Şu gün, 16-njy fewralda Türkmenistanyň çäginde hereket eden aktiwistler Annagurban Amangylyjow we Sapardurdy Hajyýew kazyýet tarapyndan bellenen türme tussaglyk möhletini doly tamamlan soň azatlyga çykaryldy. 2006-njy ýylda “France 2” döwlet teleýaýlymynyň fransuz habarlary, analitika we seljeriş programmasy üçin Türkmenistan barada dokumental film taýýarlamaga, şeýle hem ýurtdaky adam hukuklary ýagdaýy barada maglumat ýygnamaga kömek edenligi üçin tussag edildi.
Ýapyk ýagdaýda geçirilen kazyýetiň karary bilen Annagurban Amangylyjow we Sapardurdy Hajyýew ýedi ýyl azatlykdan mahrum edildi. Ilkibaşda häkimiýetler olary Günbatar aňtaw gulluklary bilen hyzmatdaşlyk etmekde we ýurtda içalyçylyk missiýasynyamala aşyrmakda aýyplady. Doly ýagdaýda delil ýoklugy sebäpli, bu aýyplamalar soňra "ok-däri ýa-da ýarag bikanun edinmek, saklamak ýa-da satmak" diýip üýtgedildi.
Şol bir wagtyň özünde Azatlyk radiosynyň türkmen gullugynyň habarçysy Ogulsapar Myradowa tussag edildi. Myradowa alty ýyl azatlykdan mahrum edildi. Kazyýetde geçirilen suddan iki hepde soň, Ogulsapar Myradowa gynamalar sebäpli tussaglykda aradan çykdy. Žrnalistiň garyndaşlarynyň sözlerine görä, onuň bedeninde zorlugyň we rehimsiz gynamalaryň alamatlary bardy. Adam hukuklary guramasy we şol sanda HUMAN RIGHT WATCH türkmen hökümetini aktiwistleri boşatmaga we Myradowanyň türmede ölümi barada aç-açan we adalatly derňew geçirmäge çagyrdy.
2010-njy ýylda BMG-nyň esassyz tussag etmek boýunça iş topary Amangylyjow bilen Hajyýewiň tussag edilmeginiň halkara hukugynyň bozulýandygyny aýdyp, derrew boşadylmagyny talap etdi.
2011-nji ýylda Amnesty International guramasy A. Amangylyjowy we S.Hajyýewi " bigünä ejir çekenler "diýip atlandyrdy.
Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.