Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Türkmen häkimýetleri Konstitusiýany bozýarlar.

Türkmen häkimýetleri Konstitusiýany bozýarlar.

Farid Tuhbatullin: Tebigy betbagtçylyk barada maglumatlary gizlemek bilen, türkmen häkimiýetleri Konstitusiýany bozýarlar.

Ynsan hukuklary guramasyna degişli bolan Türkmen Ynsan Hukuklary Inisiatiwasy guramasynyň başlygy bolan Farid Tuhbatullin Türkmenistandaky Adam Hukuklary Komissaryna (Ombudsmen) Ýazdursun Kurbannazarowa hat iberdi. Hatyň mazmunynda Türkmenistanyň häkimiýetleri 27-nji aprelde Lebap we Mary welaýatlarynda bolup geçen eýmenç tebigy hadysanyň heläkçilikleri, adam ýitgileri we ýetiren zyýanlary barada resmi häkimýetleriň dymýandygy barada ýazylan hatda bellenildi.

Ynsan hukuklaryny goraýjy öz hatynda bu maglumatlaryň gizlenmegi zerarly ejir çeken, ölen, ýaralanan we ýitirim bolan ýaşaýjylaryň takyk sanyny anyklamak, sebitiň ilatyna we infrastrukturasyna maddy taýdan zeper ýetmeginiň derejesini kesgitlemäge mümkinçilik bermeýändigini nygtaýar. Şeýle hem döwlet tarapyndan berlen (ýa-da berilmedik) kömek hakynda doly hasabat taýýarlap bolmaýandygy barada hatda bellenilýär.

Şeýlelik bilen, F.Tuhbatullin hökümetiň diňe bir Türkmenistanyň konstitusiýasyny däl, eýsem öz üstüne alan halkara borçlaryny hem bozýandygyny belleýär. Ombudsmeniň resmi ygtyýarlyklaryna laýyklykda özüne berlen mümkinçiliklerden peýdalanyp we netijeleri barada, has takygy aprel aýynda bolup geçen tebigy hadysanyň maglumatlaryny çap etmäge çagyrýar.

«Хроника Туркменистана»

Iň soňky habarlar

Параллельная конференция гражданского общества ОБСЕ 2023 г. в Северной Македонии, г. Скопье
Параллельная конференция гражданского общества ОБСЕ 2023 г. в Северной Македонии, г. Скопье
Azatlyk Radiosy   „Belli hukuk goraýjy Täjigül Begmedowa Türkiýeden deport edildi“
Azatlyk Radiosy „Belli hukuk goraýjy Täjigül Begmedowa Türkiýeden deport edildi“
YNSAN HAKLARYNY GORAÝJY TÄJIGÜL BEGMEDOWA TÜRKIÝEDEN DEPORT EDILDI. OŇA 5 ÝYL TÜRKIÝÄ GIRIŞI GADAGAN.
YNSAN HAKLARYNY GORAÝJY TÄJIGÜL BEGMEDOWA TÜRKIÝEDEN DEPORT EDILDI. OŇA 5 ÝYL TÜRKIÝÄ GIRIŞI...
Türkmenistanyň gümrükhanasy nämä "rugsat" berýär?/На что дает "добро" туркменская таможня.
Türkmenistanyň gümrükhanasy nämä "rugsat" berýär?/На что дает "добро" туркменская таможня.
 Azatlyk Radiosy  “Meni sem edip bilmezler”: Türkmen žurnalisti Ýewropa goýberilmezliginden soň
Azatlyk Radiosy “Meni sem edip bilmezler”: Türkmen žurnalisti Ýewropa goýberilmezliginden soň