Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Türkmenistanmy ýa da "bolonokstan"?

 Türkmenistanmy ýa da "bolonokstan"?

Türkmen Helsinki Fondy türkmen halkyndan garaşsyz, bitarap Türkmenistanda raýatlaryň her gün ýüzbe-ýüz bolýan manysyz gadaganlyklaryny sanamagyny haýyş etdi.

Netije: hatda, Esasy Kanunda göz öňünde tutulan hak-hukuklar iş ýüzünde asla işlänok!

Ýurtda açyk, adalatly saýlaw ýok, ýerli häkimiýetlere we prezidentlige saýlawlary taýýarlamak, geçirmek häkimiýetler tarapyndan dolandyrylýar, berk gözegçilikde saklanýar.

Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde obýektiw çykyş etmek, şahsy pikiriňi aýtmak, garaşsyz maglumatlara, “ÝuTube”, “Facebook” we beýleki sosial ulgamlara girmek, telefon arkaly şahsy suratda syýasy mowzukdan gepleşmek hukugy- MÜMKIN DÄL.

Režim barada şahsy pikire eýe bolmak, prezidenti, režimi taňkytlamak, şahsyýet kultyna garşy göreşmek - ÝAŞAÝYŞ ÜÇIN HOWPLY!

Blogçy, oppozisiýaçy, adam hukuklaryny goraýjy bolmak - ÝAŞAÝYŞ ÜÇIN HOWPLY!

Garaşsyz, bitarap kazyýete, garaşsyz aklawjy tutmak hukugyna eýe bolmak - MANYSYZ!

Döwletden garaşsyz raýat jemgyýetini döretmek,obýektiw kärdeşler arkalaşygynyň, aýallar geňeşiniň agzasy bolmak - MÜMKIN DÄL.

Ýurtda diňe hökümetiň tarapdary bolan guramalar işleýärler.

Döwlet nyrhyna dollar satyn almak,bankomatdan nagt pul çekmek, Western Union-dan doly peýdalanmak – ADATY RAÝATLAR ÜÇIN ELÝETERSIZ BOLDY !

Okamagyň we işlemegiň ýerine çärä gatnaşmazlyk, çagaňy çagalar bagyna ýerleşdireniňde,ýokary okuw jaýalaryna gireniňde, umuman, başlyklara we güýç ulanyjy edaralaryň işgärlerine para bermezden ýaşamak – ASLA MÜMKIN DÄL, BOLUP BILJEK ZAT DÄL!

Ak reňkli bolmadyk awtoulag satyn almak, sürmek, zenanlara sürüjilik şahadatnamasyny almak, saçlaryňy isleýän reňkiňe boýamak, erkeklere sakgal goýbermek,okuwçylar mekdebe, studentler ýokary okuw jaýlaryna milli däl geýim-gejim geýmek – ASLA MÜMKIN DÄL, BOLUP BILJEK ZAT DÄL!

Beýleki ýurtlara erkin syýahat etmäge, daşary ýurtlarda saglygyňy bejertmäge, öz islegiňe görä daşary ýurt ýokary okuw jaýlarynda okamaga, çet ýurtlardaky konsulhanalarda köne pasportyňy çalyşmaga, koronawirus pandemiýasynda ýörite uçuşlara goşulmak hukugyna eýe bolmaga, daşary ýurtlarda aradan çykanlary dogduk diýarlarynda jaýlamaga – RUGSAT BERLENOK!

Bu ajy hakykatlar bilen adaty Türkmenistanlylar her gün diýen ýaly ýüzbe-ýüz bolýärlar!

Ynsan hukuklary barada Türkmen Helsinki Fondy.

Iň soňky habarlar

Туркменистан - запрет на выезд/Türkmenistan - syýahat gadagançylygy
Туркменистан - запрет на выезд/Türkmenistan - syýahat gadagançylygy
Azatlyk Radiosy:Türkmen aktiwistiniň gyzy Aşgabadyň aeroportynda uçara goýberilmedi
Azatlyk Radiosy:Türkmen aktiwistiniň gyzy Aşgabadyň aeroportynda uçara goýberilmedi
Ýene-de hereket azatlygynyň çäklendirilmegi. Garyndaşlyga esaslanýan jezanyň türkmen görnüşi.
Ýene-de hereket azatlygynyň çäklendirilmegi. Garyndaşlyga esaslanýan jezanyň türkmen görnüşi.
Azatlyk Radiosy:Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirýär
Azatlyk Radiosy:Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana...
Syýasy tussag Jumasapar Dädebaýewiň saglyk ýagdaýy baradaky gapma-garşy maglumatlar
Syýasy tussag Jumasapar Dädebaýewiň saglyk ýagdaýy baradaky gapma-garşy maglumatlar