3-nji maýda käbir habar beriş serişdeleri Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi Şohrat Jumaýewiň aýalyna we 19 ýaşly gyzyna garşy zorluk ulanmakda güman edilýändigini habar berdiler.
Az wagtdan soň ilçihana bu maglumatlary ret etdi, ýöne geçen hepde turkmen.news ilçiniň aýaly we gyzynyň syýasy gaçybatalga sorandygyny habar berdi.
“Oňa kanuny bozmak hukugyny kim berdi? Aýallara garşy zorl uk ulanmak hukugyny kim oňa berdi? – diýip watandaşlarymyz bu habara şeýle teswir berip başladylar.
Daşary ýurt institutlarynyň biriniň hukuk fakultetiniň talyby bize hat ýazýar: “Türkmen režimi prezidentiň edýän zatlaryny samsyklyk bilen gaýtalaýan ýüzlerçe we müňlerçe wezipeli adamy terbiýeledi. Olar iň demokratik ýurtlarda ýaşarlar we işlärler, medeniyetli eşik geýinerler we resmi taýdan daşary ýurtlarda Türkmenistana wekilçilik ederler; demokratiýanyň artykmaçlyklaryndan peýdalanarlar. Ýöne watandaşlaryna, maşgala agzalaryna, şol sanda gyzlaryna, aýallaryna we enelerine bolan gatnaşygy şol öňki feodal bolup galar. "Sebýabi şeýle bir söz bar: "Bir adamy obadan göçirip bilersiňiz, ýöne obany adamdan ýogadyp bilmersiňiz".
Türkmen resmileriniň 2021-2025-nji ýyllar üçin jyns deňligini üpjün etmek boýunça ikinji Milli meýilnamanyň kabul edilişini nädip dabaraly ýagdaýda hödürländigini ýada salalyň. Geliň, bu meýilnamanyň strategiki ugurlarynyň hersine ünsi çekeliň we hökümetiň kanunlary nädip ýerine ýetirýändigini mysallar bilen görkezeliň.
Meýilnamanyň birinji nokady “Kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek”. Ine, Türkmenistan Kanunyň ýerine ýetirilişine nähili düşünýär. Kanuna laýyklykda raýatlaryň pasport çalşmaga hukugy bar. Hökümet bolsa 5-nji iýunda pasportlar baradaky kanuny kabul edýär, şoňa laýyklykda indi adamlar pasporty üýtgetmek üçin prezidentiň ýorite kararyna garaşmaly. Ýagny, bu meselede-de režim döwletiň ähli wezipelerini bir adamyň elinde jemledi.
Konstitusiýa laýyklykda raýatlaryň hereket azatlygyna hukugy bar. Emma Türkmenistan ýurtdan çykmak isleýän müňlerçe raýaty sebäpsiz zulunda saklaýar. Ýene bir mysal, başgaça pikir edýan graždan aktiwisti Pygamberdi Allaberdiýew bilen baglanyşykly. Ony iş ýüzinde bolmadyk biduzgunçilikde aýyplap, 6 ýyla türmä basdylar.
Şeýle şertlerde häkimiýetleriň kanunçylygy kämilleşdirmäge taýýardygyna ynanyp bilersiňizmi? Belki, ilki bilen Kanuna boýun bolmagy öwrenmelidiris?
Meýilnamanyň ikinji nokady “Jyns taýdan jogap berýän saglygy goraýyşy üpjün etmek”. Aşgabat, COVID-19 hadysalarynyň ýoklugy barada ikinji ýyl ýalan sözlemegini dowam etdirýär. Aslynda hökümetiň kabul etmeýän zadyny nädip üpjün edip bilersiňiz?
Meýilnamanyň üçünji nokady “Bilime deň elýeterlilikde kömek”. Kanuna laýyklykda, bilim almak hukugy Türkmenistan raýatlarynyň esasy we aýrylmaz konstitusion hukuklaryndan biridir. Bu kanunyň ýerine ýetirilmeýandigi barada diňe bir mysal: Ýadyňyzda bar bolsa Türkmen mekdepleriniň ýolbaşçylary gyzlary göwrelilik üçin synagdan geçirip, mekdepden kowuljakdygyny aýdyp haýbat atdylar.
Meýilnamanyň dördünji nokady “Jyns zorlugynyň öňüni almak we oňa garşy göreş”. Ilçi Jumaýewiň ýa-da lukman Ismatullaýewa garşy ýanama meselesini alalyň. Birinji we ikinji ýagdaýlarda häkimiýetler bu meseläni doly inkär etmek pozisiýasyny kabul etdiler.
Bäşinji nokat “Aýal-gyzlaryň ykdysady taýdan kuwwaty”. Bu hukuklaryň ýoklugy sebäpli häzirki wagtda türkmen migrantlarynyň aglabasy aýallar. Daşary ýurtlarda olar iň agyr, hapa işleri etmäge mejbur bolýarlar, köpüsiniň diplomy bar, ýöne maşgalalaryny eklemek üçin öý süpüriji, kir ýuwýan, şepagat uýasy bolup işlemäge mejbur bolýarlar. Türkmenler geň galýarlar - diri galmak üçin gyzlar, aýallar jelepçilik bilen meşgullanýarlar. Türkmenistanyň taryhynda beýle zat bolmandy!
Altynjy - "Syýasy we jemgyýetçilik taraplaryny goşmak bilen ähli derejelerde aýallaryň gatnaşygyny artdyrmak". Sürüji şahadatnamasyny bermek derejesinde-de aýallar kemsidilýär. Ýa-da saç boýamagyň gadaganlygyny ýadyňyza düşüriň!
Syýasy we jemgyýetçilik taraplary barada. Başgaça pikirlenýänler yzarlanylýan ýerde söz, pikir, hereket azatlygy ýok bolsa, haýsydyr bir giňelişe umyt edip bilerismi? Bu resmileriň kezzaplyk jogaby diýip pikir etmeýärsiňizmi? Belki, ilki bilen öz hukuklaryny goraýanlary yzarlamagy düýbünden bes etmelidiris?
“Sen, heleý, aňyrda otyr!”- Bu ýörelge laýyklykda, türkmen işgärleri diňe bir aýallar däl, ähli raýatlara çemeleşýär diýip, paýtagtyň uniwersitetini gyzyl diplom bilen gutaran ýone häzir işsizlik sebýapli öý hojalykjy Gerek bize ugradan hatynda sözüni jemleýär.
Ynsan hukuklary barada Türkmen Helsinki Fondy.