Çeşmäniň habaryna görä, 2023-nji ýylyň mart aýyndan bäri Sankt-Peterburgdaky deslapky tussaghanada saklanýan Täçmyrat Bekiýew Krasnoýe Selodaky №1 daşary ýurt raýatlary üçin wagtlaýyn tussag merkezine geçirildi we ähtimal Türkmenistana deportasiýa edilmegine taýynlanýar.
Täçmyrat Bekiýew we dogany Aşyrbaý 2015-nji ýylda Türkmenistanyň Milli Howpsuzlyk Ministrligi tarapyndan Jenaýat kodeksiniň 177-nji maddasynyň 1-nji bölümine laýyklykda (milli ýa-da dini ýigrenji öjükdirmek) gözlenýänleriň sanawyna girizildi. Soňra aýyplamalar ep-esli giňeldildi (iki dogan üçinem). Bekiýewleriň tanyşlarynyň pikiriçe, doganlar takwa musulmanlar, pikirleri belli bolşy ýaly ekstremizmden ýa-da radikalizmden daşdadyr.
2023-nji ýylyň awgust aýynda türkmen tarapynyň haýyşy boýunça Aşyrbaý Bekiýew Russiýadan deportasiýa edildi. 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda "Yslam ekstremizmi" bilen baglanyşykly galplaşdyrylan aýyplama bilen 23 ýyl azatlykdan mahrum edildi we häzirki wagtda Türkmenistanyň meşhur Owadan-Depe türmesinde saklanýar. Çeşme iýmit we saklanyş şertlerini “gaty erbet” diýip häsiýetlendirýär.
Täçmyratyň Türkmenistana deportasiýa edilen halatynda, onuň kiçi doganyna berlen edil şonuň ýaly agyr höküm bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyny ynam bilen aýdyp bileris.
Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.