SOFIA. Bolgariýada adam hukuklary guramasy bolan Türkmen Helsinki gaznasy döredildi. “Nemes tolkuny” bilen geçirilen söhbetdeşlikde Türkmen Helsinki gaznasynyň öňündäki işleriniň üstünde durulup geçildi.
- Bu hökümete degişli bolmadyk garaşsyz aklawçylyk adam hukuklary guramasy. Oňa Türkmenistandan, Russiýadan, Germaniýadan, Şwesiýadan, Beýik Britaniýadan we Bolgariýadan 16 kişi girýär. Bolgariýa Helsinki komiteti bizi çynlakaý goldaýar, ýazda Halkara Helsinki komitetiniň başlygy Aaron Rodes bilen duşuşdyk, ol hem bize goldaw berdi. Ýakyn geljekde, Türkmenistan tarapyndan gol çekilen halkara adam hukuklary aktlary bilen Türkmenistanyň kanunçylygynda haýsy gapma-garşylyklaryň bardygyny anyklamalydyrys, şonuň üçin biziň wezipämiz türkmen ilatynyň arasynda adam hukuklary ideýalaryny ýaýratmak, sebäbi bilşiňiz ýaly, Türkmenistanda gaty uly maglumat vakuumy bar we biz ilki bilen aýallaryň, çagalaryň, etnik we dindar adamlaryň hukuklary bilen baglanyşykly ýagdaýa aýratyn üns bereris, maglumat ýygnamak mümkinçiligimiz bar, sebäbi gaznanyň agzalary Türkmenistanda we biz ýakyn aragatnaşyk saklaýarys. Howpsuzlyk sebäpli familiýalarynyň bilinmegini islemeýäris, gizlinliklerini goraýarys.
Nemes tolkuny