Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Moskwa Türkmenistanyň täze pensiýa kanunçylygy, bu ýurtda ýaşaýan rus raýatlarynyň bähbitleri bilen gyzyklanýar.

Moskwa Türkmenistanyň täze pensiýa kanunçylygy, bu ýurtda ýaşaýan rus raýatlarynyň bähbitleri bilen gyzyklanýar.

Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Grigoriý Karasin, Türkmenistanyň täze pensiýa kanunçylygynyň bu ýurtda ýaşaýan rus raýatlarynyň bähbitlerine täsir edýändigi sebäpli Moskwada sorag döredýändigini habar berdi.

Russiýanyň Daşary işler ministrligi "Russiýa tarapy, Türkmenistanyň täze pensiýa kanunçylygynyň Russiýanyň jemgyýetçilik-syýasy toparlarynda köp sanly sorag döredýändigini belläp geçdi, sebäbi bu Türkmenistanda ýaşaýan pensiýa ýaşyndaky köp sanly rus raýatynyň bähbidine-de täsir edýär" -diýdi. 7-9-njy fewralda Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň orunbasary Grigoriý Karasin bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň arasynda geçirilen birnäçe telefon söhbetdeşliginiň netijeleri barada anna güni ýaýradan beýanynda aýdylýar.

Resminamada "R. Meredowyň aýdylan kanun bilen baglanyşykly düşündiriş berendigini" bellenýär.

Daşary işler ministrliginiň beýanynda "Türkmenistanda häzirki zaman sosial üpjünçilik ulgamynyň ýurduň ähli raýatlaryny öz içine alýandygyny aýtdy" -diýilýär.

Şeýle hem, taraplaryň bu mesele boýunça pikir alyşmagy dowam etdirmek barada ylalaşandyklary aýdylýar.

Interfaks.

Iň soňky habarlar

P. Allaberdyýew öz hak-hukuklaryny talap etmegini dowam edýar/Юрист продолжает требовать свои права.
P. Allaberdyýew öz hak-hukuklaryny talap etmegini dowam edýar/Юрист продолжает требовать свои права.
Pygambergeldy Allaberdiýew syýahat gadagançylygyny ýatyrmaga we işini gaýtadan dikeltmäge synanyşýar.
Pygambergeldy Allaberdiýew syýahat gadagançylygyny ýatyrmaga we işini gaýtadan dikeltmäge...
“Gaçybatalga gözleýänleri meýletin gaýdyp gitmek baradaky beýana gol çekmäge mejbur edýärler”
“Gaçybatalga gözleýänleri meýletin gaýdyp gitmek baradaky beýana gol çekmäge mejbur edýärler”
Türkmenistanlylar türk deportasiýa merkezlerindäki 'ýaşaýyş şertlerine çydaman', watana dolanmaly bolýarlar
Türkmenistanlylar türk deportasiýa merkezlerindäki 'ýaşaýyş şertlerine çydaman', watana dolanmaly...
Daşoguz welaýatynyň howpsuzlyk işgärleri 7 ýolagçynyň ölmegine sebäp bolan awtoulag heläkçiligi baradaky maglumatlary gizlemäge synanyşýarlar.
Daşoguz welaýatynyň çinowniklary 7 ýolagçynyň ölmegine sebäp bolan awtoulag heläkçiligi baradaky...