Şaýatlaryň beren gurrüňi. 2.
Geçen ýylyň noýabr aýynda bir türk deportasiýa merkezinde 20 gün geçiren 30 ýaşly türkmeniň şaýatlygyny size ýetirýäris. Bizde ähli maglumatlar bar, ýöne özünüňhowpsuzlygy sebäpli Baýram diýip atlandyrylmagyny haýyş etti.
“Men 2012-njiýylda Türkiýä geldim we 2018-nji ýyla çenlibu ýerde kanunyýagdaýda galdym. Türkiye’de ýaşamak üçin rugsatnamamyň möhleti gutarandan soň, ýene bir gezek möhletini uzaltmak üçin Türk Migrasiýasyna resminamamy tabşyrdym, ýöne gynansak-da, ret edildi.
Kanunlaşdyrmak üçin başga bir ýurda gidipgelmeli boldum. Şeýle mümkinçiligim bolmansoň,
bikanun immigrant ýagdaýda galmalyboldum .
2021-nji ýylyň 1-nji awgustynda Stambulyň Aksaraý şäheri tarapdan işe gitdýärdim. Metro
girelgesinde polisiýa işgärleri resminamalary barlap duran ekenler. Resminamalarynyň ýoklugy sebäpli meni tussag etdilerwe Tuzla sebitinde ýerleşýän deportasiýa merkezine iberdiler. Lageriň
doly ady “ İSTANBULVALİLİĞİ İL GÖÇ İDARESİ MÜDÜRLÜĞÜGERİ GÖNDERME MERKEZI”. Iki günden
soň, biz 129 adam,Erzurum şäherindäki deportasiýa lagerine iberildik. Ellerimizi we aýaklarymyzy daňyp , üç awtobusa mündürdüler. Jenaýatçy däldigimize garamazdan (kazyýet işi geçirilmezden), aramyzda syrkaw adamlar ýa-da başga kyýynçylyklary bolmagyna seretmezden, ellerimizi we aýaklarymyzy jenaýatçy hökmünde daňyp alyp gittiler. Meniň pikirimçe, bu adamkärçiliksiz
garaýyşlaryň biridir.Stambul bilen Erzurumyň arasynda 22 sagatlykýol bar. Bu wagtyň dowamynda bize hajathana gitmäge rugsat berilmediler. Käbirleri hajathana işlerini awtobusyň içinde oturan ýerine etmäge mejbur boldular.
Erzurum şäherindäki deportasiýa merkezinde , erkekli we aýally türkmenraýatlaryndan dolydy.
Bulardan käbiriaýak ýalaňaçdy, ýagny aýaklarynda hiç hili aýakgapýokdy. Olaryň arasyndahassalar hem köpdi. Men özüm hem kesel ýagny ýüregim agyrýar. Meni tussag edenlerinde, ýanymdaýürek agrysyna garşy dermanym bardy. Lagere gelenimden soň, dermanlarymy şahsy zatlarym bilen galdyrdylar. Dermanlarym gutaransoň, deportasiýa merkeziniň işgärlerine maňa şoldermandan öz puluma satyn almyp bermeklerini haýyş ettim. Emma olar maňa asla kömek etmediler.
Ýollaryň ýapylýandygy sebäpli watandaşlarymyz gaty görgi görýärler, ýüzlerçe türkmen umytsyzlyga düştü. Olara lagerden çykmaga rugsat berilmeýär, türkmen konsullygynyň işgärleri olary baryp görmeýärler, ýöne bu olaryň wezipeleriniň bir bölegidir.
Meniň Türk häkimiýetlerine gaharym gelenok. Türkmenistan ýaly bir ýurduň potensialyna eýe bolmagymyza garamazdan, Prezidentimiziň bolmagyna garamazdan, hökümetimiziň bolmagyna
garamazdan, Türkmenistan halkynyň ejir çekýändigine gaharym gelýär. Kyn ýagdaýlarda bizi gorajak adam ýok. Ýurdumyzyň we ýolbaşçylarynyň öz raýatlaryna degişliresminamalary bermeýändigi üçin biz günäkär däl. Şol sebäpli şeýle bir ejir çekýäris welin, hatda käwagt suw we iýmit tapmakda kyýynçylyk çekýäris.
Ynsan hukuklary barada Türkmen Helsinki Fondy.