Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Azatlyk Radiosy:Tankydy pikirinden soň ýitirim bolan bloggeriň mazary tapyldy

Azatlyk Radiosy:Tankydy pikirinden soň ýitirim bolan bloggeriň mazary tapyldy

Türkmenistanda ilatyň gündelik meselelerine, hususan-da azyk ýagdaýyna ünsi çekip, sosial media arkaly berk reaksiýa bildiren tik-tokçy bloggeriň gümürtik ýagdaýda ýogalandygy baradaky habar tassyk boldy, Azatlygyň habarçylary onuň jaýlanan ýerini tapyp, mazarynyň suratyny redaksiýa ýetirdiler.

Azatlyk ‘gözden ýiten’ we howpsuzlyk işgärleri tarapyndan tankydy pikiri üçin urlup, gynalyp öldürilendigi öňe sürlen blogger baradaky maglumaty 18-nji dekabrda çap etdi.

“Hitrowski” lakamyny ulanan, adynyň Didardygy aýdylan blogger häkimiýetleriň tankydy pikirlilere edilýän basyşy has güýçlendirýän wagtynda ýitirim boldy we sosial ulgamlarda, özara pikir alyşmalarda köp alada bildirilen meseleleriň birine öwrüldi.

Azatlyga gelip gowşan suratdaky mazar daşyndaky ýazgylar onuň onuň 1991-nji ýylyň 30-njy maýynda doglan Diýdar Amansähatow Baýrammyrat ogludygyny, 2025-nji ýylyň 20-nji noýabrynda ýogalandygyny görkezýär.

Azatlygyň ozal habar berşi ýaly, onuň sosial media arkaly ile ýetiren soňky sözleri et bahasynyň görülmedik derejede gymmatlamagy bilen bagly bolupdy.

“Ew, bu nämäniň alamaty-how, Hudaý saklawersin-how... 150 manatdan, 140 manatdan hem bir et bormy-how? Hä?! Men bu tema arkaýynçylykda gelerin, etiň zadyň temasyna. Şu wagt kän gürlemäýin, bir ýerä gidip barýan... Ýa siz eti arzanladarsyňyz, ýa-da biz eti taşlarys” diýip, Azatlyk onuň sosial media arkaly bildiren reaksiýanyň ses ýazgysyny çap edipdi.

Didar Amansähetow ýurtdaky sosial meseleler, häkimiýete ýakyndygy aýdylýan şahsyýetler barada aýdan pikirleri, şol sanda gahar-gazaply wideolary bilen, metbugat azatlygyny berk çäklendirýän Türkmenistanda sosial media ulanyjylarynyň arasynda köp tomaşaçy çekýärdi we, onuň gozgaýan meseleleri dürli garaýyşly çekişmelere sebäp bolýardy.

Sosial mediada onuň soňky çykyşy bilen bagly onlarça wideoda çap edildi we olaryň aşagynda ýüzlerçe kommentariýa ýerleşdirildi. Pikirini aýdanlaryň arasynda, Amansähedowyň ‘häkimiýetlere açyk garşy’ çykmagy sebäpli, ondan ar alnan bolmagynyň mümkindigini öňe sürenler hem boldy.

Azatlygyň dürli sebitlerdäki habarçylary şol wagt TikTokdaky hökümetçi hasaplaryň aşagynda tankydy pikirleri ýazýanlary, resmi mediada aýdylýan zatlar bilen hakyky durmuşyň arasynda ‘uly aratapwudyň bardygyna” ünsi çekýän ulanyjylary anyklamak boýunça kampaniýa alnyp barylýandygyny ýazdylar.

Bir ýaşaýjy habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşip, Hitrowskiniň çap eden wideosynyň aşagynda onuň maşgalasyna duýgudaşlyk teswirini ýazany üçin soraga çekilendigini aýtdy.

“Ofiserleriň biri üstüme azgyrylyp: ‘eşidýänsiňiz, Arkadaga garşy tankydy pikir aýdan ýa-da daşary ýurtlardaky garaşsyz media serişdeleri bilen hyzmatdaşlyk eden raýatlaryň nä günlere düşýändigini. Näme, siziň kelläňiz indi iki boldumy; birini kesseler, beýlekisi bilen ýaşamagy dowam etdirer ýaly?! Hökümeti tankytlamaň ýa-da ‘Watan habarlary’ we beýleki döwlete degişli TikTok sahypalaryna erbet komentarýa ýazmaň, işimizi köpeltmäň. Öz janyňyza öz rehimiňiz gelsin’ diýip, söhbetdeşimizi tassyklamagyna görä, güýç gullugynyň işgäri ‘Hitrowskiniň’ adyny tutup, onuň ‘ykbalynyň’ ‘sapak’ bolmalydygyny aýdypdyr.

Türkmen häkimiýetleri Didar Amansähedowyň ykbaly barada çykan habarlara açyk we resmi reaksiýa bildirmedi.