Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Raýatlaryň saglygyny goramakmy ýada wezipeli adamlaryň gazanjymy?

Raýatlaryň saglygyny goramakmy ýada wezipeli adamlaryň gazanjymy?

Türkmenistanyň konstitusiýasynyň 52 maddasyna laýyklykda " her bir adamyň saglygyny gorap saklamaga, şol sanda döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň hyzmatlaryndan mugt peýdalanmaga hukugy bardyr".

Konstitusiýa halka şeýle hukuk bersede , iş ýüzünde welin Türkmenistan raýatlary göz - göertele kanun bozulmalar bilen ýüzbe ýüz bolýarlar.

Şu ýylyň 2 - nji noýabrynda Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň ýaşaýjysy lukmanyň adyny ýazyp beren dermanlaryny satyn alýar. Dermanlary satan dermanhananyň ady ENAR bolup, ol Baýramaly şäheriniň Soltan Sanjar köçesiniň 8 - nji jaýynda ýerleşýär.

Şol ENAR atly dermanhanadan dermanlary satyn alan watandaşymyz öýüne gelen soň dermanlaryň biriniň ulanylyş möhletiniň geçendigine göz ýetirýär. Has takygy SEWTRIKASION NATRISI atly dermanyň möhleti gutaran. Watandaşymyz ha ýal etmän ýaňky dermany satyn alan dermanhana ugraýar. Dermanhana işgärleri dermany yzyna almakdan ýüz öwürýärler.

Watandaşymyz sebäbini soranda ""TÜRKMENISTANYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ WE DERMAN SENAGATY MINISTRLIGINIŇ talaplaryna we buýruklaryna gabat gelmeýär "" - diýip dermanhana işgärleri jogap berýärler. Möhleti gutaran dermanyň yzyna alynmagynyň gadaganlygyny kepillendirýän TÜRKMENISTANYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ WE DERMAN SENAGATY MINISTRLIGI tarapyndan berlen buýrugy resminama görnüşinde görkezilmegini watandaşymyz talap edýär. Ol talaba çynlakaý sereden bolmady. Dermanhananyň satyjysy hem ýarawlylyk möhleti geçen dermanyň puluny yzyna bermedi. Watandaşymyzyň Kanuna esaslanmagy we dermanhana işgärleriniň jogapkärçiligi hakda ýatlatmagy gerekli netije bermedi .

Möhleti geçen watandaşymyz şeýle diýýär :

- Men Baýramaly şaheriniň polisiýa merkezine bardym we bolan hadysany jikme - jik gürrüň berdim. Haýal etmän çäre görmeklerini talap etdim. Ýöne polisiýa merkezinde meniň talabymy kabul etmediler - diýip biziň habarçy çeşmämize gürrüň berdi :

- Meniň başyma düşen wakany we Türkmenistanda bolup geçýän eden - etdilikleri halk köpçüligine çykaryň - diýip bizden haýyş etdi.

Şeýle ýagdaýlarda Türkmenistanyň ne polisiýa gullugy nede prokuratura işgärleri halkyň arzyny diňleýärler. Dermanlaryň aglaba böleginiň möhleti dolanlygy sebäpli, gutuly dälde ýekän - ýekän satylýar. Näme üçin beýle edilýär? Sebäbi ulanmana ýarawlylyk möhleti gutyň daşynda görkezilen. KALIÝ PERMENGANAT ýagny halk içinde MARGANSOWKA ady bilen tanalýan dermany we wodorodyň perekisini satyn almak asla mümkin däl. Ýagny asla satylanok.

Döwletde höküm sürýän bidüzgünçiliklerden ýokary wezipeli emeldarlar peýdalanyp, jebiri we pidany çekmek bolsa, garamaýak halkyň üstüne atýarlar.

Bize ugradylan çekdäki telefon nomera birnäçe gezek jaň etsekde bize jogap beren bolmady.

Polisiýa gullugy we dermanhana işgärleri möhleti gutaran dermanyň näsag adama nähili täsir edip biljekdigini gaty gowy bilýärler. Möhleti gutaran derman näsag adamyň bedeninde garşylyklaýyn reaksiýa görkezip, netijesi has pajygaly ýagdaýada getirip biler elbetde.

Türkmenistanyň jenaýat kodeksiniň 107 - nji maddasyna laýyklykda başga biriniň saglygyna bilkastlaýyn şikes ýetiren şahsyň 3 ýyldan 8 ýyla çenli azatlykdan mahrum ediljekdigi aýdylýar.

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.

Iň soňky habarlar

"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara borçnamalaryny bozýar
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara...
Türkmenler üçin kapas.
Türkmenler üçin kapas.
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi