Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

THF: Türkmenistan Türkiýäniň deportasiýa merkezlerinde saklanýan raýatlaryny ýurda getirip başlady

THF: Türkmenistan Türkiýäniň deportasiýa merkezlerinde saklanýan raýatlaryny ýurda getirip başlady

Türkmenistanyň häkimiýetleri migrasiýa düzgünlerini bozan türkmen raýatlarynyň Türkiýeden çykarylmagyny guramalaşdyryp başlady. Bu barada “Türkmen Helsinki fondy” özüniň Türkiýedäki çeşmelerine salgylanyp, 7-nji awgustda habar berdi.

Bu waka, Türkmenistanyň awgustyň birinji on günlüginde Türkiýeden deportasiýa edilen müňe golaý raýatyny yzyna getirmegi planlaşdyrýandygy barada Azatlyk Radiosynyň çap eden habarynyň yz ýanyna gabat geldi.

“4-5-6-njy awgustda Türkiýede bikanun türkmen migrantlaryny [Türkmenistana] alyp gitmek boýunça işler güýçlendirildi. 5-nji awgust gijesinde türk häkimiýetleri Erzurum şäherindäki deportasiýa merkezindäki türkmenleri ýygnap, olary Türkmenistana iberdiler” diýip, adam hukuklary boýunça fond merkezdäki çeşmesiniň sözlerini sitirledi.

Maglumata görä, wakadan öň, 3-4-nji awgustda Malatýa, Wan we beýleki şäherlerdäki migrasiýa merkezlerinde ýerleşýän bikanun migrantlar Erzurumyň migrasiýa merkezine iberildi.

“Bu ýere iberilen türkmen konsulhanasynyň iki işgäri pasportlarynyň möhleti gutaran türkmenistanly bikanun migrantlaryň resminamalarynyň uzaldylandygy barada möhür basdylar, olar muny diňe olary [türkmen migrantlaryny] deport etmek üçin etdiler. Resminamalaryny ýitirilenlere Türkmenistana gaýdyp barmak üçin şahadatnama berildi. Konsullygyň işgärleri watandaşlaryň her biri bilen aýratyn gürleşýärler” diýip, fonduň maglumatynda bellenilýär.

Deportasiýa edilenleriň arasynda aklawçy hakyna tutan adamlar hem bardy. Aklawçylar olaryň deport edilmegine razylyk bermändigine garamazdan, 5-nji awgustda gije sagat 11-de onlarça adam çarter reýsi bilen alnyp gidildi diýlip, habarda bellenilýär.

“Deport edilenleriň biri Türkmenistandaky hossarlary bilen habarlaşyp, 6-njy awgustda daňdan sagat 3-de watana dolanandygyny aýtdy. Şol gün deportasiýa edilen migrantlaryň biri Türkmenabat şäherine geleninden soň, garyndaşlaryna Farap şäherine alnyp barylýandyklaryny, bu ýerde üç gün karantinde saklanjakdyklaryny habar beripdir” diýlip, maglumatda aýdylýar.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň biri bolan Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasyndan we Stambuldaky konsulhanasyndan kommentariý almaga synanyşdy. Ýöne ilçihananyň we konsulhananyň resmi websaýtlarynda görkezilen telefon belgilerine, redaksiýamyzyň 8-nji awgustda eden dowamly synanyşyklaryna garamazdan, hiç kim jogap bermedi.

2-nji awgustda Azatlygyň dürli pudakdaky çeşmeleri Türkiýäniň deportasiýa merkezindäki bir müňe golaý türkmenistanlyny yzyna getirmek üçin, “Türkmenhowaýollarynyň” birnäçe uçarynyň göz öňünde tutulýandygyny aýtdylar.

Çeşmelerimiz munuň bilen bagly taýýarlyklaryň görülýändigini, karantin zolaglarynyň esaslandyrylýandygyny, medisina barlaglarynyň guramalaşdyrylýandygyny, galyberse-de getirilen raýatlary sorag etmek üçin MHM-niň işgärlerinden ýörite toparyň düzülýändigini hem habar berdiler.

Bu waka, türkmenistanlylaryň zähmet migrasiýasy üçin saýlap alýan esasy ugurlarynyň biri bolan Türkiýede häkimiýetleriň ýurtda bikanun ýaşaýan migrantlara garşy giň gerimli reýdleri geçirýän döwrüne gabat geldi.

Geçen ýyl Aşgabadyň haýyşy esasynda türkmen raýatlary üçin 30 gün wizasyz syýahat düzgünini ýatyran türk häkimiýetleri bir aýdan gowrak wagt bäri köpçülik ýerlerinde, şol sanda köçelerde, jemgyýetçilik transportlarynda, söwda merkezlerinde we edara-kärhanalarda reýdleri geçirýärler. Reýdlerde müňlerçe adam saklanyp, deportasiýa merkezlerine ýerleşdirildi we olaryň ýüzlerçesi deport edildi. Saklananlaryň we deportasiýa edilenleriň arasynda Türkmenistanyň raýatlarynyň hem bardygy habar berildi.

Türkmen hökümeti we metbugat serişdeleri daşary ýurtlarda kanuny ýa bikanun ýagdaýda ýaşaýan türkmenistanlylaryň sany we olaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada maglumat bermeýärler.

Türkiýäniň Migrasiýa edarasynyň 27-nji iýulda täzelenen sanlaryna görä, 208 müň 533 türkmen raýaty kanuny esasda bu ýurtda ýaşaýar. Gullugyň geçen ýylyň 1-nji sentýabrdaky sanlaryna görä, 230 müňden gowrak türkmenistanly kanuny esasda Türkiýede ýaşaýardy. Bu sanlar, soňky bir ýyldan hem az wagtyň dowamynda Türkiýede kanuny esasda ýaşaýan türkmenistanlylaryň sanynyň 22 müňe golaý adama çenli azalandygyny görkezýär.

Azatlyk Radiosy

Iň soňky habarlar

Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara borçnamalaryny bozýar
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara...
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi
Türkmenler üçin kapas.
Türkmenler üçin kapas.
Решение суда г. Карши в отношении Жумасапара Дадебаева/Jumasapar Dädebaýew barada täze maglumat
Решение суда г. Карши в отношении Жумасапара Дадебаева/Jumasapar Dädebaýew barada täze maglumat
 Karşi şäher kazyýetiniň syýasy tussag Jumasapar Dädebaýew baradaky karary
Karşi şäher kazyýetiniň syýasy tussag Jumasapar Dädebaýew baradaky karary