25 - nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministrligi daşary ýurtlardaky raýatlar üçin, watan dolanyp barmak üçin niýetlenen sertifikatyň möhletiniň uzaldylandygy hakda maglumat berdi.
"Hronika Türkmenistanyň" habarçylarynyň aýtmagyna görä, bu barada maglumaty häzir aýtsalarda, aslynda Türkmenistanyň Stambuldaky konsullyk edarasy aýyň başyndan bäri bu işe girişdi. Emma bu hakda ozal resmi ýagdaýda yglan edilmedi. Gerekli bolan sertifikat üçin ilat uly möçberde para töleýärdi.
Mysal üçin: Türkiýe döwletinde türkmen konsullgy bilen ilatyň arasynda araçylyk edýän adamlar " Beýle meseleleriň aňsat däldigini we pul üsti bilen çözüp boljakdygyny " - aýtmak bilen, pul gazanýardylar. Bu hyzmatlary üçin 2000 türk lirasyny soraýardylar. Konsullyk edarasynyň ýerine ýetirmeli borjudygyna garamazdan, berlen soraglara takyk jogap bermekden we möhleti geçen resminamalary täzelemekden ýüz öwürýändikleri sebäpli, türkmen raýatlary alaçsyz korrupsiýa üsti bilen problemalaryny çözmäge mejbur bolýarlar.
Daşary işler ministrliginiň bu habardan soň ýagdaýy üýtgedimi entäk belli däl.
Esasy bellemeli zadymyz, daşary zagran pasportynyň möhleti dolan adamlaryň daşary ýurtda pasportyny çalyşmak uly problema bolup durýar. Kanun boýunça daşary ýurtdaky raýatlara kanun tarapyndan ýaşaýan ýurdunda täze pasport almana hukugy bolsada, döwlet resmileri " ýazgyda duran adresiň gidip alarsyň" - diýip jogap berýärler. Has dogrusy Türkmenistana dolanyp barmaly.