Adam hukuklary boýunça halkara guramasy Amnesty International (AI) “Gynamalara gaýdyp gelmek. Adamlary Merkezi Aziýa ýurtlaryna ekstradisiýa etmek, zor bilen yzyna gaýtarmak we ýurtdan çykarmak "dini, syýasy we ykdysady sebäpler bilen yzarlanan adamlary alyp gaçmak, ýitirim etmek, bikanun ekstradisiýa etmek, tussag etmek we gynamak ýaly wakalary beýan edýär. Hasabatda “milli howpsuzlygy üpjün etmek bahanasy bilen Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň (GDA) agza döwletleri adamlaryň gynamalara we ýowuz daraşmak howpy abanýan Merkezi Aziýa ýurtlaryna gaýdyp gelmek meselesinde has köp hyzmatdaşlyk edýändigi aýdylýar. "
Hasabatda "Amnesty International guramasy kazyýet işine geçirilmek maksady bilen adamlaryň ýurda ekstradisiýa edilmegine hiç hili garşylygy ýok bolsa-da, gynamalara ýa-da ýowuz daraşmak howpy abanýan alamatlary ýüze çykan ähli ýagdaýlarda garşydygyny belläp geçýär" .
AI hasabatynda Merkezi Aziýa döwletleri bolan Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan ekstradisiýa we beýleki görnüşlere mejbury äkidilmek meselelerine ünsi çekýär. Ady agzalan döwletlerde, tussaglykda saklanýanlary gynamak, ýowuz çemeleşmek hadysalary ýüze çykyp durýar. Bu barada Amnesty International guaramamyz birnäçe gezek alada bildirip çykyşlar etdi.
“Bäş respublikanyň hemmesinde diýen ýaly daşky gurşawdan izolýasiýada saklanylýan tussaglar başda sorag edilýän mahaly gynamalara sezewar edilýär. Esasan hem ýurduň howpsuzlygyna degişli bolan jenaýatlarda aýyplanýan tussaglar ýa-da “dini ekstremizmde” günäkärlenýänler rehimsiz gynamalara sezewar bolýarlar. Kazyýetler gynamalar ýa-da ýowuz daraşmalar arkaly alnan maglumatlary aňsatlyk bilen kabul edýärler. Bu ýurtlarda kazyýet karary çykarylmazdan öňinçä hiç kim günäli hasap edilmeýändigi kanun tarapyndan kepillendirilsede, ýerine ýetirilmeýär. Bu hadysalar, esasanam döwletiň milli howpsuzlygyna howp abanmagy ýa-da dini ekstremizm we terrorçylyk bilen baglanyşykly ýagdaýlarda bolýar "-diýdi.