Türkiýede tussag edilen aktiwist Dursoltan Taganowa bilen baglanyşykly ýagdaý barada
19-njy iýulda türkmen aktiwistleri Stambulda Türkmenistan konsullygynyň öňünde ýene bir nägilelik ýörişini geçirmegi meýilleşdirdiler. Mundan ozal türkmen raýatlary birnäçe demonstrasiýa çärelerini gurnapdylar, ýöne bu gezek türk polisiýasy ýöriş başlamanka onlarça adamy tussag etdi. Käbir maglumatlara görä, bu çäräniň ýerli kanunlara garşy gelýändigine salgylanyp, Türkmenistan ilçihanasynyň işgärleri talap edipdir.
Günüň dowamynda tussag edilenleriň hemmesi diýen ýaly boşadyldy. Şol gün agşam polisiýa bölüminde diňe bir aýal maşgala galdy, türk polisiýasynyň aýdyşy ýaly Türkmenistandan “ýörite haýyş” geldi diýip jogap berdiler. Ol aýal maşgalanyň ady Dursoltan Taganowa .
"Hronika Turkmenistana" Taganowanyň işi bilen baglanyşykly meseleler boýunça Türkmen Helsinki Adam Hukuklary Gaznasynyň başlygy Tajigül Begmedowa ýüzlendi. Häzirki deportasiýa merkezinde saklanylýan aktiwistiň ýagdaýy barada käbir maglumatlary aýtdy.
Ynsan hukuklaryny goraýjylar 19-njy iýulda Stambulda tussag edilen Taganowa Dursoltan bilen baglanyşykly ýagdaýa ýakyndan gözegçilik edýärler.
6-njy awgustda aktiwistiň aklawçysy igigit Reýhanly türkmen aktiwistleriniň we adam hukuklaryny goraýjylaryň öz wagtynda eden täsiri netijesinde deportasiýa meselesiniň indi beýle möhüm däldigini aýtdy. Metbugat habarlaryna görä, Türkmen häkimiýetleriniň Stambul deportasiýa merkezinde saklanýan 22 türkmen migrantyny deportasiýa etmek üçin ýörite uçar taýynlaýandyklary aýdylýar. Dursoltan Taganowanyň aklawjysy ýakyn wagtyň içinde deportasiýa howpy ýok diýip belledi.
Goragçy, kazyýet işinde iki hili çözgüt bolup biler diýip hasaplaýar. Birinjisi “yza süýşürilen deportasiýa” diýilýär, ýagny her üç aýda polisiýa hasabat bermeli bolýar. Ikinjisi: kazyýet işiniň syýasy äheňini göz öňünde tutup, goranmak tussag edilen adam üçin ynsanperwerlik statusyny almana çemeleşilýär : “Bu işiň syýasy häsiýete eýe bolandygyna ynanýaryn. Mundan öň Türkiýede beýle zat bolmandy, bir ýaş aýal awtoritar režime garşy çykmagy we şol bir wagtyň özünde-de türkmen konsullyk işgärleri "töhmetli" arza ýazýar. Stambulda beýle ýagadaý ozal bolmandy. ” Mälim bolşy ýaly, tussaglygyň ilkinji gününden Türkmenistanyň Stambuldaky konsullygy tarapyndan ähli aýyplamalar düýbünden ret edildi we türk häkimiýetleri hakykata göz ýetirip, argumentlere ynandylar. Ýigit Reýhanly, Taganowanyň işiniň migrasiýa merkeziniň ýerleşýän ýeri bolan Ankara iberilendigini habar berdi.
Mundan ozal 19-njy iýulda Stambulda 80-den gowrak türkmen aktiwistiniň türkmen konsullygynyň öňünde geçirilen ýygnakda tussag edilendigi habar berildi. Olardan käbir çeşmelere görä 18 adam, beýlekileriň pikiriçe, tussag edilenleriň ýarysyndan gowragynyň resminamalary dogry doldurylmandyr. Muňa garamazdan, diňe Taganowanyň işi we türkmen konsullygynyň teklibi bilen merkezde galypdy.
Türkmen Helsinki gaznasy tarapynda taýarlanylan hasabatda, türkmen diplomatlarynyň borçlaryny berjaý etmeýändigi sebäpli, Türkmenistanyň Migrasiýa kanunyny bozup, pasportyny uzaldyp ýa-da wiza uzaldyp bilmeýän ýa-da ýitirilenleriň ýerine täze pasport alyp bilmeýän ondan gowrak Türkmenistanyň watandaşy barada maglumatlar bar. Ýüzlenmeler häli-şindi dowam edýär.
Duersoltan Taganowanyň işiniň adaty iş däldigini ýene bir tassyklap bolar: migrasiýa merkezinde, Taganowadan başga-da, Türkmenistanyň 32 raýaty eýýäm boşadyldy, olara hem deportasiýa howpy abanýardy. Dursoltan bilen 7-nji awgustda habarlaşan ejesine: "Tutuş merkezde diňe men galdym" –diýip gürrüň berdi.
Adam hukuklary boýunça türkmen inisiatiwasynyň başlygy Farid Tuhbatullin, türkmen hökümetiniň ýurduň ilatyna degişli ynsanperwer, sosial, ykdysady we syýasy häsiýetli meseleler bilen iş salyşmaga ukypsyz diýip hasaplaýar. Munuň ýerine, hukuk goraýjynyň pikiriçe, kynçylyklaryň çözülmegini isleýänlere garşy göreşýär.
Tuhbatullin: "Türkmenistanyň hökümeti öz raýatlarynyň söz azatlygyna bolan hukuklaryny düýbünden äsgermezlik edip, nägileligini bildirýänleri ýurduň içinde we daşynda yzarlaýar" -diýdi.
Hronika Turkmenistana