26-njy ýanwarda köpçülükleýin habar beriş serişdeleri internet hyzmatlarynyň bahasynyň iki esse pese gaçandygyny, Bütindünýä Kerebi bilen bir sagat aragatnaşygyň bahasynyň kyrk sent töweregi bolandygyny habar berdiler.
Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda ýerleşýän Milli kitaphana gelýänler üçin niýetlenen 18 sany kompýuter bilen enjamlaşdyrylan internet merkezi açyldy, bu häkimiýetleriň internete erkin girmek baradaky wadalaryny durmuşa geçirmek islegini açyk görkezdi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhammedow şeýle karary 2007-nji ýylda, interneti, operany, baleti, sirki we daşary ýurt metbugatyny gadagan eden öňki, awtoritar türkmen lideri Nyýazow ölenden soň häkimiýet başyna gelende yglan etdi.
Berdimuhammedow täze desgalary, mekdepleri we çagalar baglaryny diňe internete birikdirmek üçin enjamlar guran halatynda işe girizmek kararyna geldi.
Izolirlenen Türkmenistanda 2007-nji ýylyň mart aýynda ilkinji internet kafe açyldy we häzirki wagtda ýurtda internet hyzmatlaryny hödürleýän on-dan gowrak klub we gyzyklanýan köp sanly adamyň islegini kanagatlandyryp bilmeýän halkara guramalary tarapyndan maliýeleşdirilýän birnäçe jemgyýetçilik merkezi bar.
Aşgabat şäheriniň bir ýaşaýjysy: "Amerikan ýaşlar merkezinde internedi ýarym sagat ulanmak üçin iki sagat nobata durmaly bolarsyňyz" -diýdi.
NBCA synçylary iki ýylda ýurtda internet bahalarynyň iki gezek arzanladylandygyny bellediler, munuň häkimiýetleriň wirtual (gaýybana) giňişligi ulanýanlaryň sanyny köpeltmek islegi sebäpli bolup biler, ýöne bu gezek arzan hyzmatlardan peýdalanmak isleýän adamlar bilen doldurylan internet klublarynyň işinde çykdajylaryň arzanlamagy oňyn täsir etdi.
Aşgabat metbugat hünärmeni: "Bu günler hatda nobatlaram bar" -diýdi. "Üç kafeniň hyzmatlaryndan peýdalandym we ozal gymmatlygy sebäpli bar bolan dörtden iki kompýuteriň boşdugyny gördüm, öň bahasy ($ 1) bolan internet kafelere adamlar gitmeýärdi."
Käbir ýaş türkmen raýatlary internet hyzmatlarynyň bahalarynyň arzanlamagyna oňyn düşündiler we bu ugurda has liberallaşdyrylmagyna garaşýarlar.
"Internet kafesine baranymyzda şahsyýet gözegçiligini [resminamalary barlamak] ýatyrsalar we tizligini ýokarlandyrsalar gowy bolardy" -diýip nobata garaşýan talyp öz islegini beýan edýär.
"Ertirden agşama çenli onlaýn bolmak isleýärin, eger şeýle mümkinçilik bolan bolsa, indi arzan töläp bilerin" -diýip, ýaş gyz umytlaryny paýlaşýar.
Muňa garamazdan, beýleki teswirçiler 2008-nji ýylda “Serhetsiz habarçylar” sanawynda Türkmenistanyň “internetiň duşmanlary” sanawynda henizem birinji orunda durýandygyny ýatladýarlar.
Häkimiýetler tarapyndan yglan edilen çärelere garamazdan, dünýädäki bütindünýä ulgamyna girmegiň gaty çäklidigi, häkimiýetlere garşy bolup biljek hususan-da, Gündogar, Watan, Tm-iskra, TIPÇ, Erkin Ýewropa Azatlyk, IWPR, BBC we merkezi – Centrasia, Ferghana ýaly ähli çeşmeleri petikleýän ýeke-täk döwlet üpjünçisi Turkmentelecom tarapyndan hyzmatlaryň edilýändigi muny tassyklaýar.
"Biz doly maglumat boşlugynda galmagy dowam etdirýäris, ýöne häkimiýetler düýpli üýtgeşmeler girizmäge het edip bilmeýärler" -diýip ýerli žurnalist aýdýar.
Žurnalist, Türkmenistanyň raýatlary üçin web çeşmelerine erkin elýeterliligiň arzan bahalardan has möhümdigine ynanýar. "Mugt gaz, elektrik, duz bar, ýöne bu durmuşy gowulaşdyrmaýar" -diýýär.
NBCA