Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

BMG türkmen häkimiýetlerini garaşsyz derňew geçirmäge çagyrýar.

BMG türkmen häkimiýetlerini garaşsyz derňew geçirmäge çagyrýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Adam Hukuklary boýunça Ýokary Komissarlygynyň edarasy (AHÝKE) türkmen häkimiýetlerini žurnalist Ogulsapar Myradowanyň ölümi barada garaşsyz derňew geçirmäge çagyrýar.

AHÝKE -iň metbugat sekretary Hose-Luis Diaz: "Türkmen hâkimiyetlerini onuň ölüminiň sebäpleri, şol sanda garaşsyz kazyýet seljermesi ýaly düýpli, gyssagly we garaşsyz derňew geçirmäge we derňewiň netijelerini köpçülige ýetirmäge çagyrýarys" -diýip, Ženewada geçirilen brifingde aýtdy.

Onuň sözlerine görä, AHÝKE hökümete garşy dildüwşükde aýyplanyp alty ýyl azatlykdan mahrum edilen türkmen türmesinde ölen Myradowanyň ölüminden "aladalanýar".

"Serhetsiz habarçylar" hökümete degişli bolmadyk gurama Türkmenistanda "Azatlyk" radiosynyň habarçysy bolup işlän Myradowanyň türmede ýenjilmegi netijesinde ölendigini öňe sürýär. Myradowanyň yzynda üç çagasy galdy.

Diazyň pikiriçe, AHÝKE Myradowa bilen bilelikde iş kesilen we tussaglykda saklanýan beýleki iki adam hukuklaryny goraýjy Annagurban Amanglyjowyň we Sapardurdy Hajyýewiň ykbaly barada alada edýär.

Ýekaterina Andrianowa.

RIA habarlary

Iň soňky habarlar

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanly bloger Umida Bekjanowa Türkiýeden deportasiýa edilmek howpy abanýar
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanly bloger Umida Bekjanowa Türkiýeden deportasiýa edilmek howpy abanýar
Azatlyk Radiosy:  Türkmenistanda 'gülençi' diýlip, türmä düşenleriň birnäçesiniň ykbaly belli boldy
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda 'gülençi' diýlip, türmä düşenleriň birnäçesiniň ykbaly belli boldy
Azatlyk Radiosy: Gazak azyjysy Muhtar Magauin ABŞ-da jaýlandy
Azatlyk Radiosy: Gazak azyjysy Muhtar Magauin ABŞ-da jaýlandy
"Вон отсюда, не умрешь!"/Sýurpriz - deportasiýa; türkmen zananlar...
"Вон отсюда, не умрешь!"/Sýurpriz - deportasiýa; türkmen zananlar...
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.