Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Azatlyk Radiosy:Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirýär

Azatlyk Radiosy:Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirýär

Türkiýe, Ankara tarapyndan 2016-njy ýyldaky döwlet agdarylyşygy synanyşygy üçin jogapkär diýlip ykrar edilen din ruhanysy Fethullah Güleniň guramasy bolan “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi. Bu barada Russiýanyň TASS habar gullugy Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demiroka salgylanyp, 15-nji iýulda habar berdi.

“FETO, biziň doganlyk, dil we dini gatnaşyklarymyzdan peýdalanyp, köp ýurtlary, şol sanda Türkmenistany nyşana aldy we uly torlary döretmegi başardy. <...> Biz bu mekir gurluşyň hakyky tebigatyna düşünen we FETO mekdeplerini ýapmak bilen göreşimizi goldan doganymyz Türkmenistana minnetdardyrys” diýip, türk ilçisi aýtdy.

Rus neşiriniň habaryna görä, Demirok bu barada Türkiýäniň Demokratiýa we milli jebislik güni mynasybetli 15-nji iýulda Aşgabatdaky türk ilçihanasynda geçirilen dabarada mälim etdi.

Türkiýede 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky döwlet agdarylyşygy synanyşygyndan bäri her ýyl bu senede Demokratiýa we milli jebislik güni bellenilýär.

“Biz Türkmenistanyň FETO garşy uzak möhletleýin göreşimizde Türkiýedäki doganlary bilen agzybirlik we raýdaşlyk ruhunda hereket etjekdigine tüýs ýürekden ynanýarys” diýip, TASS türk ilçisiniň sözlerini sitirledi.

Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň websaýtynda ýa-da ýurduň metbugat serişdelerinde haýsydyr bir maglumat göze ilmeýär.

Türk häkimiýetleri Birleşen Ştatlarda ýaşaýan türk ruhanysy Fethullah Güleniň guramasynyň soňky 30 ýylda Türkmenistanda, Gyrgyzystanda, Gazagystanda, Özbegistanda, Täjigistanda, şeýle-de Azerbaýjanda we Mongoliýada açan mekdepler ulgamy arkaly Merkezi Aziýadaky täsirini giňeldip başlandygyny aýdýar.

Türk hökümeti 2016-njy ýylyň tomsunda Türkiýede bolan döwlet agdarylyşygy synanyşygy boýunça Fethullah Güleni we onuň yzyna eýerijileri aýyplady.

Bu wakadan soňra, Türkmenistan 2017-nji ýylda “Gülen hereketi” bilen ilteşikli bolmakda güman edilýän 18 türkmenistanly raýaty uzak möhletli, jemi 333 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Eden-etdilikli tussag etmeler boýunça Işçi topary 2018-nji ýylda bu 18 raýatyň “eden-etdilikli ýagdaýda tussag edilip, türme tussaglygyna höküm edilendigi” barada netijä geldi.

Mundan başga-da, 2017-nji ýylyň maýynda Azatlygyň ýerli çeşmeleri “Gülen hereketi” bilen ilteşikli bolmakda aýyplanyp, diňe Lebap welaýatynda azyndan 50 çemesi adamyň tussag edilendigini habar berdiler.

Azatlygyň habarçylary şol gabatlar ýurduň dürli künjeginde başga-da onlarça adamyň bu herekete ilteşikli bolmakda güman edilip, sorag edilendigi we häkimiýetler tarapyndan gynamalara sezewar edilendigi barada maglumat berdiler.

Galyberse-de, şu ýylyň maý aýynyň dowamynda “Gülen hereketi” diýilýän bilen ilteşikli bolmakda güman edilip, ýa-da emläklerini almak üçin matlaply aýyplanandyr öýdülýän, ýöne şu wagta çenli bilinmedik tussaglaryň ýene ikisiniň “jenaýat işi” hakynda Azatlyga maglumatlar gelip gowuşdy.

Bu maglumatlary anonimlik şertinde Azatlyga ýetiren tussaglaryň maşgalasynyň ýakynlary 2017-nji ýylda tussag edilen Muhtar Seýidowdan we Şatlyk Ýagmyrowdan ýedi ýyldan gowrak wagt bäri hiç hili habar alyp bolmaýandygyny, onuň nähili ýagdaýdygy barada maglumatyň ýokdugyny aýdyp, soňky ykbaly barada alada bildirdiler.

Türkmen häkimiýetleri ýokarda aýdylanlary häzire çenli ne inkär edýärler, ne-de tassyklaýarlar. Bu barada resmi media hem şu günki güne çenli dymyşlygyny saklaýar.

Iň soňky habarlar

 Karşi şäher kazyýetiniň syýasy tussag Jumasapar Dädebaýew baradaky karary
Karşi şäher kazyýetiniň syýasy tussag Jumasapar Dädebaýew baradaky karary
«Хроника Туркменистана»:“Ачилова: остался ли хоть один аксакал, способный выйти вперед?“
«Хроника Туркменистана»:“Ачилова: остался ли хоть один аксакал, способный выйти вперед?“
Ölüm bilen gutaran wakadan  1,5 ýyl soň, ýaş gyzyň maşgalasy türkmen Ombudsmeninden jogap aldy.
Ölüm bilen gutaran wakadan 1,5 ýyl soň, ýaş gyzyň maşgalasy türkmen Ombudsmeninden jogap aldy.
С. Нуримбетова продолжит учебу в Турции/Aktiwistiň gyzy Türkmenistandan çykyp bildi.
С. Нуримбетова продолжит учебу в Турции/Aktiwistiň gyzy Türkmenistandan çykyp bildi.
Azatlyk Radiosy: Türkmen aktiwistiniň gyzy Sadokat Nurimbetowa Türkmenistandan çykmaga rugsat berildi – THF
Azatlyk Radiosy: Türkmen aktiwistiniň gyzy Sadokat Nurimbetowa Türkmenistandan çykmaga rugsat...