Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Türkmenler kime gerek?

Türkmenler kime gerek?

"Türkmenlere näme bolýar?" - diýip käbir bilermenler haýran galyjylyk äheňinde soraýarlar. Prezidentine wepalylyk duýgulary bolan, tabynlyga endik edinen millete näme boldy-da, özleriniň nägilelik duýgularyny aýan edip, seslerini çykaryp başladylar?

Hawa, öz aralarynda degişme formasynda, masgarabaz, wäşi, oýnatgy, tentek, fabulist we beýleki lakamlary ulansalarda, köpçülikde welin henizem deňi-taýy bolmadyk çapyksuwar, şahyr, aýdymçy we repçi Arkadag arkadag bolup durýar. Kitap ýazmak tizliginde - dünýäniň beýik ýazyjylary gabanjaňlyk duýgusy bilen gyrada galsalar gerek.

Bolup geçen wakalary yzarlasak, Türkmen halkynyň nägilelikleri ilkinji başda internet arkaly peýda bolup başlady. Türkmen hökümeti Türkiýede ölen 60 töweregi migrantyň jesedini çykarmakdan ýüz öwürdi. Nägileligiň güýçlenmeginiň esaslarynyň biri hem 27-nji aprelde Lebap we Mary welaýatlarynda bolup geçen güýçli tupan boldy. Häkimiýetleriň düýbünden hereketsizligi, biparhlylygy ýurduň içinde we daşary ýurtlarda adamlaryň gaharyny getirdi. Sosial ulgamlarda pikirleri aç-açan beýan etmekden adamlar ýygnanyşyklara we beýleki protestlere geçdiler. 13-nji maýda türkmen häkimýetinden nägile bolan adamlaryň topary Türkmenabat etraplarynyň birinde ýoly petikländikleri barada habar berildi. Türkiýede, Demirgazyk Kiprde, ABŞ-da we beýleki ýurtlarda türkmen ýaşlary ýygnanyşyklary we piketleri, şol sanda Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň öňünde, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) ofis edaralarynyň öňünde ýygnanyşyk gurap başladylar. Şeýle hem BMG-nyň Nýu-Yorkdaky baş edarasy we Waşingtonda ABŞ-nyň Kongresiniň binasynyň öňünde hem ýygnandylar.

Şu ýylyň maý aýyndan başlap bu wakalar yzygiderli bolup başlady. Şol bir wagtyň özünde, häkimýetden nägileleriň sany gitdikçe köpelýär. Mitinglere gatnaşanlar ýüzlerini görkezmekden ýa-da atlaryny aýtmakdan gorkmaýarlar. Prezidente garşy şygarlar bilen, sosial-ykdysady meseleleriň çözülmegini talap edýän açyk şygarlar getirýärler we Berdimuhamedowyň portretleri bilen futbolka geýýärler we işinden aýrylmagyny talap edýärler. Öň häkimýetden nägile bolan adamlaryň köpüsi sessiz-üýnsüz durup, diňe ýolbaşçylary öz talaplaryny aýdýan bolsalar, indi bolsa öz pikirlerini we halkyň garaýşyny giňden aýdýarlar.

nji iýulda, Nýu-Yorkda, aktiwistleriň tagallasy bilen, Berdimuhamedowyň portreti bilen birlikde “Bizi türkmen diktatoryndan halas ediň!” -diýen ýazgy asylan uçar üç sagatlap Braýton kenaryndaky aýlagyň üstünden uçdy.

Russiýanyň Adam hukuklary merkeziniň “Memorial” Merkezi Aziýa maksatnamasynyň başlygy Witaliý Ponomarýow özüniň “Facebook” sahypasynda şeýle ýazýar: “Türkmenleriň köp ýyllap durmagyndan soň, bu geň galdyryjy ýagdaý bolup durýar. Türkiýede (türkmenler üçin wizasyz giriş) türkmen migrantlarynyň görkezýän nägileligi häzirki wagtda Russiýadaka seredende has güýçli bolup durýar. Şeýle ýagdaýda piket ýa-da täze türkmen aktiwistleriniň tussag edilmegi baradaky bölekleýin habarlaryň ýaýradylmagy meniň pikirimçe, ýerli wakalar däl-de, çalt ösýän syýasy herekediň netijeleri hökmünde kabul edilip bilner. "

КOVID-19 pandemiýasy bilen baglanyşykly köp ýurtda girizilen gadagançylyklar zerarly, halkara howa we demir ýol aragatnaşygynyň mejbury togtadylmagy, serhetleriň ýapylmagy we beýleki çäklendiriji çäreler daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenler üçin uly kynçylyk boldy. Birnäçe ştat öz raýatlaryna wagtlaýyn daşary ýurt raýatlaryna gyssagly kömek gurady, adamlary watanyna gaýtarmak üçin ýörite uçuşlary iberdi we zerur bolsa daşary ýurt pasportlarynyň güýjüni uzaltdy we maliýe kömegini berdi.

Gynansakda, Türkmenistan Türkiýede, Hindistanda, Russiýada, BAE-de, Demirgazyk Kiprde we beýleki ýurtlarda koronawirusyň ýaýramagy netijesinde müňlerçe raýatyny öýüne gaýtarmak üçin hiç hili iş alyp barmady. Saglygyny bejertmek, dynç almak ýa-da başga şahsy zerurlyklar bilen bir-iki aýlyk gelen adamlar alty aýlap gabawda galdylar. Ähli pullaryny sarp edip, çykgynsyz ýagdaýa düşdiler. Uzak ýa-da az wagtlap daşary ýurtda ýaşaýanlar pasportyny çalyşmak ýa-da iň bolmanda güýjüni uzaltmak zerurlygy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Şeýle-de bolsa, Türkmenistanyň migrasiýa hakyndaky kanunynda " daşary ýurtlarda hemişelik ýa-da wagtlaýyn ýaşaýan ýaşaýan her bir Türkmenistanyň raýaty daşary ýurtlarda ýerleşýän Türkmenistanyň diplomatik edaralarynyň üsti bilen Türkmenistanyň migrasiýa gullugyna ýüz tutup, biometrik pasportyny alyp biler" - diýilmegine garamazdan, raýatlaryň talaplary netijesiz galýar.

Uly türkmen diasporasynyň emele gelen ýeri bolan Türkiýe döwletinde ýagdaýlar has kyn bolup durýar. Pasportyny çalyşmak haýyşy bilen türkmen konsullyk edaralaryna ýüz tutýan raýatlar, talabynyň ýerine ýetirilmeginden geçen, konsullygyň resmi işgärleri tarapyndan sögünçlere we basyşlara sezewar bolýarlar. Mart aýyndan bäri Stambuldaky Türkmenistanyň Baş konsullygy sanly ulgam arkaly işe başlady we ozal täze pasport almak isleýänler ene türkmen dilinde käýinçli hapa sözleri eşiden bolsalar, indi nobatçy edilip bellenen bir türk raýaty jaňlara jogap berýär. Zerur maglumatlary almak öňküsindende hasam kynlaşdy.

Mundan başga-da, pasportlaryny çalyşmagy başaran birnäçe raýatyň beren görkezmesine görä, Baş konsulyň hut özi Myradgeldi Seitmammedow özi 3000 Amerikan dollary para hökmünde alyp, täze zagran pasporty bilen üpjün etdi. Häzirki wagtda şeýle “bagtyçüwenleriň” sany 30-dan geçenok.

Elinde talabalaýyk resminamalary bolmadyk türkmen raýatlary Türkiýe döwletinde tussag edilende, polisiýa gullugy olary migrasiýa merkezine äkidýärler. Olar ol ýerde uzak wagtlap, kähalatlarda bir ýyla çenli hem saklanylýar. Mundan başga-da, bu merkezdäki beýleki ýurtlardan gelen migrantlardan tapawutlylykda diplomatik işgärler diňe bir olara baryp görmän, eýsem ykbaly bilen asla gyzyklanmaýarlar. Şeýle biperwaýlygy gören türk migrasiýa merkeziniň işgärleri bu raýatlaryň öz watanlaryna meýletin gaýdyp barmaklary baradaky beýanyny surata aldylar. 20-30 migrant ýygnanan soň, polisiýa şahsyýetnamalaryny almak üçin olary awtobus bilen türkmen konsullygyna alyp gelýär. Mundan başga-da, zerur resminamalaryň ýerine migrantlar Türkmenistana gaýdyp barsalar, tussag ediljekdikleri we olara garşy jenaýat işiniň gozgaljakdygy bilen haýbat atýarlar.

