Garaşsyz adam hukuklary guramasy Türkmen Helsinki Gaznasy, awtoritar režimiň günäsi sebäpli 2020-nji ýyl Türkmenistan halky üçin has kynlaşýandygyny alada bildirip, belläp geçýär. Türkmenistanda esasy adam hukuklarynyň bozulmagy hasam artdy. Söz we pikir azatlygy, garaşsyz maglumat almak, erkin hereket azatlygy, saglygy goramak we öz wagtynda öňüni almak ýaly meseleler türkmen häkimýetleri tarapyndan alada edilenok.
Bütin dünýä COVID - 19 ýokanç keseli bilen göreşýän wagtynda, Türkmenistanda koronawirusa ýokaşan näsaglaryň bardygyny düýbünden inkär edýär we şeýlelik bilen ilaty we halkara guramalary ýalan maglumatlar bilen aldaýar. Şeýle pozisiýada Türkmenistanyň halkyny ygtybarly maglumat almak hukugyndan mahrum edýär. 2020-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanda, Lebap we Mary welaýatlarynda çynlakaý tebigy betbagtçylyklar bolup geçdi, netijede ýüzlerçe raýat öýlerini, emläklerini ýitirdi. Birnäçe ölenler bar. Şol sanda çagalar hem bar. Ýerli häkimýetler tarapyndan, bagtçylyk barada ýakynlaryna habar berenler yzarlanmalara, telefonlarynyň ellerinden alynmagyna, bikanun tussag edilmegine we azatlykdan mahrum edilmek howpuna sezewar edildi.
Bu meseleler, daşary ýurtda ýaşaýan we Türkmenistanyň içinde ýaşaýan türkmen halkyndan internetde Türkmenistanyň awtoritar režimine nägileligini aýtmagyna we tankyt etmegine sebäp döretdi. Şeýlelik bilen, 16-njy iýunda Ahal welaýatynyň Büzmeýin şäheriniň ýaşaýjysy , Türkmenistanyň raýaty Myrat Duşemow(1984-nji ýylyň 24-nji maýynda doglan Aşgabat şäherinde) tussag edilip, Kopetdag etrabynyň polisiýa merkezine äkidildi. Myrat Düşemowyň ejesi Täzegül gelnejäniň sözlerine görä, ogluny tussag edenler iki polisiýa işgäri bolup we raýat eşikli dört adam bardy diýýär. Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri diýlip çaklanylýar. Duşemowa degişli resminamalary görkezmezden we aklawçy bermezden sorag edildi.
M.Duşemowyň “Youtube” -da takmynan bir aý ozal hasaba alnandygy mälim. Daşary ýurtlarda awtoritar režime garşy iş alyp barýan Türkmenistanyň Demokratik Saýlawy diýip tanalýan we Türkmenistanyň Konserwatiw Partiýasy diýip tanadan hereketleriň Youtube sahypalarynda öz pikirini paýlaşdy. 14-nji we 15-nji iýunda Türkmenistanda raýat jemgyýetini ösdürmek baradaky tekliplerden ybarat bolan wideony paýlaşdy. 16-njy iýunda iki türkmen aktiwisti M. Duşemowyň soraglaryna jogap berdi: Halmurad Soýunow (Şwesiýa) we Maksat Saparmuradow (Türkiýe).
Myrat Düşemow tussag edilen wagtynda hukuk goraýjy işgärler Düşemowyň maşgalasyna degişli bolan kompýuter enjamlaryny, fleşkartlary, telefonlary ellerinden aldylar. Duşemowyň tussag edilen ejesi, pensiýa ýaşyndaky Mammadowa Täzegül ertesi gün boşadyldy. M.Saparmuradowyň aýtmagyna görä, özüniň Täzegül gelnejä Russiýa Federasiýasynyň Aşgabaddaky ilçihanasynyň öňüne barmagyny maslahat berendigini we şol ýerde tussag edilendigini habar berdi. Gynansakda bu ilçihana deňeşdirilende watandaşlaryň hukuklaryny goramakda beýleki döwletler bilen deňeşdirende pes netijeliligi bilen tanalýar. Mysal üçin, resminamalary tapmakda, şol sanda diplomlary tassyklamakda, pensiýalary hasaba almakda, garyndaşlaryň mazarlaryna zyýarat etmek üçin wizalarda, ýakynlary bilen duşuşmakda, emläk hukuklary meselelerini çözmekde we şuňa meňzeş ýagdaýlarda Rossiýanyň ilçihanasy ýyllardyr aýgytly çözgüde gelip bilenok . Türkmen hökümedi daşary ýurtly aktiwistleriň M. Duşemowy boşatmak baradaky çagyryşy barada hiç hili düşündiriş bermedi, häzirki wagtda nirededigi we ykbaly nähilidigi barada hiç hili maglumat ýok. Konstitusiýa laýyklykda, her bir raýatyň jynsyna, ýaşyna, sosial gelip çykyşyna we iş ýerine, wezipesine garamazdan söz azatlygyna hukugy bardyr. Geçen ýyl dünýäde “Serhetsiz habarçylar” guramasynyň habaryna görä metbugat azatlygy sanawynda iň soňky 180-nji orny Türkmenistan eýelär.
Soňky ýyllarda türkmen raýatlarynyň konstitusion hukuklaryna esaslanyp hukuklaryny goramak we talap etmek synanyşygy ikinji gezek bolýar. ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň 2019-njy ýyldaky adam hukuklary baradaky hasabatynda: “Türkmen häkimýetleri Türkiýede okaýan uniwersitetiň talyby Omruzak Omarkuliýewi tussag etdi. Omarkuliýew Türkiýedäki uniwersitetde resmi däl türkmen talyplar toparyny döretdi: “Şeýlelikde, Türkmenistan hökümeti öz raýatlarynyň söz azatlygyndan peýdalanmak, şol sanda internet arkaly maglumat gözlemek, almak we ýaýratmak hukugyny düýpli bozýandygyny ýene bir gezek iş ýüzünde görkezýär.
Adam Hukuklary Türkmen Helsinki Gaznasy, Türkmenistanyň häkimiýetlerinden adamlary yzarlamak boýunça Stalin-Beria praktikasyny bes etmegini, bikanun tussag edilen raýatlary, şol sanda M. Duşemowy derrew boşatmagyny, internetiň we beýleki aragatnaşyk serişdeleriniň petiklenmegini bes etmegini we raýatlara elýeterli ulanmaga mümkinçilik bermegini talap edýär. Her bir raýat konstitusion hukuklaryndan doly peýdalanmaga haklydyr.
Bu resminama, Ýewropa Bileleşigine we beýleki halkara guramalaryna gönükdirilendir.
THF-nyň başlygy Täjigul Begmedowa.
21.06.2020