlerine täze aýyplama bildirdi, emma Aziýa we Musulman ýurtlary Merkezi Aziýa respublikasyny goramak üçin çykdy.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow öz ýurdunda çäksiz ygtyýarlyklardan peýdalanýar.

BMG-nyň 47 adamlyk adam hukuklary geňeşiniň ýörite mejlisinde türkmenleriň bir ýokary derejeli resmisi repressiýa aýyplamalaryny ret etdi we ýurduň hökümetiniň demokratiýalaşmagy we ösüşi maksat edinýändigini aýtdy.

Şeýle-de bolsa, ABŞ işgärleri žurnalistleriň, dini we etnik azlyklaryň wekilleriniň we oppozisiýa agzalarynyň köplenç ýanalýan ýurdunda türkmen häkimiýetleriniň gynamalar we adam hukuklarynyň beýleki bozulmalary üçin jezasyz galýandygyny bellediler.

Şeýle hem Awstraliýa Türkmenistanda esasy adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň bozulýandygyny aýtdy.

Norwegiýa we Çili hökümetiň aýal-gyzlara garşy maşgala zorlugyny çözüp bilmezligine ünsi çekdi, Gollandiýa we Polşa bolsa Aşgabady BMG synçylarynyň bu ýurda adam hukuklarynyň bozulmagy barada derňew geçirmegine rugsat bermäge çagyrdy.

Adam hukuklary geňeşiniň BMG-a agza ýurtlaryň hersinde adam hukuklarynyň ýagdaýyny seljermeklige bagyşlanan alhliumumy Döwrebap Synyň çäginde ýörite mejlis geçirildi. Her ýurt her dört ýylda üç sagatlyk ýygnak geçirýär.

www.voanews.com

Iň soňky habarlar

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanly bloger Umida Bekjanowa Türkiýeden deportasiýa edilmek howpy abanýar
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanly bloger Umida Bekjanowa Türkiýeden deportasiýa edilmek howpy abanýar
Azatlyk Radiosy:  Türkmenistanda 'gülençi' diýlip, türmä düşenleriň birnäçesiniň ykbaly belli boldy
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda 'gülençi' diýlip, türmä düşenleriň birnäçesiniň ykbaly belli boldy
Azatlyk Radiosy: Gazak azyjysy Muhtar Magauin ABŞ-da jaýlandy
Azatlyk Radiosy: Gazak azyjysy Muhtar Magauin ABŞ-da jaýlandy
"Вон отсюда, не умрешь!"/Sýurpriz - deportasiýa; türkmen zananlar...
"Вон отсюда, не умрешь!"/Sýurpriz - deportasiýa; türkmen zananlar...
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.