UPD. Birnäçe günden bäri türkmen diasporalarynyň wekilleri blogçy Farhat Meýmankuliýewiň (Farhat Durdyýew ady bilen hem tanalýar) Türkiýede ýitirim bolmagy bilen baglanyşykly ýagdaýy işjeň ara alyp maslahatlaşýarlar.
Ondan öň Tuzla şäherindäki deportasiýa merkeziniň maglumat bazasyna göz aýlamaga mümkinçiligi bolan bir türk aklawçysyndan alnan maglumatlar barada habar berdik. Onda Türkmenistanyň raýaty F.Meýmankuliýewiň 19-njy maýda tussag edilendigi we ertesi gün deportasiýa edilendigi barada maglumat bar, şeýle hem türk döwlet häkimiýetleri tarapyndan bar bolan tejribä laýyklykda berlen kodlary görkezýär.
Şol bir wagtyň özünde Farhat bilen ýakyndan baglanyşykly migrantlardan biri blogçynyň henizem Türkiýede häkimiýetleriň gözegçiligindedigini öňe sürdi. Onuň sözlerine görä, Farhatyň işi bilen baglanyşykly iki "halkara aklawçy" işleýär, ýöne çeşme olaryň kimdigini aýan etmeýär, olar hakda maglumat ýok.
Farhat Meýmankuliýewiň nirededigi we ykbaly barada gapma-garşy maglumatlary göz öňünde tutup, Türkmen Helsinki Adam Hukuklary Gaznasy onuň nirededigini anyklamak barada türk döwlet häkimiýetlerine haýyşnama iberdi.
Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.