Ştaýnmaýeriň Türkmenistana sapar eden ilkinji Germaniýanyň Daşary işler ministri bolandygyny ýatladyp, hepdelik şeýle ýazýar:
Bu ýurduň çig mal baýlygy barada derrew gürrüň berip başlap bolar. Şeýle-de bolsa, Ştaýnmaýer kölege taraplarada degip geçdi, gynamalar, erkin metbugatyň ýoklugy we oppozisiýany basyp ýatyrmak barada aýtdy.
Türkmenistan, çig mal ätiýaçlyklary sebäpli özüne çekiji hyzmatdaş bolup biljek döwletleriň biridir. Şeýle-de bolsa, Günbataryň şeýle ýurtlar bilen işewür gatnaşyklaryny gurmak kyn. Ştaýnmaýeriň sapar maksatnamasy esasy ideýasyna esaslandy: milli bähbitlere laýyk gelýän ýakynlaşma arkaly üýtgemegi öňe sürmek.
Geljekde daşary syýasatda “energiýa daşary syýasatyna” öwrüler diýip bellenip geçilýär, Germaniýanyň Daşary işler ministrliginde birnäçe aý ozal işlenip düzülen düşünje. Germaniýa tutanýerli, ýöne şol bir wagtyň özünde yzygiderli awtoritar ulgamlaryň üýtgemegine itergi berýän bolsa, uzak möhletde bu diňe sebitde durnuklylygyň ýokarlanmagyna sebäp bolman, eýsem girdejili şertnamalar baglaşmaga hem mümkinçilik döreder.
Käbir saparlary kanatda ýöremek bilen deňeşdirip bolar, sebäbi ministr - öý eýesiniň nägileligi alýan tarapy hökmünde - adam hukuklary meselelerini yzygiderli gozgamaly.
Gyrgyzystanda-da soňky günlerde içerki syýasy ýagdaý ýaramazlaşdy; uçar gonmazdan ozal nemes delegasiýasy işiň oppozisiýa demonstrantlaryny dargatmak üçin geljekdigini bilmeýärdi.
Özbegistanda Germaniýanyň Daşary işler ministrliginiň başlygy prezident Karimow bilen iki sagatlap dissidentleriň yzarlanmagyny ara alyp maslahatlaşdy. Ştaýnmar missiýasynyň netije berjekdigine umyt edýär.
Mihail Stepowik.
"Nemes tolkuny"