Netijede, raýatlarymyz ýene-de erkinlige çykarylýar, sebäbi bir ýyldan soň türk häkimiýetleriniň olary deportasiýa merkezinde saklamaga hukugy ýok. Erkinlige çykan Türkmenistanyň raýatlary kanuny bozup, ýene-de birnäçe ýyllap Türkiýede bikanun ýaşamaga mejbur bolýarlar. Bu ýurduň Stambulda öýsüz-öwzarsyz köp sanly migrant Bosfor bogazynyň üstündäki köpriniň aşagynda görnüp başlady. Dogry, olar özleriniň halyndan henizem utanýarlar, şonuň üçin adamlaryň gözüne kän bir görünmejek bolýarlar. Bularyň hemmesine itergi berýän zat, türkmen häkimiýetleriniň, hususan-da, Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň diplomatik we migrasiýa hyzmatlarynyň raýatlaryň hereket azatlygy we ýaşaýan ýerini saýlamak baradaky konstitusion hukuklaryny bozýan jenaýat biperwaýlygydyr.

Şeýle umytsyzlyk köplenç ýaş türkmenleri gyssagly hereketlere iterýär. Hiç hili resminamasyz, işini ýitiren, bergilerden ejir çeken we watanyna gaýdyp barmak umydyndan kesilen adamlar köplenç depressiýa düşýärler. Käwagtlae öz janlaryna kast edýänler hem tapylýar. Stambulyň Saryýer etrabynda, Kilios Mezarligi gonamçylygynyň çäginde, hossarsyz adamlary jaýlamak üçin niýetlenen gonamçylygynynyň aýratyn böleginde 60 watandaşymyz eýýäm jaýlandy. Gonamçylygyň işgäriniň sözlerine görä, her gün diýen ýaly 2-3 sany ýaş türkmeniň jesedi getirilýär, köplenç hem öz janyna kast edenlerden ybarat diýdi.

Şuňa meňzeş wakalar sosial ulgamlarda has köp paýlaşylýar. Türkmenistanyň raýatlary dürli meseleler boýunça öz pikirlerini aç-açan beýan edip, kanuny hukuklarynyň bozulmagy barada maglumat paýlaşyp başladylar. Türkmen ýaşlarynyň arasynda meşhur bolan “YouTube” kanalynyň blogerlerinden biri bolan Nadir Saidowyň aýtmagyna görä, bir ýarym aýyň içinde Türkmenistandan nägilelik bildirýän wideoýazgylaryny seretmek boýunça ikinji ýeri eýeledi. Esasy diňleýjiler 25 ýaşdan 54 ýaş aralygyndaky adamlar.

“Türkmen häkimiýetleri ahyrsoňy köp sanly sosial meseläni çözmeli we raýatlaryň erkin hereket etmek hukugyny bozmagyny bes etmeli. Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasynyň başlygy Täjigul Begmedowanyň pikiriçe, " köp ýurtda pasport alyş-çalşygy awtomatiki usulda amala aşyrylýar". Türkmen hökümetine munuň üçin syýasy erkinlik gerekdir, gynansakda ol ýok, ýöne ýokardan esassyz ýüz öwürmek üçin görkezmeler bar. Nägileligini bildirýänleri yzarlamak, gorkuzmak we emeli päsgelçilikleri döretmek işleri güýçli depginde alnyp barylýar. Sada dil bil aýdylanda, köp meselelerde Türkmenistan beýleki daşary ýurtlar ýaly öz raýatlaryna üns bermeýär. ”

Aazt Redzhepov

Gundogar

Iň soňky habarlar

Туркменистан - запрет на выезд/Türkmenistan - syýahat gadagançylygy
Туркменистан - запрет на выезд/Türkmenistan - syýahat gadagançylygy
Azatlyk Radiosy:Türkmen aktiwistiniň gyzy Aşgabadyň aeroportynda uçara goýberilmedi
Azatlyk Radiosy:Türkmen aktiwistiniň gyzy Aşgabadyň aeroportynda uçara goýberilmedi
Ýene-de hereket azatlygynyň çäklendirilmegi. Garyndaşlyga esaslanýan jezanyň türkmen görnüşi.
Ýene-de hereket azatlygynyň çäklendirilmegi. Garyndaşlyga esaslanýan jezanyň türkmen görnüşi.
Azatlyk Radiosy:Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirýär
Azatlyk Radiosy:Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana...
Syýasy tussag Jumasapar Dädebaýewiň saglyk ýagdaýy baradaky gapma-garşy maglumatlar
Syýasy tussag Jumasapar Dädebaýewiň saglyk ýagdaýy baradaky gapma-garşy maglumatlar