Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Amnesty International guramasynyň Türkmenistanyň täze hökümetine beren teklipleri.

Amnesty International guramasynyň Türkmenistanyň täze hökümetine beren teklipleri.

AMNESTY INTERNATIONAL IÇKI RESMINAMASY Türkmenistanyň häkimiýetleri aşakdaky teklipleri gyssagly ýerine ýetirmeli we halkara jemgyýetçiligi diňe bir Türkmenistanyň häkimiýetleri bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar arkaly däl, eýsem hökümetara guramalar tarapyndan üpjün edilýän ähli kanallar arkaly durmuşa geçirilmegini yzygiderli talap etmeli.

Wyždan tussaglarynyň hemmesini derrew we şertsiz boşadyň.

Ähli syýasy tussaglar we 2002-nji ýylyň noýabr aýynda prezident Nyýazowy öldürmek synanyşygy üçin günäkärlenýänler üçin gaýtadan kazyýet işi halkara adalatly kazyýet ülňülerine laýyklykda we halkara kazyýet gözegçileriniň gatnaşmagynda geçirilmegine gözegçilik ediň.

Türmede şübheli ýagdaýlarda ähli ölümler barada köpçülige maglumat beriň. Gynamalaryň we beýleki erbet garamagyň ähli görnüşleri boýunça bitarap we düýpli derňewleri başlaň. Bu derňewleriň gerimini, usullaryny we netijelerini köpçülige ýetiriň we jogapkärleri jogapkärçilige çekiň.

Syýasy dissidentleriň, dini ynanýanlaryň, raýat jemgyýetiniň aktiwistleriniň we žurnalistleriniň adam hukuklarynyň hormatlanmagyna we goralmagyna göz ýetiriň. Olara yzarlamalara, tussag astyna alynmak howpuna we adam hukuklarynyň beýleki bozulmalaryna sezewar bolmazdan, parahatçylykly işlerini amala aşyrmaga mümkinçilik beriň.

Syýasy dissidentleriň, ynanýanlaryň, žurnalistleriň we raýat jemgyýeti aktiwistleriniň garyndaşlarynyň adam hukuklarynyň goralmagyny üpjün ediň.

Dissidentleriň we olaryň garyndaşlarynyň hereket azatlygy baradaky çäklendirmeleri aýyryň.

Halkara Gyzyl Haç komitetine we beýleki garaşsyz gözegçilere tussag edilenlere şol sanda 2002-nji ýylyň noýabr aýynda Prezident Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygy bilen baglanyşykly tussag edilenlere, girmek mümkinçiligini beriň.

Şahsy ynançlary sebäpli harby gulluk borjunu ýerine ýetirip bilmeýänler üçin goşmaça raýat gullugyna rugsat berýän kanunçylyk düzgünlerini hödürläň. Goşmaçagullugyň dowamlylygy ony jeza bilen deňleşdirmeli däldir.

BMG-nyň Türkmenistanyň hem gatnaşýan adam hukuklary şertnamalary boýunça ýurduň borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin içerki kanunlary we edaralary düýpli özgertmeleri derrew başlaň.

BMG Adam Hukuklary Geňeşiniň Türkmenistana baryp görmek üçin ýüz tutýan wekillerine ýörite işler üçin hemişelik çakylyklar beriň. Halkara hökümete degişli bolmadyk adam hukuklary guramalary üçin ýurda girmegi üpjün ediň.

Birleşen Milletler Guramasynyň Adam Hukuklary Geňeşi we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan soňky ýyllarda kabul edilen kararlaryň düzgünlerini doly ýerine ýetiriň.

BMG-nyň jyns taýdan kemsitmeleri ýok etmek komitetiniň (2005-nji ýylda neşir edilen), BMG-nyň aýal-gyzlara garşy diskriminasiýany ýok etmek komitetiniň (2006-njy ýylda neşir edilen) we BMG-nyň Çaga hukuklary komitetiniň (2006-njy ýylda çap edilen) tekliplerini ýerine ýetiriň.

Ýewropadaky Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan Türkmenistan boýunça hasabatçy wezipesine bellenen professor Emmanuel Dekonyň 2003-nji ýyldaky hasabatynda görkezilen teklipleri doly ýerine ýetiriň.

http://www.amnesty.org.ru/pages/ruseur610052007

Iň soňky habarlar

"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara borçnamalaryny bozýar
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara...
Türkmenler üçin kapas.
Türkmenler üçin kapas.
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi