Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Azatlyk Radiosy „Russiýa Ýehowa şaýadynyň raýatlygyny ýatyrdy, Türkmenistana deportasiýa etdi

Azatlyk Radiosy  „Russiýa Ýehowa şaýadynyň raýatlygyny ýatyrdy, Türkmenistana deportasiýa etdi

Russiýa dini sebäpler bilen 2.5 ýyl tussaglykda oturyp çykan, Ýehowa şaýady Rustam Seidkuliýewi 17-nji sentýabrda Türkmenistana deportasiýa etdi. Bu barada dini guramanyň websaýtynda 19-njy oktýabrda çap bolan habarda bellenilýär.

Maglumata görä, 46 ýaşly Seidkuliýew aprelde tussaglykdan çykan bolsa-da, rus häkimiýetleri onuň raýatlygyny ýatyrypdyrlar we Türkmenistana derpotasiýa etmek baradaky karara gelipdirler.

Maglumatda Seidkuliýewiň 1977-nji ýylda Türkmenistanda doglandygy we 1993-nji ýyldan bäri Ýehowa şaýatlary kilisesiniň agzasydygy bellenilýär. 2000-nji ýylda ol ejesi bilen Russiýa göçüpdirler.

2020-nji aprelinde oňa garşy “ekstremistiki guramanyň işine gatyşmak” diýen aýyplama bilen jenaýat işi gozgaldy. 2021-nji ýylyň maýynda Leninskiý raýon sudy ony günäli tapyp, 2.5 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Türkmenistan ýyllarboýy dünýäde dini azatlygy iň gödek bozýanlaryň arasynda galýar. Halkara guramalary Türkmenistanda dini jemgyýetlere we beýleki dinleriň wekillerine berk basyş edilýändigini habar berýärler.

Galyberse-de, soňky ýylda Türkmenistanyň talaby boýunça daşary ýurtlardaky türkmenleriň öz watanyna deportasiýa edilmegi bilen bagly wakalar köpeldi. Türkmen raýatlarynyň käbiri Türkmenistana alnyp barlansoň tussaghanadadygy anyklandy, beýlekileri dereksiz ýitdi.

Iň soňky habarlar

"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara borçnamalaryny bozýar
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara...
Türkmenler üçin kapas.
Türkmenler üçin kapas.
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi