Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Türkiýäniň deportasiýa merkezinden “boşadylandygy” aýdylan iki türkmen blogçysynyň ýerleşýän ýeri henizem näbelli.

Türkiýäniň deportasiýa merkezinden “boşadylandygy” aýdylan iki türkmen blogçysynyň ýerleşýän ýeri henizem näbelli.

2025-nji ýylyň 28-nji iýulynda irden sagat 10:00-da Gülala Hasanowa, ýanýoldaşy Alişer Sahatow bilen bilelikde ýitirim bolan Abdylla Orusowyň ýerleşýän ýerini anyklamak maksady bilen Sinop şäherindäki Migrasiýa gullugyna ýüz tutdy. Migrasiýa gullugynyň işgärleri kompýuter ulgamyndan barlag geçirip, Alişer Sahatow bilen Abdylla Orusowyň 24-nji iýulda giçlik Edirnedäki deportasiýa merkezinden boşadylandygyny habar berdiler. Şondan soň migrasiýa gullugynyň wekili oňa ýaşaýan ýerine laýyklykda polisiýa bölümine ýüz tutmagy maslahat berdi.

Sinop şäherindäki polisiýa bölüminde Gülala Hasanowany bölüm müdiri kabul etdi. Ol polisiýanyň maglumat ulgamynda iki blogçynyň hem Türkiýäniň serhedini terk edendigi barada hiç hili bellik ýokdugyny, şeýle hem olaryň soňky günlerde şikes alandygy ýa-da hassahana ýerleşdirilendigi baradaky maglumatlaryň ýokdugyny aýtdy.

Sinop şäher polisiýasy Gülala Hasanowanyň ýokarda agzalan iki türkmen blogçysynyň tapylmagy üçin resmi gözleg arzasyny kabul etdi.

я

Gülala Hasanowanyň aýtmagyna görä, Alişer Sahatowyň elinde hasaplaşyk karty bardy. Ol şol kart arkaly telefon jaňlarynyň tölegini we beýleki zerur gündelik çykdajylary töleýärdi. Emma 24-nji iýuldan bäri şol kartdan hiç hili töleg amala aşyrylmady. Mysal üçin, Sinop şäherine awtobus bileti üçin hem hiç hili töleg geçirilmedi.

Türkmen Helsinki Adam hukuklary gaznasy