Kömegiňiz zerur: Baýram Aşyrgeldiýew (erkek), 20 ýaşynda, Nurýagdy Gairow (erkek), 27 ýaşynda, Aleksandr Zuýew (erkek), 27 ýaşynda, Süleýman Udaýew (erkek), 24 ýaşynda.
7-nji awgustda Süleýman Udaýew 7 aý azatlykdan mahrum edildi. Amnesty International ony wyždan ýesiri hasaplaýar. Guramanyň pikiriçe, azatlykdan mahrum etmek diňe dini sebäplere görä harby gullukdan ýüz öwürendigi üçin jeza boldy. Iýegowa şaýatlarynyň üçüsiniň ýagdaýy üýtgemän galan ýaly.
Alnan maglumata görä, Mary etrap kazyýeti Süleýman Udaýewe "harby gulluga çagyrylmakdan gaçmak" üçin (Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 219-njy maddasynyň 1-nji bölümi) günäkär hökümüni çykardy. Kazyýet diňlenşiginde Süleýman Udaýewiň aklawçysynyň ýokdugy habar berildi. Şeýle hem, diňlenişikde kazy Udaýewiň goşunda gulluk etmegine rugsat bermeýän dini ynançlaryny ýaňsa aldy. Kazy: “Injil gutarylmadyk kitap. Belki, Hudaý ýurdy goramak üçin goşuna goşulmalydygyňyzy ýazmagy ýatdan çykarandyr. Pikirleriňizi üýtgetmeli we gulluga gitmeli” diýdi diýip habar berildi.
Kazyýet diňlenşiginden soň ony Mary şäherindäki tussaghana äkitdiler. 13-nji awgustda, kazyýet işi başlanaly bäri ilkinji gezek garyndaşlaryna onuň ýanyna baryp görmäge rugsat berildi. Süleýman Udaýew höküme şikaýat etdi.
Süleýman Udaýewiň bir türkmen tarapdary 14-nji awgustda “Amnesty International” guramasyna: “Bu waka barada mümkin boldugyça köp adamyň bilmegini isleýäris. Biz onuň gysga wagtda boşadylmagyny isleýäris "-diýdi.
Еurasianet